Şu günler ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Etrabymyzdaky 14-nji orta mekdepde bolan wagyz-nesihat çäresi hem gyz maşgalanyň ahlak terbiýesine bagyşlanyldy. Oňa etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, mährem eneler we mugallymlardyr ýokary synp okuwçy gyzlar gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap häkimliginiň bölüm müdiri, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Aýsoltan Ymamgulyýewa, etrabyň ýaşaýjysy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Ogulgerek Şakulyýewa, 14-nji orta mekdebiň şepagat uýasy Dursun Akmyradowa, TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Sülgün Akmyradowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Dürli Setdarowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Tylla Rahmedowa, çykyş etdiler. Çykyşlarda maşgala mukaddesligi, gyz maşgalanyň ahlak terbiýesi, görüm-göreldesi, arassalygy hem-de köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň medeniýeti, milli el işleriniň gymmaty dogrusynda täsirli gürrüň edildi.
Şeýle hem bu ýerde ýaşlary gyzyklandyrýan durmuş meseleleri barada sowal-jogap alşyldy.
Myratly AMANNAÝEW.








