1-nji iýun - Çagalary goramagyň halkara güni
weather mary 33° C Mary
weather mary 33° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

1-nji iýun - Çagalary goramagyň halkara güni

32 01.06.2026

     Her ýylyň 1-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda geçirilen dabaralar hem ýokary ruhubelentlige beslenip, ol welaýatyň bagtyýar çagalarynda şatlykly duýgulary döretdi. Mary welaýat we Mary şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim hem-de Medeniýet müdirlikleriniň bilelikde gurnamaklarynda Mary şäherindäki “Bagtyýarlyk” seýilgähinde geçirilen dabara hem baýramçylyk gününde çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň tomus paslynyň ilkinji gününde geçirilen bu günki baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleri, mekdep okuwçylary hem-de welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň aýdym-saz toparlary bagy-bossanlyga bürenip şähere görk berip oturan döwrebap seýilgähe toý ýörişi bilen geldiler. Seýilgähiň dabaralar merkeziniň çaga dünýäsine mahsus owadan bezelen sahnasynda bu günki çagalaryň baýramy mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde welaýatyň etrapdyr-şäherleriniň çagalar sungat mekdepleriniň aýdym-saz, tans toparlary, şeýle hem çagalar baglarynda terbiýelenýän bagtyýar körpeleri döwrebap aýdym-sazly çykyşlaryny uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Asuda, parahat ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda erkana ösüp ulalýan bagtyýar çagalaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Watanmyzyň ösüşlerini, bagtly çagalygy, tebigat gözelliklerini hem-de tomus paslynyň şatlykly pursatlaryny wasp edip ýerine ýetiren göwün göteriji çykyşlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşy alyndy. Şatlyk-şowhuna beslenen bu dabaranyň dowamynda çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň çeper höwesjeňleriniň hem-de ýaş zehinli sazandalaryň dürli saz gurallarynda çalan hoş owazly nagmalary hem dabara aýratyn şowhun berip çagalaryň ýüreklerini galkyndyrdy. Ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesilleriň durmuşynda ýatda galyjy günleriň biri boljak bu günki baýramçylyk gününde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Mary şäher geňeşleriniň gurnamaklarynda “Bagt köşgi” dabaralar merkezinde hem-de welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinde, seýilgählerde, çagalar üçin niýetlenilen medeni-dynç alyş merkezlerinde geçirilen baýramçylyk dabaralary hem turuwbaşdan ruhy galkynyşa baý boldy. Dabaralaryň dowamynda sungata höwesek çagalar özleriniň döredijilik älemindäki ussatlyklaryny görkezip ýerine ýetiren aýdymdyr tanslary, dürli saz gurallarynda ýerine ýetiren şirin owazlary we çaga dünýäsine mahsus degişme sahnalary baýramçylyk çäresine gatnaşan bagtyýar körpeleriň şatlygyna şatlyk goşdy. Dabaralaryň geçirilýän ýerinde ýaş suratkeşleriň tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny şöhlelendirýän surat eserlerinden giň sergileriň guralmagam dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy. Watanymyzyň gelejegi hasaplanýan ýaş nesilleriň dünýä derejesinde ylym, bilim, terbiýe almaklary, erkana ösüp ulalmaklary ugrunda ýurdumyzda toplumlaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şeýle bolansoň bu günki baýramçylyk gününde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar oýnap-gülýän çagalaryň ýüz gözlerindäki şatlyk alamatlary olaryň asuda, erkana Watanymyza, mukaddes topragymyza, Hormatly Prezidentimize bolan buýsançlaryny aýdyňlygy bilen görkezdi. Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilen bu günki dabara gatnaşan bagtyýar çagalar özlerine döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

      Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Baş Bilim müdirlikleriniň gurnamaklarynda welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirlen baýramçylyk çäresi hem çaga dünýäsine mahsus şatlyk-şowhuna beslendi. Bu dabara welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim ulgamlarynyň we çagalar öýüniň işgärleri gatnaşdylar. Dabaradaky çykyşlarda çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli gutlaglar aýdylyp, ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleri we olaryň saglyklaryny goramak barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasy welaýat çagalar öýünde uly mähir we alada bilen gurşalýan körpeleriň we çagalaryň çaga kalplaryndan joşup çykýan çykyşlaryna beslendi. Şadyýan aýdymlarda we tanslarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrümiziň gül – gunçalary bolan çagalaryň bagtly geljegi hakynda edýän aladalary, bagtyýar çagalyk we çagalary goramagyň halkara güni giňden wasp edildi. Bagtyýar çagalaryň ajaýyp döwrümize mahsus ýerine ýetiren göwün göteriji çykyşlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşy alyndy. Çagalary goramagyň Halkara gününde gymmat bahaly sowgatlary ellerine alan bagtyýar körpeler özleri barada uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Dursun Ilbegiýewa.

Suratlar

8
8 11.06.2026
ÖSÜŞIŇ  KUWWATLY  GÜÝJI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär.  Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara guramalary we ylmy merkezleri bilen ylym hem-de ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ylmy önümçilige ýakynlaşdyrmakda öňde goýan wezipeleri alymlaryň işleriniň netijelerinde öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen giň gatnaşyklary ösdürmek meselelerini üns merkezinde saklaýar.  Ýurdumyzda ylmy-barlag institutlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýan bäsleşik taslamalary ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge we ylmy dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam edýär. Şeýle tagallalaryň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri netijesinde durmuşa geçirilýär. Munuň üçin hormatly Prezidentimize alkyşymyz egsilmezdir.  Goý, ylymlar dünýäsinde gulaçlap ýüzýän türkmen alymlarynyň, aýratynam, zehinli ýaşlaryň ýollary ak bolsun! Ylymlar günüňiz gutly bolsun, mähriban ildeşler!  Gunça ANNAMYRADOWA.

6
6 11.06.2026
12-nji iýun — Ylymlar güni

Ylym bilen meşgullanyp, onuň esasynda bir açyş etmegiň özi geljegimiziň açary bolup durýar. Çünki, ylmyň üsti bilen adamyň durmuşy özgerýär, döwrebaplaşýar. Ylmyň ýok ýerinde ýurt hem ösmeýär, adamlar hem kämilleşmeýär. Sebäbi ylmyň üsti bilen ençeme açyşlar edilýär. Dünýä ähmiýetli işleriň çözgüdini tapýan ylmy taslamalar ähli adamlar üçin örän derwaýys bolup durýar. Şol sebäpli bütin dünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda-da ylma uly üns berilýär.  Eziz Diýarymyzda ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ylmy-barlag institutlarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, şeýle hem ýylyň-ýylyna mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda ylmy-döredijilik, taslama, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşikleriniň geçirilmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Munuň özi ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge, ylmy dünýägaraýşyny we intellektual kuwwatyny ösdürmäge ýardam edýär.  Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilip geçilýär. Üstümizdäki ýylda-da bu senäniň şanyna ylmy-amaly, halkara maslahatlar geçiriler. Şeýle täsirli çärelerdir maslahatlara biziň welaýatymyzda-da giň orun berler. Şeýle-de, bu günde ylmy bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara Hormat hatlarydyr ajaýyp sowgatlar gowşurylar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň döwür bilen aýakdaş gitmegi, sowatly, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda irginsiz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Sülgün ŞADYÝEWA.

9
9 11.06.2026
Welaýat saýlaw topary täzeden döredilýär

Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde, syýasy ulgamy has-da kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyz bu günki gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Demokratik şertleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir raýatyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edil-meginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparynyň möhüm ähmiýeti bardyr.  Mälim bolşy ýaly, welaýat saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, welaýat saýlaw toparynyň täze düzümini döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Welaýat saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9 — 13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenildi. Raýatlar toparlary tarapyndan saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça raýatlaryň ýygnagyna degişli etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlar gatnaşdylar. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemäge bagyşlanan mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparynyň düzümine hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşyldy. Her mejlisde we ýygnakda welaýat saýlaw toparynyň düzümine kanunalaýyklykda diňe bir wekil, özi hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, guramaçy, işbaşarjaň adam hödürlenildi. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine saýlanan agzalar geljek bäş ýylyň dowamynda geçiriljek saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşarlar.  Gulälek GURBANGULYÝEWA.

7
7 08.06.2026
Galla  oragynda ýangyn  howpsuzlygy

 "Maru - şahu jahan" gazetiniň habarçysy B. Amanow welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Baýramaly etrap ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Döwlet AMANGYLYJOW bilen duşuşyp, galla oragynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — Galla oragynda däne ýygymyna gatnaşjak kombaýnlar ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryna laýyk getirilmelidir. Däne ýygnamaga gatnaşýan tehnikalaryň hemmesi ýangyn söndüriji enjamlar (2 sany ot söndüriji, 2 sany sübse, pil, keçe) bilen üpjün edilmelidir. Galla ýygnamaga gatnaşýan tehnikalaryň ählisi işe başlamazdan öň kärhanada düzülen ýörite iş topary tarapyndan ýangyn howpsuzlygy taýdan barlanmalydyr. Däne ýygymyna gatnaşýan tehnikalaryň sürüjileri bilen ýangyna garşy we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň kadalarynyň talaplary hakynda gözükdirme geçirilmegini guramaly. Gözükdirme tabşyrmadyk sürüjileri ýygyma goýbermeli däldir. Wagtlaýyn meýdan düşelgeler däne meýdanlaryndan, harmanlardan, küdelerden azyndan 100 metr uzaklykda ýerleşdirilmelidir. Meýdan düşelgeleri üçin saýlanyp alnan meýdançalaryň daş-töweregi 4 metrden az bolmadyk inlilikde sürülmelidir. Däne meýdanlarynda, hatda olaryň ýakyn ýerlerinde, şeýle hem saman üýşmekleriniň töwereginde çilim çekmek, ot bilen baglanyşykly işleri geçirmek gadagandyr. Kombaýnlaryň sürüjileri ertirlik, günortanlyk, agşamlyk naharlaryny bişirenlerinde, çaý gaýnadanlarynda ody açyk meýdanda ýakmak bolmaýar. Töweregi azyndan 15 metr giňlikde gury ot-çöpden arassalanan, ýarym metre çenli gazylan çukurda ýakmak maslahat berilýär.  Tehnikalaryň ýerleşdirilen ýerleri hapa-haşal gury ot-çöplerden arassalanmalydyr. Galla meýdanlarynda işleýän tehnikalary gözegçiliksiz galdyrmak gadagandyr. Däne saklanylýan ammarlaryň ýangyn howpsuzlyk ýagdaýlaryny hem berk gözegçilikde saklamalydyr. Olar ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri — çelekli suw, bedre, sübse, keçe, pil bilen üpjün edilmelidir. Ammar jaýlarynyň tok geçirip simleriniň talaba laýyk bolmagyny üpjün etmeli. Ammarlaryň çäginde ýangyna garşy niýetlenen suw howuzlary gurat we suwdan doly ýagdaýda saklanylmaly. Şeýlelik-de, ýangynyň döremegine sebäp bolup biläýjek zatlaryň hemmesiniň öňüni almak biziň borjumyzdyr. 

6
6 08.06.2026
Tomus  pasly  üçin  peýdaly  maslahatlar

Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmaly.  Tomus paslynda çagalara we gartaşan adamlara ir säher bilen 06.00 — 09.00-a çenli, öýlän sagat 18.00 — 21.00-a çenli gezelenç etmek maslahat berilýär. Daşaryk çykylanda Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmeli, ýaglyk örtünmeli, günden goraýan saýawanlary ulanmaly. Ýanyňyzda ýeterlikli mukdarda agyz suwunyň bolmagyny gazanmaly. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, zyýanly endiklerden daşda durmaly.  Günüň dowamynda pesinden 5-6 sany gök önümleri we miweleri kabul etmäge çemeleşmeli. Günüň dowamynda kabul edilýän nahar duzunyň 3-5 gramdan artyk bolmazlygyny gazanmaly.  Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary talaba laýyk berjaý etmeli.  Tomus paslynda şöhlat önümlerini we demir, aýna gaplara gaplanan önümleri ürç edip iýmekden saklanmaly. Günüň dowamynda gerekli mukdarda 1,5-2 litrden az bolmadyk arassa agyz suwuny kabul etmeli. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň   Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

6
6 08.06.2026
Gara  sazak

Bathyz belentliginde bitýän gara sazak selmeler maşgalasyna degişli bolan gyrymsy agaçdyr. Onuň boýy 7-8 metre ýetýär, takyr çägeli ýerlerde bitýär. Türkmenistanda sazagyň iki görnüşi bolup, olar ak we gara sazakdyr. Gara sazaga ojar hem diýilýär. Ol sazagyň has ýaýran görnüşidir. Sazak 15 — 20-nji fewralda gögerip başlaýar, mart-aprel aýlarynda gülleýär. Onuň gülleýän döwri 5 — 10 gün dowam edýär. Güýz aýlarynda tohumlaýar we tohumy 3 aýa çenli özünde saklanýar. Sazagyň gögerişi ýylyň ygally gelmegine bagly bolýar. Ol ýerasty suwuň ýakyn bolan ýerlerinde ösýär. Mart-aprel aýlarynda emeli usulda ekilýär. Gara sazak 50 — 70 ýyl, käbirleri 100 ýyla çenli ýaşaýar. Bu ösümlik her ýyl tohumlamaýar. Bathyz çägeliginde birinji ýyly haýal ösýär, soňky 5 — 6 ýylda ösüşi gowulanýar. Gara sazagyň güýçli köki bolup, ol 7 metre çenli çuňluga gidýär. Sazagy emeli usulda ekmek çägeli ýerleri berkitmekde gowy netije berýär. Gara sazak her hili howa şertlerinde hem gögerip, ösüp bilýär. Onuň gapdal kökleri bolmaýar. Ilkinji ýyllarda sazagyň tohumlamasy hem gowşak bolýar, 35 — 40 ýaşda köp mukdarda tohum berip bilýär. Gara sazagyň pürleri tutuş ýylyň dowamynda düýeler, dowarlar üçin iýmit bolup hyzmat edýär. Çöl ösümligi bolan sazagy emeli usulda ekmek tokaýlary döretmekde peýdalydyr. Türkmen tebigatynyň asyl durkuny saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Annamyrat JUMADURDYÝEW. 

2
2 08.06.2026
Halallyk  hikmeti  haýyrdyr (Rowaýat)

Bir hökümdaryň mahal-mahal eşigini üýtgedip, il içine aýlanmak edähedi bar eken. Bir sapar onuň ýoly ýorunjaly, mekgeli atyzlaryň üstünden düşýär. Guşluga çykan daýhanlar “Tanamadyk — sylamaz” edip, oňa çatmanyň agzyndan, köwüş bazaryndan ýer berýärler. Bugdaýyň yzyna mekge ekenler ýorunja eýesine degýärler: “Äl-aýt, içigaýnamaz ýigit ekeniň. Gumuny çykaryp, orup ýörşüňe, oragyň ujy bilen otabam gidýäň. Sen bu ýorunjany otap ýörşüňe, onunjy atyzy orup gutarýançaň, birinji atyzyň oruma gelýär. Beýdip ýörme-de, ýokarragyndan oraga-da, on goltuga derek, otuz goltugy bas araba, çykar bazara. Nädersiň, tüýüňi täzeläp, tünegiňi düzedip öýlenäýseň”. Ýigit: «Men emel edip topraga-da, ekine-de, alyja-da al salyp bilmen. Ýüzleý orsam ýorunja uçar, haşal goşsam alyjy nadyl bolar, kemhyzmat edip azabymy azaltsam, toprak arryklar. Bazara äkidip gazanjymyň ýaryny arabakeşe, ýaryny petekçä berenimden «Kem-kem muhur, mydam muhur edip” az-azdan baý aga eltip, azabymy özüme siňdirsem ýagşy» diýýär.  Hökümdar köşge gelip, baý aganyň gyzyna sawçy iberip, hälki ýigidi öýerýär. Ýylýarymdan soň patyşa ýene-de köne eşik geýip, ekinzarlyga gelýär. Görse ýigit ýorunjaly pelleriň içini miweli baglaryň nahalyndan doldurypdyr. Goňşulary bolsa kölegeden çykman ýene ýigide igenýärmişin: “A-how, bendäň çagasy, baýaňsoň bir ýat-da, ak öýde. Seni sogap üçin soltanyň özi öýeripdir-ä. Sen bolsa entegem ýagyrnyňy şorladyp, ot daşap ýörsüň”. Onda ýigit: “Bu zatlar nesibedir. Men öňem “Baý öýüne bereket” diýip, otumy şolara eltip, halal hyzmat görkezýärdim. Häzirem gaýnym bolan şol baý aga hyzmat edýärin. Ak öý bilen öý goşy bolsa gelnimiň rysgy. Meniň rysgal-döwletim şu atyzlaryň bir künjünde bolmaly. Ynha, baglar hasyla durup, miwe getirip, halka-da, hökümdara-da hezil berer” diýip, synçylyk bilen patyşany tanandygyny duýdurman, jogap berýär. Hökümdar ýigidiň akyllydan gelen azaballadygyna, halaldan gelen adyldygyna göz ýetirip, ony ene ýaba mirap belleýär. Ýigit bolsa hökümdara-da, halka-da, ene topraga-da halal hyzmat edip daýhançylygyny dowam edipdir.  Megerem, “Halal hikmeti haýyrdyr” diýen aýtgy şundan galan bolsa gerek. Taýýarlan Döwletmyrat JUMADURDYÝEW. 

9
9 07.06.2026
GÖÇME MANYLY SÖZ DÜZÜMLERI

Aýagy at, eli gamçy bolup ýör — galdaw adama aýdylýan jümle. Ýel atyna münüp, ýelbegeý donly barýar — merhumyň ahyrky ýoluna alnyp barlyşy.  Indew suwaran ýaly etdiň-ow — buýrulan işi amal etmän aldap ýören kişi. Indew diýen dermanlyk ösümlik bar. Ol suwsan wagty: “Ana, suw açdym, soňam: “Ana, bagladym” diýip, patdatlan bolsaň özi terlenip gidiberýärmiş. Çopan ýorgany — gyş aýlary sowuk gijelerde asmanda örýän ygalsyz ýuka bulutlar. Çopanlar şol bulutlaryň howanyň maýlamagyna täsir edýändigini aňypdyrlar. Şeýtanyň gözleri — düýeleriň daşyna agyl hökmünde gazylýan iki hatar çukurlar. Düýeler şol çukurlardan daşyna çykyp bilenok. Çolpyňa ilen zat bolmadymy? bu jümle awa gidip ýa-da bir zat getirmäge gidip, boş gelen adama aýdylýar. Çolpy — çybykdan örülen süzgüç. Ak iner çökmese, guba maýa gaýmaz — gar ýagmasa, ýeriň hasyly pes bolar.  Kör düýesi köprüden geçdi — gürrüňi edilýäniň öýlenendigini aňladýan söz.  Sapandan sypan ýaly — gaty howlugyp, ylgap gitmek.  Serpmeden gaýdan ýaly — tötänden şowsuzlyga uçramak. Taýýarlan Amanmyrat ÝAMADOW.

8
8 07.06.2026
Akyl söze gulak goýsaň...

Terbiýe meselesinde ata-babalarymyzdan miras galan pähim-paýhaslar, nakyllar we şahyrlarymyzyň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary tapylgysyz hazyna bolup durýar. Aryf şahyryň “Nesihatnama” kitabyndaky şu öwüt-nesihatlar hem hiç birimiz üçin artykmaçlyk etmese gerek.     Ýigidiň her ýerde lapy keç bolar, Dogan atly demir gala bolmasa.   *** Ýagşy iş gelmese eger eliňden, Ýagşy niýet dilde bar bolsa ýagşy.   *** Ýaby ýüwrüp, bedew bilen deň bolmaz, Haky köp ýat etseň, köňül zeň bolmaz.   *** Ýamanlary görseň, guş bolup gaçgyn, Ýagşylary satyn algyn pul bilen.   *** Her kim etse hyzmat pir-u-ussada, Elbetde, ýetişer maksat-myrada. *** Eý, musahyplar, ýaş oglan, Misli gyzyl güle meňzär.   *** Her daýhan ekse harbuza, Magşar güni soltan bolar.   *** Hergiz dönmäň dogry ýoldan, Pul-syrat inçedir gyldan.   *** Ýagşy söz dür bolar, bilen adama, Dür gadryn bilmäge adam gerekdir.   *** Asly päkize adamdan, Bir ýaman, ýowuz iş çykmaz.   *** Ýagşy bolsaň, ýatan ýeriň jennetdir, Ýaman bolsaň, ýatan ýeriň nar bolar.   *** Bimagny akmak adamyň, Pişesi melamat bolar.   *** Aşna tapdym diýip, köňlüň hoş edip, Dost bolmagyn, synaşmadyk ýat bilen. Toplan  Annamyrat BERDIMYRADOW.

9
9 11.06.2026
Welaýat saýlaw topary täzeden döredilýär

Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde, syýasy ulgamy has-da kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyz bu günki gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Demokratik şertleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir raýatyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edil-meginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparynyň möhüm ähmiýeti bardyr.  Mälim bolşy ýaly, welaýat saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, welaýat saýlaw toparynyň täze düzümini döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Welaýat saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9 — 13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenildi. Raýatlar toparlary tarapyndan saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça raýatlaryň ýygnagyna degişli etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlar gatnaşdylar. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemäge bagyşlanan mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparynyň düzümine hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşyldy. Her mejlisde we ýygnakda welaýat saýlaw toparynyň düzümine kanunalaýyklykda diňe bir wekil, özi hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, guramaçy, işbaşarjaň adam hödürlenildi. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine saýlanan agzalar geljek bäş ýylyň dowamynda geçiriljek saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşarlar.  Gulälek GURBANGULYÝEWA.

153
153 19.05.2026
Döwletimiziň mukaddes nyşanlary

Döwlet nyşanlarymyzy we Baş Kanunymyzy sarpalamak, olaryň many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna siňdirmek maksady bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmengala etrap merkezi kitaphanasaynyň bilelikde guramagynda «Döwletimiziň mukaddes nyşanlary» atly maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, harby gullukçylar, welaýatyň «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalary, Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji we 23-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda belent sepgitleri we watançylyk ýörelgelerini öz içine alýan birnäçe gymmatly çykyşlara giň orun berlip, onda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljan Paýzyýewa, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň serkerdesi Merdan Muhamow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa çykyş etdiler. Olar parahatçylygyň we durnuklylygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza goýulýan sarpanyň ýokarydygy, onuň giň many-mazmuna eýedigi, Baş Kanunymyzda bellenilýän her bir maddanyň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Ýaş jahankeşde» gurnagynyň ýolbaşçysy Gülnar Meredowanyň okuwçylarynyň döwlet nyşanlarymyzy, asuda we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly we joşgunly okap bermekleri gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Merjen ATAÝEWA.  

142
142 19.05.2026
Ýaşyl tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!

 Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanylyp, TAP-nyň welaýat, Mary şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda “Ýaşyl Tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň hünärmeni Näzik Mukymowa çykyş etdiler. Çykyş edenler eziz Watanymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli geçirilýän  baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähriban MUHAMMETMYRADOWA.  

149
149 19.05.2026
Goşa baýramyň joşguny

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu baýramçylygyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Toý lybasly meýdançadaky ýaşyl Baýdaklaryň buýsançly görnüşi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu sene mynasybetli bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.  Baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, şäher, etrap häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we buýsançly owazyň astynda Döwlet baýdagy galdyryldy. Baýdak galdyrmak dabarasynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, welaýat statistika müdirliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jumageldi Ataýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow çykyş etdiler. Çykyş edenler dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, ýetilen sepgitler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Soňra bu dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Aýparça AKYMOWA.

156
156 19.05.2026
Mukaddesliklere goýulýan belent sarpa

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň hem-de Mary  welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli, wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary we muzeý işgärleri uly ruhubelentlikde  gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza belent sarpa goýulýar we bu goşa baýramyň Diýarymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýan diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de  Hormatly Prezidentimiziň döwletli baştutanlygynda halkymyzyň milli öwüşginli medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny we  ýurdumyzda hereket edýän döwlet muzeýlerindäki gadymy türkmen taryhynyň öçmez syrlary bolan milli medeni gymmatlyklarymyzyň, taryhy tapyndylarymyzyň sanynyň barha artýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň geçmiş taryhyny, milli mirasyny gorap, geljekki nesillere miras goýmak, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watanymyzyň şöhratly taryhyna söýgi döretmek, şeýle-de, muzeý hünärmenleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabara gatnaşan bagtyýar adamlar asudalygyň we bagtyýarlygyň nyşany bolan, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyz,  dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir diýip ýürek buýsançlaryny belläp geçdiler. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we geljekki nesillere miras goýmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Aýnabat Annagurbanowa.

144
144 19.05.2026
Okuw maslahaty geçirildi.

    Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli okuw maslahaty geçirildi.Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat çäk birleşmeleriniň,pudaklaýyn geňeşleriniň we ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary,bölüm müdirleri,hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden adamlar maslahata gatnaşanlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutladylar.Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryny wagyz etmekde,ilkinji guramalaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Kärdeşler Arkalaşygy guramalaryna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, iş  tejribesini alyşmak barada hem aýratyn nygtalyp geçildi.Okuw maslahatyna gatnaşanlar Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işlerini özgertmekde amala aşyrýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

143
143 19.05.2026
Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir

    “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda, “Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher, etrap Geňeşleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda  “Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň işgärleri, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler we Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň  ähmiýeti we Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Nurjahan Mämmedowa.

135
135 19.05.2026
Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Her bir günümiz toý – baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Her ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçirilýär. Şu goşa mukaddeslige bagyşlanyp Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap etrap komitetleriniň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Parahatlyk nyşany sen baýdagym, adalat Kanunym köňül aýdymym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahatda edilen çykyşlarda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda hem buýsançly söhbet etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Nabat Atajanowa.

163
163 14.05.2026
Şanly  sene

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýeňişlere besleýän türkmen ili Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da bagtyýar ertirine barýar. Ajap eýýamymyzda toýlary goşa-goşadan gelýän halkymyz uly toýuna taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň buýsançly aýratynlygy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň berkararlygynda jemlenýänligindedir. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň berkararlygyny hukuk taýdan ykrar edip, ähli ugurlardaky ösüşlerimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrýar.   Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni gadymy türkmen halkynyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky wajyp hem-de aýgytly ädimi hökmünde taryha girdi. Bilşimiz ýaly, Konstitusiýamyz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Esasy Kanuny bolmak bilen, ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygynyň binýady bolup durýar. Onda döwletiň gurluşynyň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär.   Esasy Kanunymyzda Döwlet baýdagymyzyň Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlaryň biridigi bellenen. Döwlet baýdagymyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Merdana ata-babalarymyz şan-şöhrata beslenen gahrymançylykly asyrlary  aşyp, bu gün türkmen ili abraý-mertebesi dünýä dolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletine guwanýar we buýsanýar.  Güljeren MYRADOWA.

1646
1646 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1440
1440 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1696
1696 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1631
1631 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1581
1581 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1839
1839 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1370
1370 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1658
1658 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.