merw.news – Täzelikler Portaly
weather mary 30° C Mary
weather mary 30° C Mary

4
4 19.06.2025
Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda futbol boýunça ýaryş geçirildi

Şu günler welaýatymyzyň esasy şäheri bolan Mary şäherindäki “Merw” futbol meýdançasynda futbol boýunça ýaryşlar geçirilýär. Düýn Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryş hemmeler üçin diýseň gyzykly boldy.   Türkmenistanyň ýokary liga futbol toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda  “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Merw” hem-de Balkan welaýatynyň “Şagadam” futbol toparlary duşuşdylar.  Gyzgalaňly geçen ýaryşda iki toparyň oýunçylary hem özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde  “Şagadam” futbol topary “Merwi” 4:1 hasabynda utdy.

4
4 19.06.2025
Agyr atletikaçylarymyzyň üstünligi

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde tejribeli tälimçilerden tälim alýan türgenleriň sany ýylsaýyn artýar. Olar ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyryp, dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Sport mekdebimizde-de ýaşlaryň onlarçasy türgenleşip, etrap, welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda uly üstünlikleri gazanýarlar. Muňa agyr atletika boýunça Aşgabat şäherinde geçirilen ýaryşda türgenlerimiziň gazanan üstünligem şaýatlyk edýär. Agyr atletika boýunça Türkmenistanda birinjiligi almak ugrundaky ýaryşda-da türgen ýaşlarymyz gowy netijeleri gazandylar. Agyr atletikaçylarymyz Gülzada Berdimuhammedowa 1-nji, Bahargül Döwletowa 2-nji, Jeren Ýeňişowa we Rahat Kuwwadow 3-nji orunlara mynasyp bolup, toparymyzyň üstünligine saldamly goşantlaryny goşdular. Şatlyk DURDYGYLYJOW.

10
10 19.06.2025
Ýaş türkmenistanlylar — küşt boýunça halkara ýaryşyň ýeňijileri

18-nji iýunda paýtagtymyzda üç gün dowam eden küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, bu akyl-paýhas bäsleşigine Ýewropanyň, Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdy. Şol gün Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanynda halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabaranyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýaryşyň jemleri jemlenip, onuň ýeňijilerine medallaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýaryşa gatnaşan küştçüleriň görkezen oýunlary netijesinde olaryň toplan utuklary boýunça orunlar kesgitlenende, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş zehinli oglan-gyzlar aýratyn tapawutlanmagy başardylar. Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda rapid görnüşi boýunça umumy medal hasabyndan belli bolşy ýaly, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş küştçüler 3 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç, jemi 10 medal gazanyp, birinji orna mynasyp boldular. Şeýle-de ikinji orna 2 altyn, 2 kümüş, jemi 4 medal bilen Özbegistan Respublikasynyň, üçünji orna 1 altyn, 1 bürünç, jemi 2 medal bilen Gazagystan Respublikasynyň türgenleri mynasyp boldular. Halkara küşt ýaryşynyň blitz görnüşinde-de Türkmenistanyň küştçüleri birinji orny eýelediler. Ýaryşyň bu görnüşinde ýaş küştçülerimiz umumy medal hasabynda 4 altyn, 2 kümüş, 3 bürünç — jemi 9 medal gazanyp, bu oýunda zehin taýdan tapawutlanýandyklaryny subut etdiler. Blitz ýaryşynda ikinji orna 2 altyn we 1 kümüş gazanan Özbegistan Respublikasynyň, üçünji orna 3 kümüş we 2 bürünç medal gazanan Gazagystan Respublikasynyň küştçüleri mynasyp boldular. Şeýlelikde, sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda rapid we blitz görnüşi boýunça umumy medal hasabynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş, 6 bürünç — jemi 19 medal gazanyp, birinji orny eýeledi. Ikinji orna 4 altyn, 3 kümüş medal gazanan Özbegistan Respublikasynyň ýaş küştçüleri mynasyp boldular. 1 altyn, 3 kümüş, 3 bürünç medal gazanmagy başaran Gazagystan Respublikasynyň türgenleri bolsa üçünji orundan paýly boldular. Baýrakly orunlary eýelän zehinli küştçülere olaryň mynasyp bolan medallary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Daşary ýurtly myhmanlar Aşgabatda geçirilen ýaryşyň ýokary derejesini hem-de ony geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri uly guwanç bilen aýratyn nygtadylar. Günüň ikinji ýarymynda ýaryşa gatnaşyjylar Arkadag şäherine gelip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň öňünde surata düşdüler. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Soňra dabara gatnaşyjylar — Arkadag şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halkara ýaryşa gatnaşyjylar, Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri dabaranyň geçirilýän ýeri bolan “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanyna geldiler. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Aşgabat şäherinde küşt boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, bu bäsleşigiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň uly ähmiýetini bellediler hem-de küşt sportunyň ösdürilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Garaşsyz Türkmenistanda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalaryň röwşen geljegi, eşretli durmuşy, döwrebap bilim-ylym almagy, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi ugrunda uly işleriň amala aşyrylýandygyna üns çekildi. Çykyş edenler Aşgabatda geçirilen küşt boýunça halkara ýaryşyň sport diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň oňyn netijeler bilen begendirýändiginiň güwäsine öwrülendigini aýtdylar hem-de ýaryşa gatnaşyjylary bu sport çäresiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutladylar. Soňra sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Sowgatlar ýaryşa gatnaşan çagalaryň ýany bilen Aşgabada gelen olaryň ata-enelerine, tälimçilerine, lukmanlaryna, ýagny her ýurda wekilçilik eden toparyň ähli agzalaryna hem gowşuryldy. Soňra ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýlelikde, küşt boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

52
52 16.06.2025
Türgenlerimiziň üstünligi

Ýurdumyzda ilaty, öňi bilenem, ýaşlary bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmekde, sporty ösdürmekde gazanylýan üstünlikler döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Aýratynam, sporta höwesek ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy hemmeleri guwandyrýar. Biziň sport mekdebimizde-de ýaş türgenleriň ençemesi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, uly üstünliklere eýe bolýarlar.  Muňa golaýda welaýatda birinjiligi almak ugrunda etrabymyzdaky 1-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşyň netijelerem güwä geçýär. Bu ýaryş kýokuşinkaý karate boýunça geçirilip, oňa türgenler toparlarynyň 3-si gatnaşdy.  Ýaryşda etrabymyzyň türgenleri 1-nji orna mynasyp boldular. Şu üstünlige sport mekdebimiziň ezber türgenleri Gandym Saparmyradow, Diýar Sapargeldiýew, Baýram Batyrow saldamly goşantlaryny goşdular. Söhbet JUMABERDIÝEW.

35
35 15.06.2025
"Merw" "Ahal" bilen duşuşdy

Düýn Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda futbol ýaryşy mary şäherindäki “Merw” futbol meýdançasynda geçirildi. Onda “Merw” bilen “Ahal” topary duşuşdy. Köp sanly tomaşaçylary özünde jemlän sport meýdançadaky ýaryş çekeleşikli ýagdaýda bolup, onda her bir oýunçy özüniň erjelligini görkezdi. Netijede, oýun 2:1 hasabynda ýapyldy. “Ahal” topary “Merw” toparyndan üstün çykdy we ýeňiji bolmagy başardy. 

20
20 14.06.2025
Ýetginjekleriň arasynda futbol ýaryşy geçirildi

Düýn Mary şäherindäki “Merw” futbol meýdançasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda futbol boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş ýetginjekleriň arasynda bolup, onda “Merw-II” hem-de “Ahal-II” futbol toparlary duşuşdylar. Gyzgalaňly geçen ýaryşda iki toparyň oýunçylary hem özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda “Ahal-II” futbol topary “Merw-II-ni” 3:0 hasabynda utdy.

46
46 09.06.2025
Baýramçylyk şowhuny artdy

Şu gün ir säher bilen Mary şäheriniň Kemine, Gowşut han, Mollanepes köçeleriniň ugry bilen welosipedli ýöriş guraldy. Hatar gurap ýörişe gatnaşan welosipedli ildeşlerimiz bu ýerlerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara, ajaýyp tanslara, görkezme sport çykyşlarydyr maşklaryna ýolboýy syn etdiler. Şeýle täsirli çykyşlar welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň, Baş baýdagyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandy. Ýolboýy şäheriň ajaýyp binalarynyň öňünde guralan baýramçylyk konsertleri welosipedli ýörişe gatnaşyjylarda şatlyk duýgusyny döretdi. Sport tanslarydyr aýdymlary bolsa, hemmelere ruhy lezzet paýlady. Welaýat  häkimliginiň, edara-kärhanalaryň  ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, talyplaryň, türgenleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda guralan welosipedli ýöriş hemmeler üçin, diýseň, täsirli boldy.  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň ýanynda tamamlanan welosipedli ýöriş örän gyzykly geçdi. Ýörişiň tamamlanan ýerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar hemmeleriň kalbyny joşa getirdi.

301
301 24.05.2025
Türkmenistada 3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada aýdyldy. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezident hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününi dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýatlarda bedenterbiýe-sport çärelerine gowy taýýarlyk görmegiň we talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Taýýarlan: Abdyresul Hummiýew Wekilbazar etrap N1 sport mekdebiniñ grek-rim boýunça tälimçisi 

394
394 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

352
352 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

433
433 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

395
395 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

366
366 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

472
472 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

326
326 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

345
345 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.