Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak hem-de olary sporta çekmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle hem ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilip durulýar. Ýakynda şeýle ýaryşlaryň biri hem Mary etrabyndaky sport mekdebinde grek-rim göreşi boýunça welaýatyň açyk birinjiligini almak ugrunda geçirildi. Oňa 2009 — 2011-nji ýyllarda doglan türgenler gatnaşdylar. Gyzgalaňly we çekeleşikli geçen ýaryşa biziň sport mekdebimiziň hem grek-rim göreşi boýunça ussatlary gatnaşyp özleriniň başarjaňlygyny görkezdiler. Onda öz deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başaran mekdebimiziň türgenleri Sapa Parahadow, Jemşit Dörtgulyýew, Maksat Ataýew 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolan türgenlere welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy. Agajan ÇARYÝEW.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmek barada edýän aladalarynyň çäginde Mary welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde hem köp sanly sport bäsleşikleri geçirilip, olar ýokary ruhubelentlige beslenýär. Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary etrap geňeşiniň hem-de Mary etrabynyň Bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda sportuň küşt görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlary uly höwes bilen gatnaşyp olar özara bäsleşdiler. Sagdyn durmuş ýörelgelerine esaslanyp, bilim işgärleriniň arasynda geçirilen bu bäsleşik özüniň çekeleşikligi bilen tapawutlandy. Sporty köpçülikleýin herekete öwürmek, sportuň küşt görnüşini has-da kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen bu ýaryş has ussat türgenleriň birnäçesini ýüze çykardy. Ýaryşyň ýeňijilerine hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar ýurdumyzda sporty ösdürýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Toýmyrat GURBANOW.
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sporty ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda bu ugurda birnäçe işler alnyp barylýar hem-de ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin dürli görnüşli sport ýaryşlary yzygiderli gurnalýar. Mary welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Baýramaly şäher komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän 8 – nji sport mekdebinde sportyň Taekwon-do ITF görnüşi boýunça Mary welaýatynyň çempionaty geçirilip ol ýaryşlar özüniň netijeliligi bilen tapawutlandy. Ýetginjek türgenleriň arasynda geçirilen sport ýaryşynda türgenler sportuň ITF Taekwon-do görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Sportuň bu ugry boýunça ussat tälimçilerden tälim alýan ýetginjek türgenler bäsleşikde öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler. Dartgynly ýagdaýda geçen ýaryşda has erjellik görkezen türgenler ýeňiş gazandylar. Maýa Annadurdyýewa.
Ýakynda ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, olary sporta çekmek maksady bilen Baýramaly şäherindäki sport mekdepde welaýatyň birinjiligini almak ugrunda dzýudo boýunça ýaryş geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dzýudo ussatlary gatnaşdylar. Gyzgalaňly we çekeleşikli geçen ýaryşda dzýudoçylar özleriniň erjelliklerini görkezdiler. Ýaryşda biziň sport mekdebimiziň türgenleri Altyn Döwletowa, Muhammet Bäşimow öňdäki orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Netijede, ýeňiş gazanan welaýatymyzyň dzýudoçylaryna welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy. Parahat HALLYÝEW.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem dürli sport ýaryşlara giň gerim berilýär. Golaýda Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça toparlaryň arasynda Mary welaýatynyň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Mary şäheriniň 8-nji sport mekdebinde geçirilen bu ýaryşda türgenler woleýbol oýny boýunça özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Sagdyn durmuş ýörelgelerine esaslanyp guralan bu ýaryş örän çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Bu ýaryşda toparlar welaýatyň birinjiligini almak ugrunda bäsleşdiler. Gyzykly geçen woleýbol ýaryşy welaýatda sportuň bu ugry boýunça has ezber we güýçli türgenleriň bardygyny ýüze çykardy. Dursun ILBEGIÝEWA.
Golaýda TDP-niň welaýat komitetiniň TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligiň bilelikde guramagynda “Ýaşlary terbiýelemekde sportuň ähmiýeti” atly maslahat geçirildi. Oňa TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. «Mary» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda ýaşlaryň sport endikleriniň ösdürilmegi, kämillikleriniň we başarnyklarynyň artmagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler dogrusynda gürrüň edildi. Bu bolsa welaýatymyzda ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrjak ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmaga uly ýardam berýändigini nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda bagtyýar türkmen halkyny nurana geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Ogulşat BERKELIÝEWA.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportyny ösdürmek, onuň halkara abraýyny ýokary götermek ugrunda etýän aladalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikler döredilen. Şol amatly şertlerden ruhlanýan türkmen türgenleriniň dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp gazanýan üstünlikleriniň hoş habary ähli halkymyzy begendirýär. Dünýäde giňden ýaýran pähim-paýhas oýuny hasaplanýan sportuň küşt görnüşi boýunça Mary welaýatynyň türgenlerem halkara ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolýarlar. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hatarynda Mary welaýatyndan çykyş eden küştçüleriň ikisi Gyrgyzystan döwletiniň Çolpan-Ata şäherinde tamamlanan Küşdüň nusgawy görnüşi boýunça 8, 10, 12, 14, 16, 18 ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa çempionatynda üstünlik gazandylar. Mary welaýatyndan ýaşajyk küştçi Anna Çaryýewa iýul aýynyň 20-29-y aralygynda geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda birinji orny eýelemegi başardy. Ol altyn medaly gazanyp, Merkezi Aziýanyň çempiony diýen ada eýe boldy. Şeýle-de Mary welaýatyndan bu ýaryşda 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Alyhan Batyrow ikinji orny eýeläp kümüş medala mynasyp boldy. Ýaşajyk küştçüleriň ikisine-de Halkara küşt federasiýasynyň sport ussatlygyna dalaşgär diýen dereje berildi. Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň türgenleri, Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Anna Çaryýewa hem-de Mary şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Alyhan Batyrow ýaşlygyna garamazdan zehinlije küştçiler diňe bir welaýat, ýurt derejesindäki ýaryşlardan daşary hem halkara, Aziýa, Dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp öz tejribesini barha artdyrýarlar. Olar Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň eýesi Ejegyz Ýalkanowanyň halypalyk etmeginde küşdüň inçi syrlaryny ussatlyk bilen ele alýarlar. Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, tejribeli küştçi Anna Çaryýewa 2024-nji ýylda Taýland döwletinde geçirilen Aziýa çempionatynda hem ýurdumyza kümüş medal bilen, 2025-nji ýylyň aprel aýynda Gresiýa döwletinde küşdüň Rapid görnüşi boýunça geçirilen Dünýä çempionatynda bürünç medal bilen Watanymyza dolanandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabat şäherinde 8, 10, 12 ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen Halkara küşt ýaryşynda-da Anna Çaryýewa küşdüň blitz görnüşinde 8 ýaşly gyzlaryň arasynda Altyn medala, Alyhan Batyrow bolsa 12 ýaşly oglanlaryň arasynda rapid görnüşi boýunça kümüş medala eýe boldylar. Öz öňlerinde belent maksatlary goýýan ýaşajyk küştçiler we olaryň halypa tälimçisi ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler bu üstünligiň esasy başlangyjydygyny buýsanç bilen belleýärler. Watanymyzyň sport abraýyny ýokary götermekde, türkmen türgenlerine döredilýän bu giň şertler, berilýän goldawlar bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesi bolup durýar. Türkmen türgenlerine şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize Mary welaýatynyň türgenleri we tälimçileri tüýs ýürekden sag bolsun aýtýarlar. Geljegine uly umyt bildirilýän ýaşajyk küştçiler geljekde-de ýaşyl tugumyzy ýene belende götermegi maksat edinýärler. Gülnabat GÜLLEKOWA
Sport sagdyn durmuşyň gözbaşy bolup, ol ýaşlaryň berk bedenli, ruhubelent bolmaklaryna ýardam edýär. Mekdebimizde tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda türgenleriň onlarçasy ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar. Sport mekdebimizde agyr atletika, ýeňil atletika, woleýbol, futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, grek-rim göreşi, kýokuşinkaý karate, küşt boýunça türgenleşmäge mümkinçilikler bar. Türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda gazanýan üstünliklerem bizi guwandyrýar. Golaýda etrabymyzdaky 1-nji we 2-nji sport mekdepleriniň agyr atletikaçylarynyň arasynda ýaryş geçirildi. Bu bäsleşigiň maksady öňde durýan has jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görmekden ybarat boldy. Bäsleşik agyr atletikaçylaryň oňa kemsiz taýýarlykly gelendiklerine şaýatlyk etdi. Örän çekeleşikli geçen bäsleşik etrabymyzyň agyr atletikaçylarynyň ýeňiji bolmaga mynasypdyklaryny äşgär etdi. Muňa garamazdan, eminleriň gelen kararyna laýyklykda 2-nji sport mekdebiniň agyr atletikaçylary ýeňiş gazandylar. Nagmatmyrat GARAÝEW.
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri