Türkmenistanyň çilimkeşlige garşy halkara göreşiň öň hatarynda barýandygyna dünýä jemgyýetçiligi şaýatdyr. Ýurdumyzda bu babatda anyk işler amala aşyrylýar. Temmäki önümlerini mahabatlandyrmagyň, jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegiň gadagan edilmegi, halk köpçüliginiň arasynda guralýan çäreler (söhbetdeşlikler, duşuşyklar, surat we kitap sergileri, çykyşlar, ylmy maslahatlar) arkaly çilimiň adamyň saglygyna we durmuşyna ýaramaz täsir edýändigini düşündirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek çilimkeşlige garşy göreşde uly ähmiýete eýedir.
Zyýanly endikleriň, şol sanda çilimkeşligiň hem saglyga ägirt uly zyýan ýetirýändigi mälimdir. Çilim çekýän adamlarda ýürek-damar, nerw, görüş, eşidiş, dem alyş, aşgazan-içege ulgamlarynyň keselleri, howply täze döremeler köp duş gelýär. Öýkeniň howply täze döremelerine duçar bolan näsaglaryň 80 göterimi çilimkeşlerdir. Olaryň arasynda bogazyň, agyz boşlugynyň, gyzylödegiň, aşgazan asty mäziň, böwrekleriň, peşew haltanyň howply täze döremeleriniň ýygy duş gelýändigini ylmy maglumatlar görkezýär. Çilim adamyň diňe bir beden we ruhy saglygyna däl, eýsem, daşky keşbine-de täsir edýär.
Çilim çekýän adamyň derisi wagtyndan öň ýygyrt atýar, solýar, saçlary ir agarýar, dişleri zaýalanýar, üstünden mydama ýakymsyz ys gelýär. Çilim adamyň ömrüni gysgaldýar. Şonuň üçin zyýanly endiklerden daşda durup, saglygymyzy goralyň!
Ýusup ANNAÝEW.








