Häzirki wagtda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalaryna — Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly işler giň gerime eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 15-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipelere laýyklykda Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly çäreler durmuşa geçirilýär.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde şöhratly pederlerimiziň toplan baý tejribesine esaslanylyp, döwleti dolandyrmagyň demokratik, hukuk we dünýewi ýörelgeleri özünde jemleýän häzirki zaman syýasy-hukuk binýady döredildi. Netijede, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen halkyň jebisligini berkitmekde, ýurdumyzyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda we raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlener. Şeýle hem ösüşli döwrümiziň talaplaryndan ugur alnyp, geljekde öňümizde durýan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Häzirki wagtda partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary welaýatymyzyň telekeçileriniň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini geçirýärler. Olarda biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini, Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň eýeleýän wajyp ornuny düşündirýäris.
Myratgeldi ANNAÖWEZOW.








