SENIŇ HÜNÄRIŇ HAKDA
Her bir halkyň öz ýaşaýyş-durmuş şertlerine laýyk gelýän milli lybaslarynyň bolşy ýaly, keşdeleri, haly nagyşlary, el işleri bar. Pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz halkyň ruhy aýnasydyr, müdimilige öwrülen sungatydyr. Ol milletiň çeper aňyýetiniň ösüşini öwrenmekde ygtybarly çeşmedir. Türkmen halkynyň medeni däp-dessurlaryndan, edep-ekram kadalaryndan gözbaş alýan amaly-haşam sungatynyň birnäçe görnüşleri bar. Biz golaýda Mary etrabyndaky Adalat geňeşliginiň ýaşaýjysy Ogulşeker Galandarowa bilen duşuşyp, ondan mähir-yhlasyny siňdiren el işleri we onuň tärleri barada gürrüň bermegini soradyk. Şonda ol bize şeýle gürrüň berdi:
— Türkmen gyz-gelinleriniň dürli reňkli mata böleklerinden taýýarlaýan el işleriniň biri-de gurama işidir. Bu el işi mata bölejiklerinden çaga eşiklerini tikmäge, olary bezemäge, yrym-ynançlara uýmaga we tygşytlylyga itergi berýär. Ýurdumyzyň muzeýlerindäki eksponatlary synlanyňda, käbir zenan we çaga eşiklerinde gurama usulynyň köp ulanylandygyna göz ýetirýärsiň. Zenanlarymyz geçmişde milli lybaslarynyň ýeňlerinde, begeýikde, ýakanyň iki gapdalynda we arka tarapyndaky sanjaklarynda hem-de başatgyçlaryň, ýagny, kürtedir çyrpylarda gurama usulyny köp ulanypdyrlar. Mundan başga-da, bu aýratynlygy çaga eşikleri bolan kürtekçelerde, bezelen kirliklerde, gulakjyndyr tahýalarda görmek bolýar. Umuman aýdanymyzda, gurama türkmen maşgalasynyň durmuş hajatlary üçin ulanan el işleriniň biri bolupdyr. Olaryň bezeglerine ösümlikleriň şekilleri we haýwanlaryň, mör-möjekleriň aýak yzlary nagyşlanylyp salnypdyr. Häzirki döwürde olar akgaýma, suňşuk diýlip atlandyrylýar.
Guramalar birnäçe görnüşlere bölünýär we dürli atlar bilen, ýagny, “Çarhypelek”, “Durnahatar”, “Düýegözi”, “Günebakar güli”, “Byçgydiş” diýlip atlandyrylýar. Dürli reňkli mata bölekleri bir-birine sepleşdirilende ondan owadan, özboluşly nagyşlar emele gelýär. Bu ýerde ak mata bilen dürli reňkli matalar deň-derejede ulanylýar. Häzirki wagtda bolsa, reňkli, sütükli matalardan guralan guramalardan elbukja, darak bukjasy, ýorgan-düşekleriň ýüzleri, çaga sallançagynyň baglary, kirlikler, kürteler, saçak we horjun-çuwallar ýaly birnäçe zatlar tikilýär. Şol guralyp tikilen owadan önümlere bezeg berýän ak matalara reňkli mata bölekleri bilen emele getirilen göl “gaş” diýlip atlandyrylýar. Uly gaşly guramalaryň daşyndaky reňkli matalar biri-biri bilen sepleşdirilýär. Bu bolsa, gurama owadanlyk we gözellik berýär.
Ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarda-da guralýan amaly-haşam sergilerinde gurama önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Halkymyzyň asyrlarboýy nesilme-nesil dowam edip, kämilleşip sungat derejesine ýeten bu hünärine ösüp gelýän ýaş neslimizde uly hormat, isleg, söýgi döredilýär. Şeýle hem, bu hünäriň ýitip gitmezligi we kämilleşmegi üçin durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti uludyr. Sergilerde at torbalarynyň, ýapynjalaryň, eýerlikleriň, horjun-çuwallaryň, ak öýleriň gapylyklarynyň, tärimden asylýan bezeg torbalarynyň, çuwallaryň we başga-da, köp dürli gözellikleriň görkezilmegi gurama işleriniň kämilleşip, ösdürilýändiginden habar berýär.
Biz, enelere el hünärimizi dünýä ýaýmaga, ýaşlarda milli mirasymyza bolan söýgini artdyrmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.
Gürrüňdeş bolan Ogulşat BERKELIÝEWA.