Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen ene toprakdan bol hasyl almak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Agzybir ýer eýeleri “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” diýlişi ýaly, yhlasly idegiň oňat netije berýändigine iş tejribelerinde göre-göre gelýärler.
Üstümizdäki ýylyň bol hasyly üçin daýhan birleşigi boýunça 427 gektar ýerde gowaçanyň bol hasylynyň idegi ýetirilýär. Olar gowaça ekişini irki möhletde geçirip, kadaly gögeriş aldylar. Meýdanda ýerine ýetirilmeli işleriň ählisi hem zerur bolup durýar. Häzirki wagtda iri otlary aýyrmak, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle-de, gowaçalaryň bol hasyl toplamagy üçin olaryň uçlaryny çyrpmak işi geçirildi. Bu işler ekiniň hasyllylygyny has-da ýokarlandyrýar. Agrotehnikanyň talaplaryna görä, idegi ýetirilýän ekinler ýaşyl hatarlary bilen meýdany bezeýär. Hojalykda tejribeli, işine ezber pagtaçy kärendeçileriň birnäçesi bar. Olardan Merdan Sähetmyradow 4,5 gektar, Annageldi Babaýew 4,5 gektar, Tawus Agaýewa 7 gektar ýere eýelik etmek bilen öz kärdeşlerine görelde bolýarlar.
— Ekinde her bir ideg işini ünsden düşürmän ýerine ýetirmäge çalyşýan pagtaçy kärendeçilerimiz öňümizdäki möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna ykjam taýýarlyk görýärler. Bu bolsa ajaýyp güýz paslynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýunyň uludan belleniljek ýylynda zähmetsöýer daýhanlaryň harmanlarynyň has-da bereketli boljagyna ynam döredýär — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Annageldi Hajyýew gürrüň berýär.
Hojalygyň agzybir kärendeçileriniň ýetişen gowaçaly meýdanlaryny synlanyňda olaryň öňde goýan maksatlarynyň hasyl boljakdygyna ynamyň artýar. Biz hem zähmetsöýer daýhanlara işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








