Rysgal-bereketli topragymyzyň baýramy
Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna Mary welaýatynyň ekerançy daýhanlary, hasyl ussatlary-da oba hojalyk önümleriniň bereketli hasylyny öndürip, zähmet sowgatlary bilen geldiler. Welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary sahy topragymyzdan öndürilýän egsilmez rysgal-berekediň baýramy bolan Hasyl toýuny belent ruhda giňden belläp geçdiler.
Hasyl toýunyň welaýat derejesindäki baýramçylyk dabarasy «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki hem-de daş-töweregindäki bezemen toý meýdançasynda geçirildi. Hasyl toýunyň buýsançly dabaralary ir säherden Mary welaýatynyň bagtyýar raýatlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen dabaraly toý ýörişi bilen başlandy. Bu ýerde welaýatyň öňdebaryjy kärendeçilerine, ýer eýelerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy Hasyl toýunyň iň dabaraly pursatlary boldy.
Soňra welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň şu günki şanly toý mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly çykyşy ýaýbaňlandyryldy. Mary welaýat häkimliginiň, Agrar, Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň welaýat komitetleriniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen toý dabarasynda welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň saçaklarymyzyň rysgal-berekedi bolan ak bugdaýa, milli baýlygymyz «ak altyna» bagyşlap taýýarlan teatrlaşdyrylan çykyşy Hasyl toýunyň myhmanlarynyň el çarpyşmalary bilen garşy alyndy.
Soňra welaýat medeniýet müdirliginiň, welaýatyň etraplaryndan hem-de şäherlerinden gelen aýdym-saz, tans, halk döredijilik toparlarynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň belent heňlerde ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlary, joşgunly tanslary toý mähellesine egsilmez ruhy lezzet berdi. Şol aýdym-sazlarda, tanslarda hemişelik Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz, bagtyýar halkymyz, toprakdan ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürýän ussat ekerançylarymyzyň çekýän päk zähmeti, halkymyzyň dünýäde meşhur bolan milli gymmatlygy ahalteke bedewlerimiz, döwletimizi depginli ösdürip, täze belentliklere tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halk, döwlet hem-de bütin adamzat bähbitli belent tutumly işleri joşgun bilen wasp edildi.
Welaýatyň gaýtadan işleýän kärhanalarynyň öndürýän çörek we çörek önümleriniň, beýleki näz-nygmatlaryň, gök, bakja we miwe önümleriniň baý sergileri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bazarlarymyzda azyk bolçulygynyň döredilendiginiň aýdyň mysaly bolup, sergileri synlaýanlarda buýsanç duýgusyny döretdi. Hasyl toýuna gatnaşýanlar halkymyzyň amaly-haşam sungatyna, zergärçilige degişli sünnälenip ýasalan işlere, daýhançylyk gurallaryna, haly we haly önümlerine, muzeý gymmatlyklaryna, possundyr telpek ussalarynyň nusgalyk el işlerine gyzyklanma bilen syn etdiler. Welaýatdaky täze tehnologiýaly dokma kärhanalarynda öz pagtamyzdan öndürilen ekologiýa taýdan arassa önümlere, lybaslara, köýneklere sergide giň orun berlipdir.
Bu ýerde dikilen bezemen ak öýleriň daş-töwereginde, toý meýdançasynda medeniýet müdirliginiň halk döredijilik toparlarynyň çykyşlaram giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň bagşy-sazandalarynyň şirwan perdä galyp ýerine ýetiren aýdym-sazlary hemmelerde keýpiçaglygy döretdi. Döredijilik toparlarynyň halkymyzyň gadymdan gelýän milli toý dessurlaryny, edim-gylymlaryny, ýol-ýörelgelerini görkezýän çykyşlary, gelin-gyzlaryň hamyr ýugrup, pişme bişirip, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleri bilen meşgullanyp oturmaklary, possundyr telpek ýaly önümleri tikýän telekeçileriň işleriniň görkezilmegi Hasyl toýunyň dabarasyna millilik ruhuny çaýyp, hemmeleriň göwnüni göterdi. Hasyl toýunda ir ertirden atarylan toý gazanlarynda palaw, dograma we beýleki milli tagamlar taýýarlanyp, baýramçylyga gatnaşýanlara hödür-kerem edildi. Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky müdirliginiň guramagynda sportuň milli göreş, ýaglyga towusmak ýaly görnüşleri boýunça bäsleşikleriň, görkezme çykyşlarynyň hem tomaşaçysy köp boldy.
Hasyl toýunyň dabaralary soňra Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde dowam etdi. Bereketli topragymyzdan ýylyň-ýylyna bugdaýyň, pagtanyň, beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny öndürýän ussat ekerançylar, ýer eýeleri dabaranyň iň hormatly myhmanlary boldular. Dabarada welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi. Tanymal estrada aýdymçylarynyň belent heňlerde ýerine ýetiren aýdymlary hemmelere ruhy lezzet berip, baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda asuda, erkana Watanymyz, toprakdan dür öndürýän daýhanlaryň päk zähmeti, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan bedew batly ösüşler joşgun bilen wasp edildi. Bu ýerde gök, bakja, miwe önümleriniň, gaýtadan işleýji kärhanalar tarapyndan taýýarlanylan azyk önümleriniň baý sergisi hem dabara gatnaşýanlarda kanagatlanma duýgusyny döretdi.
Hasyl toýunda çykyş edenler milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan oba hojalyk ulgamyny depginli ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Sapardurdy ÝAÝLYMOW.