Ýeňişlidir dogýan günleň haýran edip çar ýany,
Ylham berýär bu gün dünýä Arkadagyň ak ýoly,
Gelejegiň ajaýypdyr nurlandyrar dünýäni,
Goý, güllesin uzap ýollaň, ajap şäher — Arkadag,
Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Şöhrat Size, Gahryman, eziz Arkadagymyz!
Bilbilleriň saýraşyp dur aşyk bolup gülüne,
Ýaş juwanlar toý toýlaýar, ak gül düşäp ýoluna,
Bagşy joşup dessan aýdýar buýsanyp ykbalyna,
Zamanamyň ak bagty sen, ajap şäher — Arkadag!
Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Şöhrat Size, Gahryman, eziz Arkadagymyz!
Ganat ýaýar asmanyňda ak kepderim erkana,
Ak ýollary geçip barýar zerin seçip çar ýana,
Akhan galýar çarpaýa, dünýä galýar haýrana,
Ak binalaň başy beýik, ajap şäher — Arkadag!
Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Şöhrat Size, Gahryman, eziz Arkadagymyz!
Agşamlaryň Aýy sensiň, ajap şäher —Arkadag!
Döwrümiziň sazy sensiň, ajap şäher —Arkadag!
Gözelligiň özi sensiň, ajap şäher — Arkadag!
Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Şöhrat Size, Gahryman, eziz Arkadagymyz!
Nurgeldi SÖÝÜNOW.








