“Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Diýarymyzy bagy–bossanlyga öwürmek maksady bilen ýurdumyzda bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda kabul eden Karary esasynda döwletimizde giň gerimde ýaýbaňlanan güýzki bag ekmek dabarasy Mary welaýatynyň hem ähli künjeginde ir säherden başlandy. Güýz paslynda bag ekmek boýunça welaýat derejesindäki dabara Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Mary etrabynyň “Adalat” geňeşliginiň çäginde Mary-Şatlyk awtomobil ýolunyň ýakasynda bag nahallaryny ekmeklige niýetlenen giň meýdanda geçirildi. Ýurdumyzy bagy – bossanlyga öwürmek baradaky asylly ýörelgelerden ugur alnyp geçirilen bu ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat Halk maslahatynyň agzalary,syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara – kärhanalaryň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ýolbaşçylary, bagçylyk pudagynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri,kümüş saçly mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň güýzki bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada beren gaýragoýulmasyz tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen bu ählihalk bag ekmek dabarasy Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň kalbynda ruhy galkynyşy döretdi we ol hakyky zähmet baýramçylygyna öwürilip, ýokary ruhubelentlige beslendi. Ata – babalarymyzyň bag ekmek ýaly sogaply işlerine, asylly ýörelgelerine eýerilip geçirilen bu ekologiýa çäresi üçin biziň howa we toprak şertlerimize durnukly bolan pürli baglaryň sagdyn nahallarynyň müňlerçe düýbi taýýar edildi. Welaýatyň ýaşuly nesilleriniň baş bolmagynda badalga berlen bag ekmek dabarasy ir säherden giň gerimde ýaýbaňlandy. Tutuşlygyna ekin meýdanyny gurşap alan adamlaryň her biri bag nahallaryny oturtmak bilen zähmetsöýerligiň ajaýyp nusgasyny görkezip, ýurdumyzy gür baglyga öwürmek, daşky gurşawy goramak ýaly asylly işlere öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Boz toprakly meýdanda bag nahallaryny ekýän adamlaryň zähmet joşgunynyň şatlyk – şowhuny uzaklara ýaň saldy. Ählihalk bag ekmek dabarasy gününde welaýatyň zähmetsöýer adamlarynyň çekýän yhlasly zähmetleri netijesinde purli baglaryň sagdyn nahallary oturdyldy. Altyn güýzüň hoştap howaly gününde ekilen bag nahallarynyň uzaklara uzap gidýän göni hatarlary töwerege görk berip, ozalky bar bolan baglaryň hem üstüni ýetirdi. Bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerinde guralan döwrebap aýdym – sazly çykyşlar hem dabara gatnaşanlaryň göwünlerini joşduryp, olara ruhy lezzet paýlady. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary, estrada aýdymçylary, tans toparlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus aýdym – sazlar bilen çykyş etdiler. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan çykyşlarda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy – bossanlyga öwürmekde alyp barýan dünýä nusgalyk rowaç işleri, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellikleri, “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyz joşgun bilen wasp edildi. Bu ýerede gurlan ak öýleriň töwereginde bagşy – sazandalaryň çykyşlary giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Eli hünärli ussalaryň ýasaýan oba hojalyk we daýhançylyk gurallarynyň, bagbanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilýän dürli görnüşli bag nahallarynyň sergilerem guralyp,olary hemmeler gyzyklanma bilen synladylar. Sergileriň dürli görnüşli gül çemenleri bilen bezelmegi dabara aýratyn bezeg berdi. Bu ýerde gyzykly çaga oýunlary bilen meşgulanýan bagtyýar körpeleriň şadyýan çykyşlary hemmeleriň kalbynda durmuşymyzyň bu gül-gunçalaryna bolan guwanç-buýsanjy artdyrdy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy – bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak, bag nahallaryny ekmek, olara göwnejaý ideg etmek ýaly möhüm işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Giň meýdanlarda ýaşyl bag zolaklarynyň döredilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda, daşky gurşawyň tämiz howasyny üpjün etmekde we onuň gözelligini baýlaşdyrmakda döwletimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň netijeleridir. Bu baglar geljekde bereketli topragymyzy gür saýaly, bagy – bossanly ýerleriň birine öwürer. Howanyň tämiz we arassa bolmagyna, tebigatymyzyň gül – gülzarlyga öwrülmegine öz täsirini ýetirer.Şu günki ählihalk bag ekmek dabarasyna Mary welaýatynyň ýaşaýjylary agzybirlikde gatnaşyp, at-baba gelýän bu sogaply işe öz mynasyp goşantlaryny goşdylar. Bag ekmek dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary daşky gurşawy goramakda, güneşli Diýarymyzy bagy – bossanlyga öwürmekde dünýä nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Çarymuhammet Saparow








