Gadymy merw — geçmişiň ýaňy
weather mary 9° C Mary
weather mary 9° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Gadymy merw — geçmişiň ýaňy

4 09.11.2026

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmeniň şöhratly taryhy düýpli öwrenilip, ol ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly göwrümli ylmy çeşme bolup hyzmat edýär.

Şäherleriň enesi — şalaryň ýüregi Maru — şahu jahan. Bu sözleriň heňinde soňlanmajak söýgi, buýsanç bar. Gadymy Mary topragym, seniň taryhyňda şöhratly sahypalar örän kän boldy. 

 Dünýä taryhynda öçmez yz goýan beýik Seljuklar nesliniň är gaýratly goç ogullary Togrul begdir Çagry beg, Alp-Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar... öz merhemetleri, sahawatlary, dogum-gaýratlary bilen Merwi paýtagt edinip, onuň adyny taryha ýazdylar.

 Gadymy Merwiň ýadygärlikler toplumy — Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Gyzlargala, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly şäher-galalar ata-babalarymyzyň gözel ömri, olaryň öçmejek ykbaly, adamzat durmuşyna beren maddy hem ruhy ezizlikleri bolup aklyňy haýrana goýýar. 

 Saragtyň binagärlik mekdebiniň uçurymy, ussat binagär Muhammet Ibn Atsyz tarapyndan gurlan beýik Seljuk Soltanlygynyň iň soňky hökümdary bolan Soltan Sanjaryň kümmeti özüniň haýbatly durky, arhitektura aýratynlygy, gözelligi, berkligi, nepis bezeg işleri bilen häzirki güne çenli, diňe bir öz raýatlarymyzy däl, eýsem, dünýä jahankeşdelerini, alymlary, arheologlary özüne çekýär. Şeýle-de, Uly hem-de Kiçi gyzgalalaryny synlanyňda, binagärlik sungatynyň orta asyrlar döwründe şeýle kämil derejelere ýetendigine göz ýetirýärsiň. Bu gadymy galalarda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan taryhy gymmatlyklar bolsa biziň mukaddes muzeýimizde ylmy maglumatlar arkaly sergi guralyp halka görkezilýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, muzeý gymmatlyklary geljekki nesillere ylym hem akyl emlägi bolup hyzmat edýär. Şeýle pursatlarda kalbyň joşýar:

 

Pederleriň geçen ömür ýoluny,

Kesek gatlarynda gizlär galalar.

Ýürek berip, gulak gerip diňleseň,

Uludan dem alyp iňlär galalar. 

 

Olar äwmez, göýä gerçek pälwan dek,

Howlukman, ýadaman syryny çözlär.

Ana, onsoň göz-gulaga öwrülip,

Öwrenseň ýüregiň törüni yzlar.

 

Pähime-paýhasa ýugrulyp köňül,

Çümer gider bu geçmişiň kölüne.

Ata-babaň geçen mukaddes ömrün,

Guýar otyr seň ýüregiň törüne!

 

 Beýik taryhy geçmişimizi öwrenmek, dünýä ýaýmak, ösüp gelýän nesillerimize ýetirmek işinde döredýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. 

  Dünýägözel GURBANJUMAÝEWA.

Suratlar

4
4 10.11.2026
Ýaşlar diplomatiýasy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň guraly

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda brifing duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda 2026-njy ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşyp, öňe süren halkara başlangyçlarynyň syýasy-ykdysady ähmiýetini, bu wakalaryň many-mazmunyny talyplara wagyz etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Parahatçylykly dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek işine ösüp gelýän nesli çekmegiň guraly hökmünde ýaşlar diplomatiýasyny düýpli ösdürmegiň zerurdygyna ynanýarys» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň arasynda pikir alyşmalar guraldy. Duşuşygyň dowamynda ýaşlar diplomatiýasynyň häzirki zaman dünýäsindäki ähmiýeti, halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, dost-doganlygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky orny barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle-de ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, dünýä döwletleri bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar, ýaş nesliň halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagy we bu ugurda döredilýän mümkinçilikler barada nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlar hem öz pikir-garaýyşlaryny beýan edip, parahatçylykly dialogyň, özara hormatyň we ynanyşmagyň jemgyýetiň ösüşindäki ähmiýetini bellediler. Şeýle çäreler ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, olaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegine hem-de halkara gatnaşyklaryna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam berýär. Ata Watanymyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi we dünýä derejesinde mynasyp orun eýelemegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan edildi. Ülker ORAZGELDIÝEWA.

3
3 10.11.2026
Ýaşlar – geljegimiziň daýanjy

Mary welaýat maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamyndaky çykyşlarda ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ýaş nesilde watansöýüjilik, ruhy-ahlak duýgularyny kämilleşdirmek, milli gymmatlyklarymyza uly hormat goýmak we ýaşlary päk zähmete ygrarlylyk ruhunda terbiýelemek ýaly möhüm meseleler dogrusynda durlup geçildi. Ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, kämil hünärli bolmagy ugrunda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. Çarymuhammet SAPAROW.

4
4 10.11.2026
Rysgal-bereketli topragymyzyň baýramy

Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna Mary welaýatynyň ekerançy daýhanlary, hasyl ussatlary-da oba hojalyk önümleriniň bereketli hasylyny öndürip, zähmet sowgatlary bilen geldiler. Welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary sahy topragymyzdan öndürilýän egsilmez rysgal-berekediň baýramy bolan Hasyl toýuny belent ruhda giňden belläp geçdiler. Hasyl toýunyň welaýat derejesindäki baýramçylyk dabarasy «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki hem-de daş-töweregindäki bezemen toý meýdançasynda geçirildi. Hasyl toýunyň buýsançly dabaralary ir säherden Mary welaýatynyň bagtyýar raýatlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen dabaraly toý ýörişi bilen başlandy. Bu ýerde welaýatyň öňdebaryjy kärendeçilerine, ýer eýelerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy Hasyl toýunyň iň dabaraly pursatlary boldy. Soňra welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň şu günki şanly toý mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly çykyşy ýaýbaňlandyryldy. Mary welaýat häkimliginiň, Agrar, Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň welaýat komitetleriniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen toý dabarasynda welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň saçaklarymyzyň rysgal-berekedi bolan ak bugdaýa, milli baýlygymyz «ak altyna» bagyşlap taýýarlan teatrlaşdyrylan çykyşy Hasyl toýunyň myhmanlarynyň el çarpyşmalary bilen garşy alyndy. Soňra welaýat medeniýet müdirliginiň, welaýatyň etraplaryndan hem-de şäherlerinden gelen aýdym-saz, tans, halk döredijilik toparlarynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň belent heňlerde ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlary, joşgunly tanslary toý mähellesine egsilmez ruhy lezzet berdi. Şol aýdym-sazlarda, tanslarda hemişelik Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz, bagtyýar halkymyz, toprakdan ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürýän ussat ekerançylarymyzyň çekýän päk zähmeti, halkymyzyň dünýäde meşhur bolan milli gymmatlygy ahalteke bedewlerimiz, döwletimizi depginli ösdürip, täze belentliklere tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halk, döwlet hem-de bütin adamzat bähbitli belent tutumly işleri joşgun bilen wasp edildi. Welaýatyň gaýtadan işleýän kärhanalarynyň öndürýän çörek we çörek önümleriniň, beýleki näz-nygmatlaryň, gök, bakja we miwe önümleriniň baý sergileri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bazarlarymyzda azyk bolçulygynyň döredilendiginiň aýdyň mysaly bolup, sergileri synlaýanlarda buýsanç duýgusyny döretdi. Hasyl toýuna gatnaşýanlar halkymyzyň amaly-haşam sungatyna, zergärçilige degişli sünnälenip ýasalan işlere, daýhançylyk gurallaryna, haly we haly önümlerine, muzeý gymmatlyklaryna, possundyr telpek ussalarynyň nusgalyk el işlerine gyzyklanma bilen syn etdiler. Welaýatdaky täze tehnologiýaly dokma kärhanalarynda öz pagtamyzdan öndürilen ekologiýa taýdan arassa önümlere, lybaslara, köýneklere sergide giň orun berlipdir. Bu ýerde dikilen bezemen ak öýleriň daş-töwereginde, toý meýdançasynda medeniýet müdirliginiň halk döredijilik toparlarynyň çykyşlaram giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň bagşy-sazandalarynyň şirwan perdä galyp ýerine ýetiren aýdym-sazlary hemmelerde keýpiçaglygy döretdi. Döredijilik toparlarynyň halkymyzyň gadymdan gelýän milli toý dessurlaryny, edim-gylymlaryny, ýol-ýörelgelerini görkezýän çykyşlary, gelin-gyzlaryň hamyr ýugrup, pişme bişirip, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleri bilen meşgullanyp oturmaklary, possundyr telpek ýaly önümleri tikýän telekeçileriň işleriniň görkezilmegi Hasyl toýunyň dabarasyna millilik ruhuny çaýyp, hemmeleriň göwnüni göterdi. Hasyl toýunda ir ertirden atarylan toý gazanlarynda palaw, dograma we beýleki milli tagamlar taýýarlanyp, baýramçylyga gatnaşýanlara hödür-kerem edildi. Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky müdirliginiň guramagynda sportuň milli göreş, ýaglyga towusmak ýaly görnüşleri boýunça bäsleşikleriň, görkezme çykyşlarynyň hem tomaşaçysy köp boldy. Hasyl toýunyň dabaralary soňra Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde dowam etdi. Bereketli topragymyzdan ýylyň-ýylyna bugdaýyň, pagtanyň, beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny öndürýän ussat ekerançylar, ýer eýeleri dabaranyň iň hormatly myhmanlary boldular. Dabarada welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi. Tanymal estrada aýdymçylarynyň belent heňlerde ýerine ýetiren aýdymlary hemmelere ruhy lezzet berip, baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda asuda, erkana Watanymyz, toprakdan dür öndürýän daýhanlaryň päk zähmeti, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan bedew batly ösüşler joşgun bilen wasp edildi. Bu ýerde gök, bakja, miwe önümleriniň, gaýtadan işleýji kärhanalar tarapyndan taýýarlanylan azyk önümleriniň baý sergisi hem dabara gatnaşýanlarda kanagatlanma duýgusyny döretdi. Hasyl toýunda çykyş edenler milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan oba hojalyk ulgamyny depginli ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Sapardurdy ÝAÝLYMOW.

1
1 10.11.2026
Güneşli Diýarymyz bagy-bossanlyga öwrülýär

“Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Diýarymyzy bagy–bossanlyga öwürmek maksady bilen ýurdumyzda bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda kabul eden Karary esasynda döwletimizde giň gerimde ýaýbaňlanan güýzki bag ekmek dabarasy Mary welaýatynyň hem ähli künjeginde ir säherden başlandy. Güýz paslynda bag ekmek boýunça welaýat derejesindäki dabara Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Mary etrabynyň “Adalat” geňeşliginiň çäginde Mary-Şatlyk awtomobil ýolunyň ýakasynda bag nahallaryny ekmeklige niýetlenen giň meýdanda geçirildi. Ýurdumyzy bagy – bossanlyga öwürmek baradaky asylly ýörelgelerden ugur alnyp geçirilen bu ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat Halk maslahatynyň agzalary,syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara – kärhanalaryň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ýolbaşçylary, bagçylyk pudagynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri,kümüş saçly mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň güýzki bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada beren gaýragoýulmasyz tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen bu ählihalk bag ekmek dabarasy Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň kalbynda ruhy galkynyşy döretdi we ol hakyky zähmet baýramçylygyna öwürilip, ýokary ruhubelentlige beslendi. Ata – babalarymyzyň bag ekmek ýaly sogaply işlerine, asylly ýörelgelerine eýerilip geçirilen bu ekologiýa çäresi üçin biziň howa we toprak şertlerimize durnukly bolan pürli baglaryň sagdyn nahallarynyň müňlerçe düýbi taýýar edildi. Welaýatyň ýaşuly nesilleriniň baş bolmagynda badalga berlen bag ekmek dabarasy ir säherden giň gerimde ýaýbaňlandy. Tutuşlygyna ekin meýdanyny gurşap alan adamlaryň her biri bag nahallaryny oturtmak bilen zähmetsöýerligiň ajaýyp nusgasyny görkezip, ýurdumyzy gür baglyga öwürmek, daşky gurşawy goramak ýaly asylly işlere öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Boz toprakly meýdanda bag nahallaryny ekýän adamlaryň zähmet joşgunynyň şatlyk – şowhuny uzaklara ýaň saldy. Ählihalk bag ekmek dabarasy gününde welaýatyň zähmetsöýer adamlarynyň çekýän yhlasly zähmetleri netijesinde purli baglaryň sagdyn nahallary oturdyldy. Altyn güýzüň hoştap howaly gününde ekilen bag nahallarynyň uzaklara uzap gidýän göni hatarlary töwerege görk berip, ozalky bar bolan baglaryň hem üstüni ýetirdi. Bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerinde guralan döwrebap aýdym – sazly çykyşlar hem dabara gatnaşanlaryň göwünlerini joşduryp, olara ruhy lezzet paýlady. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary, estrada aýdymçylary, tans toparlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus aýdym – sazlar bilen çykyş etdiler. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan çykyşlarda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy – bossanlyga öwürmekde alyp barýan dünýä nusgalyk rowaç işleri, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellikleri, “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyz joşgun bilen wasp edildi. Bu ýerede gurlan ak öýleriň töwereginde bagşy – sazandalaryň çykyşlary giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Eli hünärli ussalaryň ýasaýan oba hojalyk we daýhançylyk gurallarynyň, bagbanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilýän dürli görnüşli bag nahallarynyň sergilerem guralyp,olary hemmeler gyzyklanma bilen synladylar. Sergileriň dürli görnüşli gül çemenleri bilen bezelmegi dabara aýratyn bezeg berdi. Bu ýerde gyzykly çaga oýunlary bilen meşgulanýan bagtyýar körpeleriň şadyýan çykyşlary hemmeleriň kalbynda durmuşymyzyň bu gül-gunçalaryna bolan guwanç-buýsanjy artdyrdy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy – bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak, bag nahallaryny ekmek, olara göwnejaý ideg etmek ýaly möhüm işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Giň meýdanlarda ýaşyl bag zolaklarynyň döredilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda, daşky gurşawyň tämiz howasyny üpjün etmekde we onuň gözelligini baýlaşdyrmakda döwletimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň netijeleridir. Bu baglar geljekde bereketli topragymyzy gür saýaly, bagy – bossanly ýerleriň birine öwürer. Howanyň tämiz we arassa bolmagyna, tebigatymyzyň gül – gülzarlyga öwrülmegine öz täsirini ýetirer.Şu günki ählihalk bag ekmek dabarasyna Mary welaýatynyň ýaşaýjylary agzybirlikde gatnaşyp, at-baba gelýän bu sogaply işe öz mynasyp goşantlaryny goşdylar. Bag ekmek dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary daşky gurşawy goramakda, güneşli Diýarymyzy bagy – bossanlyga öwürmekde dünýä nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.                                                                                Çarymuhammet Saparow

15
15 10.11.2026
Parahatçylygyň we beýik ösüşleriň mekany

Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz bize asudalygy, parahatçylygy, bagtyýarlygy, sowulmaz bahary peşgeş berdi. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda, ýaşlaryň durmuşynda hem guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Şeýle ajaýyp öňegidişlikler hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesidir. Taryhy we şanly wakalara beslenýän her bir ýylymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ajaýyp şygar bilen atlandyrylýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynda hem uly many bar. Çünki, biziň Türkmenistanymyz bedew batly beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň we parahatçylygyň mekanyna öwrülen döwletdir.  Parahatçylygyň bar ýerinde bagtyýarlyk bar, bagtyýarlygyň bar ýerinde ösüş bar, ösüşiň bar ýerinde bolsa döwletlilik bar. Bu şanly ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýy ýurdumyzyň ähli künjeginde uly dabara bilen bellenilip geçildi. Toýy sowgatly garşylan bagtyýar halkymyz joşgunly, ruhubelent zähmet çekýär. Goý, taryhy ýyllaryň goýnunda ýaşadýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Gurbanmuhammet DIDAROW. 

13
13 09.11.2026
Bagtyýar ýaşlaryň buýsanjy

 “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyz ajaýyp ösüşleri bilen bedew batly öňe barýar. Eziz Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Berkarar döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň üstünlikli dowam edýändigini halkymyzyň bagtyýar durmuşynda görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir pudagynda ýokary netijeler gazanylýar. Biz — talyp ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikler döredilýär.  Halkymyzy şeýle bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýaşlar hakynda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Humaý JUMAGELDIÝEWA.

15
15 09.11.2026
Ýokary netijeler gazanylýar

Ajap eýýamymyzda ýurdumyzyň himiýa senagatyny durnukly ösdürmekde uly işler bitirilýär. Himiýa senagatynyň hereket edýän kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylyp, olaryň üsti öňdebaryjy tehnologiýaly täze döwrebap kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi bilen ýetirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda mineral dökünleri öndürmekde ýokary görkezijileriň gazanylmagyna ýardam edýär. Şu ösüşli depgin “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da rowaçlanýar.  “Maryazot” önümçilik birleşigimiziň zähmetsöýer adamlary şanly ýylymyzda mineral dökünleri öndürmekde belent sepgitlere eýe bolýarlar. Bölümleriň sazlaşykly işi, enjamlardan netijeli peýdalanylmagy birleşigimizde önüm öndürmekde bellenilen tabşyryklara abraý bilen hötde gelinmegine mümkinçilik berýär. Çylşyrymly tehnologiýaly önümçilikli kärhanamyzda howpsuz zähmetiň üpjün edilmegi hemişe derwaýyslygyna galýar. Önümçilik birleşigimiziň kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan işgärleriň iş şertlerini gowulandyrmak, howpsuz zähmeti gazanmak bilen bagly çärelere uly üns berilýär. Bu talap kärhanamyzyň önümçilik aýratynlygyndan gelip çykýar. Şonuň üçinem tehniki howpsuzlygyň, zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi ugrunda aladalanýarys. Işgärlerimizi has öndürijilikli zähmete höweslendirmegem, olaryň durmuş şertlerini ýokarlandyrmagam möhüm wezipelerimiziň biri. Özleri hakynda edilýän yzygiderli tagallalara işçilerimiz tutanýerli zähmet bilen jogap berýärler. Güljan SAPARDURDYÝEWA.

3
3 09.11.2026
Gadymy merw — geçmişiň ýaňy

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmeniň şöhratly taryhy düýpli öwrenilip, ol ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly göwrümli ylmy çeşme bolup hyzmat edýär. Şäherleriň enesi — şalaryň ýüregi Maru — şahu jahan. Bu sözleriň heňinde soňlanmajak söýgi, buýsanç bar. Gadymy Mary topragym, seniň taryhyňda şöhratly sahypalar örän kän boldy.   Dünýä taryhynda öçmez yz goýan beýik Seljuklar nesliniň är gaýratly goç ogullary Togrul begdir Çagry beg, Alp-Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar... öz merhemetleri, sahawatlary, dogum-gaýratlary bilen Merwi paýtagt edinip, onuň adyny taryha ýazdylar.  Gadymy Merwiň ýadygärlikler toplumy — Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Gyzlargala, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly şäher-galalar ata-babalarymyzyň gözel ömri, olaryň öçmejek ykbaly, adamzat durmuşyna beren maddy hem ruhy ezizlikleri bolup aklyňy haýrana goýýar.   Saragtyň binagärlik mekdebiniň uçurymy, ussat binagär Muhammet Ibn Atsyz tarapyndan gurlan beýik Seljuk Soltanlygynyň iň soňky hökümdary bolan Soltan Sanjaryň kümmeti özüniň haýbatly durky, arhitektura aýratynlygy, gözelligi, berkligi, nepis bezeg işleri bilen häzirki güne çenli, diňe bir öz raýatlarymyzy däl, eýsem, dünýä jahankeşdelerini, alymlary, arheologlary özüne çekýär. Şeýle-de, Uly hem-de Kiçi gyzgalalaryny synlanyňda, binagärlik sungatynyň orta asyrlar döwründe şeýle kämil derejelere ýetendigine göz ýetirýärsiň. Bu gadymy galalarda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan taryhy gymmatlyklar bolsa biziň mukaddes muzeýimizde ylmy maglumatlar arkaly sergi guralyp halka görkezilýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, muzeý gymmatlyklary geljekki nesillere ylym hem akyl emlägi bolup hyzmat edýär. Şeýle pursatlarda kalbyň joşýar:   Pederleriň geçen ömür ýoluny, Kesek gatlarynda gizlär galalar. Ýürek berip, gulak gerip diňleseň, Uludan dem alyp iňlär galalar.    Olar äwmez, göýä gerçek pälwan dek, Howlukman, ýadaman syryny çözlär. Ana, onsoň göz-gulaga öwrülip, Öwrenseň ýüregiň törüni yzlar.   Pähime-paýhasa ýugrulyp köňül, Çümer gider bu geçmişiň kölüne. Ata-babaň geçen mukaddes ömrün, Guýar otyr seň ýüregiň törüne!    Beýik taryhy geçmişimizi öwrenmek, dünýä ýaýmak, ösüp gelýän nesillerimize ýetirmek işinde döredýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.    Dünýägözel GURBANJUMAÝEWA.

4
4 09.11.2026
AJAP ŞÄHER — ARKADAG

Ýeňişlidir dogýan günleň haýran edip çar ýany, Ylham berýär bu gün dünýä Arkadagyň ak ýoly, Gelejegiň ajaýypdyr nurlandyrar dünýäni, Goý, güllesin uzap ýollaň, ajap şäher — Arkadag, Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Şöhrat Size, Gahryman, eziz Arkadagymyz!   Bilbilleriň saýraşyp dur aşyk bolup gülüne, Ýaş juwanlar toý toýlaýar, ak gül düşäp ýoluna, Bagşy joşup dessan aýdýar buýsanyp ykbalyna, Zamanamyň ak bagty sen, ajap şäher — Arkadag!  Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!  Şöhrat Size, Gahryman, eziz Arkadagymyz!   Ganat ýaýar asmanyňda ak kepderim erkana,  Ak ýollary geçip barýar zerin seçip çar ýana, Akhan galýar çarpaýa, dünýä galýar haýrana, Ak binalaň başy beýik, ajap şäher — Arkadag! Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!  Şöhrat Size, Gahryman, eziz Arkadagymyz!   Agşamlaryň Aýy sensiň, ajap şäher —Arkadag! Döwrümiziň sazy sensiň, ajap şäher —Arkadag! Gözelligiň özi sensiň, ajap şäher — Arkadag! Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Şöhrat Size, Gahryman, eziz Arkadagymyz!   Nurgeldi SÖÝÜNOW.

4
4 10.11.2026
Ýaşlar diplomatiýasy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň guraly

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda brifing duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda 2026-njy ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşyp, öňe süren halkara başlangyçlarynyň syýasy-ykdysady ähmiýetini, bu wakalaryň many-mazmunyny talyplara wagyz etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Parahatçylykly dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek işine ösüp gelýän nesli çekmegiň guraly hökmünde ýaşlar diplomatiýasyny düýpli ösdürmegiň zerurdygyna ynanýarys» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň arasynda pikir alyşmalar guraldy. Duşuşygyň dowamynda ýaşlar diplomatiýasynyň häzirki zaman dünýäsindäki ähmiýeti, halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, dost-doganlygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky orny barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle-de ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, dünýä döwletleri bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar, ýaş nesliň halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagy we bu ugurda döredilýän mümkinçilikler barada nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlar hem öz pikir-garaýyşlaryny beýan edip, parahatçylykly dialogyň, özara hormatyň we ynanyşmagyň jemgyýetiň ösüşindäki ähmiýetini bellediler. Şeýle çäreler ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, olaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegine hem-de halkara gatnaşyklaryna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam berýär. Ata Watanymyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi we dünýä derejesinde mynasyp orun eýelemegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan edildi. Ülker ORAZGELDIÝEWA.

15
15 10.11.2026
Parahatçylygyň we beýik ösüşleriň mekany

Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz bize asudalygy, parahatçylygy, bagtyýarlygy, sowulmaz bahary peşgeş berdi. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda, ýaşlaryň durmuşynda hem guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Şeýle ajaýyp öňegidişlikler hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesidir. Taryhy we şanly wakalara beslenýän her bir ýylymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ajaýyp şygar bilen atlandyrylýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynda hem uly many bar. Çünki, biziň Türkmenistanymyz bedew batly beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň we parahatçylygyň mekanyna öwrülen döwletdir.  Parahatçylygyň bar ýerinde bagtyýarlyk bar, bagtyýarlygyň bar ýerinde ösüş bar, ösüşiň bar ýerinde bolsa döwletlilik bar. Bu şanly ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýy ýurdumyzyň ähli künjeginde uly dabara bilen bellenilip geçildi. Toýy sowgatly garşylan bagtyýar halkymyz joşgunly, ruhubelent zähmet çekýär. Goý, taryhy ýyllaryň goýnunda ýaşadýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Gurbanmuhammet DIDAROW. 

13
13 09.11.2026
Bagtyýar ýaşlaryň buýsanjy

 “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyz ajaýyp ösüşleri bilen bedew batly öňe barýar. Eziz Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Berkarar döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň üstünlikli dowam edýändigini halkymyzyň bagtyýar durmuşynda görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir pudagynda ýokary netijeler gazanylýar. Biz — talyp ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikler döredilýär.  Halkymyzy şeýle bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýaşlar hakynda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Humaý JUMAGELDIÝEWA.

209
209 04.11.2026
Şanly ýylyň belent sepgitleri

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryny ýol-ýörelge edinýän türkmen halky eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýär. Zähmet ýeňişleri, taryhy wakalary bilen şöhratlanýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyzda-da tutanýerli zähmet joş urup, Garaşsyz döwletimiziň ösüşli menzilleri has-da abadan geljege uzaýar. Şanly ýylymyzda ýetilýän belent sepgitler, dabarasy dag aşan taryhy wakalaryň buýsançly ýaňy il-günümizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Ak şäherimiz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň dabarasy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de Hazar ekologiýa sammiti “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzyň taryhy wakalary bolup, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Üstünliklere beslenýän ýylymyzyň ýeňişli menzillerine goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Gurbangül MÄDENOWA.

234
234 02.11.2026
Halk bähbitli çözgütler

Ýakynda Ýolöten etrap medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigine bagyşlanylyp maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Jumanazar Jumamyradow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Akmuhammet Agajumaýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Orazgeldi Gylyjow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigi, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taryhy ähmiýetli çykyşy, milli demokratiýamyzyň döwrebap derejede kämilleşdirilişi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Toýly ANYŞOW.

228
228 01.11.2026
Milli buýsanjymyz döwlet goragynda

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi milli atçylyk medeniýetiniň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrýan möhüm waka boldy. Kabul edilen Kanunyň esasy maksady arassa ganly ahalteke bedewlerini we olaryň genofonduny gorap saklamakdan, baş sanyny artdyrmakdan, şejere ugurlarynyň dowamlylygyny üpjün etmekden hem-de milli atçylyk sungatyny ösdürmekden ybaratdyr. Her bir ahalteke bedewiniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy, Döwlet tohumçylyk kitabyna girizilmegi, çiplenilmegi we gelip çykyşynyň genetiki barlaglar arkaly tassyklanylmagy bu ugurdaky işleriň döwrebap esasda alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Ahalteke bedewiniň gymmaty onuň tohumçylyk aýratynlyklary bilen bir hatarda, onuň bilen baglanyşykly milli sungatda hem öz beýanyny tapýar. Seýisçilik, atlary bezemek, milli at şaý-seplerini taýýarlamak ýaly gadymy däpler halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Kanun bu däpleri gorap saklamaga, olaryň dowam etdirilmegine we seýisleriň hem-de atşynaslaryň işiniň goldanylmagyna hukuk esasyny döredýär. Milli mirasy goramakda ylym we döwrebap tehnologiýalar möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, Kanunda ahalteke bedewleri baradaky golýazmalaryň, taryhy ýazuw çeşmeleriniň we beýleki maglumatlaryň ýygnanylmagy, saklanylmagy we ylmy taýdan öwrenilmegi bilen bir hatarda, sanly maglumat gorlarynyň we beýleki innowasion ulgamlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu mümkinçilikler ahalteke bedewleriniň taryhyny we tohumçylyk maglumatlaryny bitewi ulgamda jemlemäge şert döreder. Kanun ýaş nesli milli atçylyk medeniýetine çekmek meselesine hem aýratyn ähmiýet berýär. Çagalaryň we ýaşlaryň atlara bolan söýgüsini we sarpasyny ösdürmek, bilim edaralarynda okuw-amaly sapaklary we gezelençleri guramak, şeýle hem atçylyk pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylmagy milli atçylygyň geljegine gönükdirilen möhüm ädimlerdir. Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak hem Kanunyň möhüm ugurlarynyň biridir. Halkara duşuşyklarynyň, ylmy maslahatlaryň, bäsleşikleriň we sergileriň geçirilmegi, daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk giňişligindäki ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat eder. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň halkara derejeli tohumçylyk kitabyny döretmek boýunça başlangyçlaryň goldanylmagy hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezýär. Täze Kanun şol beýik mirasyň ygtybarly döwlet goragyny üpjün edýän möhüm hukuk binýadydyr. Asyrlaryň jümmüşinden şu günlere gelip ýeten türkmen bedewiniň şanly ýoluny dowam etdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn! Maksat JANMYRADOW.

222
222 01.11.2026
Beýik tutumlar rowaçlyklara beslenýär

Parahatçylygyň we asudalygyň mekany hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylyny uly üstünliklere, taryhy wakalara besleýär. Biz ýap-ýaňy şanly senäni — beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny uly dabara bilen belläp geçdik. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ösüşiň şöhratly menzillerini geçdi. 35 ýyllyk döwre ser salanyňda, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, halkara derejesinde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende galdyrmak boýunça tutumly işleriň durmuşa geçirilendiginiň şaýady bolýarsyň. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni, jemgyýetçilik syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni taýdan dünýäniň iň çalt ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Myratgeldi ÇARYÝEW.

356
356 21.10.2026
Halal zähmet — hözirli geljek

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen has-da bagtyýar ertirine barýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýolunyň üstünliklere beslenmegine türkmen ýaşlary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bagtyýar ertirimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Şeýle ynam bolsa ýaşlarda ýokary borç duýgusyny döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmeklerine hemme mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Ýaşlaryň hukuklarynyň goralmagyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekde uly işler bitirilip, olaryň talaba laýyk dynç almaklary barada edilýän aladalaram guwanç duýgusyny döredýär. Ýaşlar barada edilýän şeýle tagallalar bolsa türkmen ýaşlaryny has-da döredijilikli zähmet çekip, ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmeklerine borçly edýär. Onsoňam, döwlet Baştutanymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýaşlar Watanymyzyň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir” diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şu ynamyň aňyrsynda ýokary jogapkärçilik durýar. Ýokary jogapkärçilikden ugur alýan ýaşlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemek ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Mähri TOÝLYÝEWA.

427
427 18.10.2026
Halk Maslahatynyň çözgütleri — ösüşiň ygtybarly kepili

       Baýramaly şypahanasynda Baýramaly şäher häkimliginiň hem-de Demokratik partiýanyň Baýramaly şäher we Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahat hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan ösüşlere we şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlandy. Ýaşuly nesliniň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu maslahatda  edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylýanlygy we şol möhüm işleriň halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilendigi dogrusynda buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle-de maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  diýarymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, milli mirasymyzyň ösdürilişi, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzda il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

2520
2520 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

2372
2372 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2591
2591 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2533
2533 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2436
2436 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2959
2959 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

2326
2326 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2723
2723 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.