Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen keşdeçilik sungatynyň nepisligi dabaralandy. Mary welaýatynyň merkezinde «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry we sergi geçirildi. Ýurdumyzda gadymy milli mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyz bolan el işleri sungatyny we keşdeçilik däplerini has-da ösdürmek, ýaş nesle ýetirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň merkezinde «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bäsleşigiň çäginde guralan giň gerimli sergi, şeýle-de bäsleşigiň dowamynda ýerli medeniýet we sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalaryň hem-de ýaş ýerine ýetirijileriň aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyrylyp, dabara aýratyn şowhun berdi. Bu bolsa welaýatyň medeni we ruhy durmuşynda hakyky baýramçylyk wakasyna öwrüldi. Welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaşlaryň, ussat keşdeçileriň we jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu dabarada halk döredijiliginiň hem-de amaly-haşam sungatynyň iň asylly nusgalary görkezildi. Bäsleşigiň sergisine welaýatyň etraplaryndan gelen ussat zenanlaryň we ýaş zehinlileriň taýýarlan ajaýyp keşde önümleri çykaryldy we olar şol önümleri bilen bäsleşige gatnaşdylar. Olaryň hatarynda milli donlar, tahýalar, kürteleme nagşy we kürteler ýer aldy. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, gatnaşyjylar öz hünär ussatlyklaryny, milli keşde çekmek sungatynyň inçe tilsimlerini, reňk utgaşyklaryny we gadymy ýörelgeleri bilmek derejesi boýunça ýüze çykaryldy. Zehini we ussatlygy bilen tapawutlanyp ýeňiji bolan çeper elli zenanlar emin agzalary tarapyndan bellenilip, jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar. Dabaranyň ahyrynda ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp, ýurdumyzda milli mirasymyzy we medeniýetimizi dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy. Ülker Orazgeldiýewa.








