Poeziýa dünýäsinde giňden tanalýan ussatlaryň eserlerini okanyňda, aklyňy haýran edýän setirler seni biygtyýar özüne çekýär. Kalbyň töründen orun alan eserleriň käbiri, hamana diýersiň, özüňe bagyşlanylyp ýazylan ýaly aňyňa ornaýar. Şygryýet äleminiň parlak ýyldyzlary, türkmeniň tanymal şahyrlary — Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Italmaz Akmyradow, Atajan Annaberdiýew, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow... ýaly ussat şahyrlar diňe bir halkymyzyň arasynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda-da uly meşhurlyk gazandylar. Bu halypalar bilen didarlaşan, egin-egne berip işleşen ussat şahyr hem žurnalist Hojaberdi Çaryýewe «hakdan içen şahyr» diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Çünki, halypanyň goşgulary ata Watanyňy şirin janyň deýin ezizlemegi, durmuşa söýgi bilen garamagy, ene-ataňy, öý-ojagyňy mukaddeslik saýmagy, yşka düşen ýürege teselli bermegi öwredýär. Onuň dürli temadaky çuň mana ýugrulan goşgulary ýaş žurnalist Kakajan Çaryýarowyň belleýşi ýaly, ykbal aýdymlarydyr.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Atamyrat Atabaýew döredijilik duşuşyklarynyň birinde: «Şahyr, ilki, özüni ýazýandyr» diýen pikiri orta atypdy. Hakykatdanam, şahyr eserleriniň köpüsinde özüni liriki gahryman hökmünde görkezýär. Hojaberdi halypamyz hem goşgularynyň aglabasynda özüniň geçen durmuş ýoluny, ykbalyny çuňňur beýan edýär. Şahyryň «Şäherde işleýän» atly goşgusynda şeýle täsirli setirler bar:
Şäherde işleýän telim ýyl bäri,
Şäherde geçirýän ömrüň deň ýaryn.
Ýöne her gün bu şäherden sogrulyp,
Obam, seniň gül goýnuňa eňýärin.
Hawa, 52 ýyldan gowrak wagt bäri biregne «Maru — şahu jahan» gazetiniň redaksiýasynda dürli wezipelerde zähmet çekip, obadan şähere gatnap ýören ussat şahyr hem-de žurnalist Hojaberdi Çaryýew 75 ýaşady. Halypanyň şu güne çenli eden işleriniň ählisi gazet bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, onuň döreden eserleri, makalalary, žurnalistika goşan goşandy biz üçin nusgalyk mekdepdir.
Halypa «Bosaga» atly goşgusynda durmuşyň bosagadan başlanýandygyny, onuň mukaddeslikdigini buýsanç bilen belleýär:
Aýak bitip ilki saňa büdredim,
Ilkinji sapagy şeýdip aldym men.
Senden ätläp alyslara ugradym,
Senden ätläp, alyslardan geldim men.
Ynsan ömrüniň iň ajaýyp pursatlaryny, dünýäniň hezilligini bir şygra sygdyran halypanyň «Hezillik» atly meşhur goşgusy hem ýüreklerde orun alan şygyrlaryň biridir:
Ýetmişden geçeňsoň hezil bu dünýä,
Päkligi kalbyňa oýkabermeli.
Öwüt-ündew berip ýaş-ýeleňlere,
Şer işe başyňy ýaýkabermeli.
Biz gazetimiziň döredijilik toparynyň adyndan halypany 75 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, geljekde-de, oňa alyp barýan işinde hem-de şygryýet äleminde uzak ýol arzuw edýäris.
Gazetimiziň şu sanynda bolsa şahyr Hojaberdi Çaryýewiň kärdeşlerine bagyşlap ýazan «Mähriban işdeşlerime» atly goşgusyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Meň siz bilen geçip gitdi ýaşlygym,
Meň siz bilen duz-çöregim gatyşdy.
Meň siz bilen herne barym-şatlygym,
Meň siz bilen ýolum ýola sataşdy.
Baryňam mähriban, baryňam eziz,
Biriňiz aga-ini, biriňiz uýam.
Size duşup, kynlyk göremok heniz,
Siz meniň daýanjym, söýenjim-gaýam.
Her gün öýden işe diýip howlukýan,
Her gün işden öýe diýip at salýan.
Şeýdip bu durmuşda tapanjalarmy,
Siziň bilen bölüşmäge gyssanýan.
Biz ýazýarys, iş edinip bu käri,
Biz ýazýarys, açyk kalbymyz-göwün.
Ýazyp bozup, ýazyp bozup, ahyry,
Ýüregmizem paýlap gutarys bir gün.
Kalbymyzda uly ile söýgi bar,
Elde galam, ylgap ýörüs gyşyn-ýaz.
Gör, ne ajap eken biziň bu ykbal,
Durmuş diýip men-ä size düşünýän.
Boş gezemzok, bir zatlar-a döredýäs,
Oklaýarys ile kalbymyz açyp.
Indi bu gün yzymyza seredýäs,
Halypalaň beýik ýoluny geçip.
Ýaşap ýörüs, hiç zadam ýok göwünde,
Şeýdip ömrüň geçjegini aňlaýan.
Bir gün gapy kakjak magşar gününde,
Sizden aýra düşjegime aglaýan.
Biz gideris, ýene ýaz ger däliräp,
Biz gideris, ýene tomus ot alar.
Asmanyň astynda, Ýeriň üstünde,
Belki, bizem biri ýadyna salar.
Häzir bolsa, joşgunly men, göçgün men,
Bireýýäm ýetmişden ötenem bolsam.
Ynha, size ýüregimi açdym men,
Bagyşlaň, öteräk gidenem bolsam!
Bahargül MEJIDOWA.








