Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça asylly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, ylmy barlaglary alyp barmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen kabul edilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ady agzalan Konsepsiýalara esaslanyp, ylymly, bilimli, ahlakly, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetleriň kemala gelmeginde mugallyma aýratyn orun degişlidir. Okuw-terbiýeçilik işini dogry guramakda milli ýörelgelere esaslanýan döwrebap usullardan peýdalanmak mugallymyň esasy wezipesidir. Mugallymçylyk käri hemişe öwrenmegi we kämilleşmegi talap edýär, çünki, mugallym adamyň ykbalyna, ýagty geljegine täsir edýän şahsyýetdir.
Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, biz — mugallymlar hemişe öz bilimimizi baýlaşdyrmalydyrys, öz-özümizi kämilleşdirmelidiris, ýaş nesle ylym-bilim we terbiýe bermek işine jogapkärli çemeleşmelidiris.
Miwe DURDYÝEWA.








