Güneşli Diýarymyzda maşgaladan gözbaşly nesil terbiýesi çagalar baglarynda, soňra bolsa orta mekdeplerde dowam etdirilýär. Şu meselede ylym-bilimiň, edep-terbiýäniň düýbi çagalar baglarynda tutulýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu möhüm wezipä iňňän uly ähmiýet berýär. Çagalar baglarynda oglanjyklardyr gyzjagazlar uly alada bilen gurşalyp, olaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmeklerinde netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Körpe nesil hakda edilýän ýadawsyz alada biziň çagalar bagymyzda-da guramaçylykly ýola goýulýar. Biz körpeleriň wagtlaryny hoş geçirmekleri ugrunda irginsiz alada edýäris. Terbiýeçiniň işinde sabyrlylyk, geçirimlilik, ýadamazlyk ýaly häsiýetler derwaýysdyr. Türkmen halk ertekileri çagalarda uly gyzyklanma döredip, olardaky gahrymanlaryň hüý-häsiýetleriniň üsti bilen körpelerde ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek bähbitlidir. Şol ertekileriň esasynda çagalaryň gatnaşmaklarynda guralýan gysgajyk sahnalaram körpelerde uly täsir galdyrýar. Çagalara okap, ýazyp, sanlary goşup-aýyrmagyň öwredilmegem olaryň ylym-bilime tarap ädimleriniň şowly bolmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Onsoňam, oglanjyklardyr gyzjagazlara goşgulary ýat tutup, aýdym aýtmagyň, tans etmegiň öwredilmegem çaga terbiýesinde wajyp wezipedir.
Şeýle hem körpelerimiz dürli ugurlar boýunça çagalar bagymyzda guralýan bäsleşiklerde uly höwes bilen çykyş edýärler. Şäher boýunça geçirilýän bäsleşiklere-de işjeň gatnaşýarlar. Galyberse-de, terbiýeçilik häsiýetli dürli oýunlaram körpelerimiziň wagtlaryny gyzykly geçirmeklerine mümkinçilik berýär. Ajap eýýamymyzyň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli mynasyp neslini kemala getirmekdäki yhlas-tagallalarymyzyň ýerine düşýändigi bizi täze sepgitlere ruhlandyrýar.
Mamajan AKYÝEWA.








