Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutuş ýurdumyz boýunça giň gerimde ýaýbaňlanan güýzki bag ekmek dabarasy Mary welaýatynyň hem ähli künjeginde ir säherden başlandy. Bag ekmek boýunça welaýat derejesindäki dabara Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Täze güýç” geňeşliginiň çäginde bag nahallaryny ekmeklige niýetlenen giň meýdanda geçirildi. Ýurdumyzy bagy – bossanlyga öwürmek baradaky asylly ýörelgelerden ugur alnyp geçirilen bu ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat Halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara – kärhanalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ýolbaşçylary, bagçylyk pudagynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy – bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak, bag nahallaryny ekmek, olara göwnejaý ideg etmek ýaly möhüm işler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Giň meýdanlarda ýaşyl bag zolaklarynyň döredilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda, tebigatyň tämiz howasyny üpjün etmekde we onuň gözelligini baýlaşdyrmakda döwletimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň netijeleridir. Ata – babalarymyzyň bag ekmek ýaly sogaply işlerine, asylly ýörelgelerine eýerilip geçirilen bu bag ekmek çäresinde biziň howa we toprak şertlerimize durnukly bolan türkmen arçalarynyň nahallary ekildi. Hormatly Prezidentimiziň güýzki bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada beren gaýragoýulmasyz tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen bu ählihalk bag ekmek dabarasy Mary welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň kalbynda ruhy galkynyş döretdi we ol hakyky zähmet baýramçylygyna öwrüldi. Welaýatyň ýaşuly nesilleriniň baş bolmagynda badalga berlen bag ekmek dabarasy giň gerimde ýaýbaňlandy. Tutuşlygyna ekin meýdanyny gurşap alan adamlaryň her biri bag nahallaryny oturtmak bilen zähmetsöýerligiň ajaýyp nusgasyny görkezip, ýurdumyzy gür baglyga öwürmek, daşky gurşawy goramak ýaly asylly işlere öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Bag nahallaryny ekýän adamlaryň zähmet joşgunynyň şatlyk – şowhuny uzaklara ýaň saldy. Ählihalk bag ekmek dabarasy gününde welaýatyň zähmetsöýer adamlarynyň çekýän yhlasly zähmetleri netijesinde bag nahallarynyň müňlerçe düýpleri oturdyldy. Bu günki ählihalk bag ekmek dabarasyna bagtly döwrümiziň bagtyýar ýaş çatynjalary şeýle-de welaýatyň köp çagaly eneleri hem uly höwes bilen gatnaşdylar. Güýz paslynda ekilen bag nahallarynyň uzaklara uzap gidýän göni hatarlary töwerege görk berip, ozalky bar bolan baglaryň hem üstüni ýetirdi. Bu baglar geljekde bereketli toprakda kök urup, bagy – bossanly ýerleriň birine öwrüler. Howanyň tämiz we arassa bolmagyna, tebigatymyzyň gül – gülzarlyga öwrülmegine öz täsirini ýetirer. Bag ekmek dabarasynyň geçýän ýerinde guralan döwrebap aýdym – sazly çykyşlar hem dabara gatnaşanlaryň göwünlerini joşduryp, olara ruhy lezzet paýlady. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary, estrada aýdymçylary, bagşy-sazandalary, tans toparlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus aýdym – sazlar bilen çykyş etdiler. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy – bossanlyga öwürmekde alyp barýan rowaç işleri, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellikleri, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz joşgunly wasp edildi. Hatar gurlan ak öýleriň töwereginde eli hünärli ussalaryň ýasaýan oba hojalyk we daýhançylyk hem-de zähmet gurallaryny, bagbanlaryň çekýän asylly zähmetleri netijesinde ýetişdirilýän bag nahallaryny, suratkeşleriň döreden eserlerini giňden beýan edýän sergilerem guraldy. Bu ýerde bagtyýar körpeleriň çaga dünýäsine mahsus oýunlara gümra bolmaklary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Bag ekmek dabaralary welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinde, döwrebap binalarynyň, edara – kärhanalarynyň, okuw jaýlarynyň daş – töwereginde hem guramaçylykly geçirildi. Bu möhüm çärä hemmeler işeňňir gatnaşyp, bag nahallarynyň müňlerçe düýplerini oturtdylar. Bu ýerlerde ozalky bar bolan baglary timarlamak we daş – töweregi abadanlaşdyrmak işlerine-de giň gerim berildi. Bag ekmek dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, daşky gurşawy goramakda, güneşli diýarymyzy bagy – bossanlyga öwürmekde alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Toýmyrat Gurbanow.








