Ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda gallaçylyga hem aýratyn üns berilýär. «Uly iliň soltany» hasaplanylýan bugdaý bizde altyndan arzyly görülýär. Bugdaý berekediň gözbaşy hasaplanylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyzyň gallaçylary 170 müň gektar ýerde bereketli galla hasylyny kemala getirdiler. Ýetişdirilen hasyla guwanýan kärendeçiler bugdaý oragyna guramaçylykly girişdiler. Gyzgalaňly dowam edýän möwsüme mehanizatorlar hem ykjam taýýarlyk gördüler. Çünki gallanyň wagtynda ýygnalmagy üçin hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp berýän kuwwatly kombaýnlaryna daýanylýar. “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynda kombaýnlar ýygymdan öň gözden geçirilip, oňa tejribeli mehanizatorlar berkidilýär. Şu günlerde mehanizatorlar iş çalşygy esasynda işläp, ýer eýeleriniň alkyşly sözlerine mynasyp bolýarlar. Ene ýere alyn derini siňdirýän kärendeçiler ýokary zähmet görkezijilerini gazanýarlar.
Welaýatymyzda bugdaý harmanynyň beýgelmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileriň ençemesi bar. Bagtyny toprakdan gözläp, guwandyryjy netijeleri gazanýan kärendeçileriň biri hem Baýramaly etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Goçguly Halykowdyr. Bu kärendeçi üstümizdäki ýylda 3 gektar ýerinde yhlasly zähmeti bilen bereketli bugdaýy ýetişdirdi. Alyn derini siňdirip ýetişdiren hasylyna guwanýan kärendeçi ýygym möwsümine ähli tarapdan taýýarlykly geldi.
Kesbinden kemal tapýan G. Halykow ene ýerden bereketli hasyl almaga, çekýän zähmetiniň miwesini görmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.