Golaýda Baýramaly etrabynyň merkezi kitaphanasynda ýokardaky at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony TMÝG-niň welaýat we Baýramaly etrap geňeşleri, Baýramaly etrap merkezi kitaphanasy bilelikde guradylar. Bu çärä atlary agzalan guramalaryň we merkezi kitaphanaçysynyň işgärleri we okyjylar gatnaşdylar.
Işjeň ýagdaýda geçen duşuşykda Baýramaly etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Mähri Geldiýewa, TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Azat Muhiýew, şu kitaphananyň kitaphanaçysy Ejegyz Sopyýewa çykyş etdiler. Duşuşykda çykyş edenler ýaňy başlanan At ýylynyň şygarynyň ýerine düşendigini nygtap, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda öňümizde wajyp wezipeleriň durýandygy, şol wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin has tutanýerli zähmet çekmelidigi barada durup geçdiler. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň durmuşa geçirilmeginde türkmen ýaşlarynyň saldamly goşandynyň bolmalydygy dogrusynda durup geçdiler.
Maksat BÄŞIMOW.








