Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynyň Mary etrabynda hem ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Bedew batly at myradyň mekany” ýyly mynasybetli ”Ýylymyzyň şygary kalbymyzyň kelamy” aýdym – sazly medeni çärelere giň gerim berilýär. Mary welaýatynyň Mary etrabynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary etrap geňeşiniň,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary etrap komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda hem maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Mary etrabynyň medeniýet öýünde geçirilen bu çärä Medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleriniň ak sakally il ýaşulylaryň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatyň dowamynda Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüni, il – halk, döwlet bähbitli rowaç işlerini wasp edip sag bolsunlaryny aýtdylar.
Suwhan Kulyýew.








