Ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda taýsyz tagallalar edilýär. Ajaýyp zamanamyzyň goýnunda önüp-ösüp, bagtly çagalygyň hözirini görüp ýaşaýan ýaş nesillerimiziň yhlasly okamagy, bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, geljekde Watanymyzyň abraý-mertebesiniň arşa göterilmegi üçin bar yhlasyny gaýgyrmajak zehinli ýaşlarymyzyň biri hem Mamajan Hommadowadyr.
Mamajan şu ýyl Sakarçäge etrabyndaky takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlady. Ol orta mekdebi oňat bahalar bilen okady we himiýa, biologiýa dersleri bilen içgin gyzyklandy. Mamajan kiçilikden ejesiniň hünärini dowam etdirmegi isläp, lukman bolmagy arzuw edýär. Şol maksat bilen ol himiýa, biologiýa dersleri bilen baglanyşykly dürli kitaplary okamagy, adam anatomiýasyny içgin öwrenmegi gowy görýär.
Maksada okgunly Mamajan mekdep ýyllarynda okuwçylaryň, arasynda geçirilýän ders bäsleşiklerine, şeýle-de, internet olimpiadalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başardy. Mundan başga-da, Mamajan Hommadowa “Boýdäne ösümliginiň antidiabetiki täsiri” atly tema boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama bäsleşigine gatnaşyp, onuň welaýat tapgyrynda 1-nji, döwlet tapgyrynda bolsa 2-nji orunlary eýelemegi başardy. Şeýle hem M. Hommadowa “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda himiýa dersinden geçirilen bäsleşikde 2-nji orna, şu ýyl ýokarda ady agzalan ýokary okuw jaýy tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda guralan Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginde 1-nji orna hem-de altyn medala we ýene şol uniwersitetiň “Boýdäne ösümliginiň antidiabetiki täsiri” atly taslama bäsleşiginde höweslendiriji baýraga hem-de orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Oba hojalyk ylmy: geljek ýaşlaryň elinde” atly ylmy bäsleşikde 2-nji orna mynasyp boldy.
Mamajan jigimiziň geljekde uly abraýyň eýesi bolup, ata Watanymyzyň ösüşine özüniň şahsy goşandyny goşjakdygyna berk ynanýarys. Gadamyň batly, ýoluň ak bolsun, Mamajan!
Sülgün ŞADYÝEWA.