Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy sentýabr aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäginde dürli çäreler guramaçylykly geçirilýär. Bu bir aýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça Mary welaýatynyň ähli etrapdyr-şäherlerinde, edara-kärhanalarynda, okuw jaýlarynda wagyz-nesihat çäreleri, okuw sapaklary geçirilýär. Şeýle guramaçylykly wagyz-nesihat çäresi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary şäher komitetiniň gurnamagynda welaýat polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary şäher komitetiniň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler raýatlaryň ýollarda awtoulaglar we pyýadalar bilen hereketiň sazlaşygyny giňden beýan edýän we howpsuz hereketi ündeýän şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan belent maksatly işleri dogrusynda çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýle-de bu ýerde çykyş edenler ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup jemgyýetimize gerekli, Watanymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini nygtadylar.
Maýa ANNADURDYÝEWA.








