Dorag bedeniň saglygy üçin peýdaly süýt önümleriniň biridir. Ol beloklara, ýaglara, minerallara we witaminlere örän baýdyr. Dorag esasy süňkleri we dişleri berkidýär. Onuň düzümindäki kalsiý we fosfor süňk dokumasynyň sagdyn bolmagyna ýardam edýär. Ol beden ösüşini goldamak bilen, ondaky beloklar beden ösüşine, esasan-da, çagalaryň we ýetginjekleriň dokumalarynyň täzelenmegine gowy täsir edýär.
Ýürek we gan-damar keselliler üçin doragyň peýdasy uludyr. Onuň düzümindäki mikroelementler ýüregiň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär. Bulardan başga-da, dorag aşgazan-içege ulgamy üçin hem peýdalydyr. Ol ýeňil siňýän önüm bolany üçin madda çalşygyny gowulandyrýar.
50 ýaşdan uly adamlara her gün irden 100 — 150 gram dorag iýmek maslahat berilýär. Umuman, uly ýaşly adamlar üçin dorag iýmek örän peýdalydyr. Sebäbi, ol suwuklygy saklaýar. Doragyň ýokumlylygyny artdyrmak üçin ony gök otlar we miweler bilen garyp iýmek maslahat berilýär.
Göwher HYDYROWA.








