Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde telekeçiligi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen döwletimizde hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak barada edilýän aladalardan ruhlanyp zähmet çekýän Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çäginde ýerleşýän “Ak öý” haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanasyny hem ýurdumyzda konditer önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürmekde öndürijilikli işleýän kärhanalaryň hatarynda görkezmek bolar. Önümçilik binýady barha kämilleşýän bu kärhanada halkymyzyň azyk önümlerine bolan ösen isleglerini nazara almak bilen lezzetli kökeleriň birnäçe görnüşlerini öndürmek işleri ýola goýulýar. Bu ýerde dürli görnüşli konditer önümleri bolan kökeleriň 10-dan gowrak görnüşleri öndürilip, içerki bazarlarymyzda mynasyp orun berilýär. Kärhanada öndürilýän keks, krausan, ekler, keta we guradylan çörek ýaly birnäçe görnüşli önümler ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrýar. Karamel, dürli miwe tagamly mürepbeler, krem we birnäçe goşmaça tagamlar bilen öndürilýän konditer önümleri hil babatda hem özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Kärhananyň zähmetsöýer işgärleriniň günde 1 tonna barabar önüm öndürmekleri hem öndürüjilikli zähmet çekmekde üstünlügiň aýdyň nyşany bolup durýar. Bu ýerde önümçilik üçin zerur bolan çig mallary ýerli bazardan üpjün edilýär. Turkiýe döwletiniň enjamlary arkaly taýýarlanylýan bu ýokary hilli, talaba laýyk önümler halkymyz tarapyndan içerki bazarlarymyzda uly isleglere eýedir. 2023-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýän bu kärhanada zähmet çekýänleriň aglaba bölegi ýaşlar bolmagy hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara işlemäge, dürli kärlerde zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň agzalarynyň bu kärhanada yzgiderli wagyz - nesihat çärelerini geçirmeklerini hem bellemek bolar. Kärhananyň işçileri ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde alyp barýan döwlet bähbitli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.