Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Baýramaly dokma toplumy döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän pudagy bolan dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Kärhanada “Merw” haryt nyşany bilen öndürilýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsleşige ukyply önümlere bu gün içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.
Baýramaly dokma toplumynyň işgärleri “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda giňden belleniljek döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylyklarynyň hormatyna häzir öz zähmet gadamlaryny has-da batlandyrýarlar. Dokma toplumy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içgi bazarda senagat önümleriniň bolçulygynyň emele getirilmeginde möhüm orun eýeleýän kärhanalaryň biridir. Döwletimiziň ussat pagtaçy daýhanlarynyň päk zähmeti bilen öndürilýän pagta süýümi kärhananyň önümçiligi üçin çig mal bolup hyzmat edýär.
Kärhananyň Ýaponiýa döwletiniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýüplük önümçiligi bölüminde pagta süýümi dünýä tehnologiýasynda gaýtadan işlenilip, sekizlik, onluk, on ikilik, on altylyk belgili ýüplükler öndürilýär. Bu ýerde täze tehnologiýaly enjamlara ussatlyk bilen erk edýän ýaş dokmaçylaryň uly topary zähmet çekýär.
Şu günki günde dokmaçy hünärmenleriň we işçileriň 860-dan köpräginiň zähmet çekýän ýeri bolan bu toplumyň dokma önümçiligi bölüminde ýokary hilli matalar dokalýar. Şol matalar bolsa soňra boýag önümçiligi bölüminde kämil tehnologiýaly enjamlaryň kömegi arkaly boýalyp, guradylyp, taýýar edilýär. Kärhananyň tikinçilik bölümi ussat halypa hem ýaş tikinçileriň jemlenen ýeridir. Bu ýerde tikilip, taýýar edilen önümleriň ýüzüne awtomatlaşdyrylan enjamlaryň kömegi bilen dürli nagyşlar çekilýär. Şol önümler Dokma senagaty ministrliginiň paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki, Mary, Baýramaly şäherlerindäki “Altyn asyr” dokma önümleri dükanlary arkaly ilata ýetirilýär. Baýramaly dokma toplumynda öndürilýän ýokary hilli önümler häzir Russiýa Federasiýasyna, Belarusiýa Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna eksport edilýär.
Kärhananyň dokmaçylary özlerine döredilip berilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.