“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde hem, ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti we nobatdaky Halk maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmekde öňde durýan wezipelere bagyşlanyp Sakarçäge etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sakarçäge etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Sakarçäge etrap zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty – geňeşli iliň döwletli ýoly” ady bilen maslahat geçirilip, ol çuň many-mazmuna eýe boldy. Sakarçäge etrap medeniýet öýünde geçirilen bu täsirli maslahata il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, etrap halk maslahatynyň agzalary, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de bilim, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda şu ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy we şol mejlisde beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” diýlip, atlandyrylan ýylymyzda ýurdumyzda giňden toýlanjak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny zähmet üstünliklerine beslemekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli işler barada hem bu ýerdäki çykyşlarda aýratyn nygtalyp geçildi. Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda gazanylýan beýik ösüşleriň ählisiniň halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendigini, Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem il-ýurt bähbitli meselelere garaljaklygy dogrusynda-da buýsanç bilen bellediler. Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşanlar mundan beýläkde ýurdumyzyň ähli ugurlarynyň pajarlap ösmegini, asuda we erkana Watanymyzyň her bir gününiň uly ösüşlere eýe bolmagyny, halkymyzy ak ertirlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitlerine gönükdirilen dünýä nusgalyk işleriniň barha rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar.
Dursun Ilbegiýewa








