Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly ösüş depgini halkara abraýynyň täze belentliklere çykýandygy bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu guwançly ýagdaý hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini doly subut edýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty rowaçlanýar. Öňe sürülýän umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlarda halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yglan edýän başlangyçlary adamzadyň bähbidine gönükdirilendir. Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň özenini bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, ynanyşmagy, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak düzýär. Halkara ähmiýetli şeýle tagallalaryň giň gerime eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygy buýsandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde tutýan orny barha pugtalanýar. Çünki, Türkmenistanyň adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen beýik başlangyçlary uly goldaw tapýar. Gadymy halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän parahatçylyksöýüjilikli, ynanyşmak we ynsanperwerlik ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynda möhüm orna eýe bolýar we rowaç alýar.
Arslan ÇARYÝEW.








