Gadymy rowaýatlaryň birinde aýdylyşyna görä, bir dana kişi hammama barypdyr. Görse, ol ýerde ulus-ili çürkäp ýören tüýkesme ogry hem barmyş. Her kim ogryny görüp, zadyny ýygşyrmak bilen bolupdyr. Özlerem şeýle bir basga düşüp, aljyraşyp, ber-başagaýmyşlar.
Ýaňky dana kişi, ol ogrynyň ýanyna barypdyr-da:
— Ogul, men gelinçäm, sen meniň zatlaryma göz-gulak bolaweri — diýipdir welin, ogry onuň zatlaryny bagryna basyp gymyldaman oturyberenmiş.
Muňa geň galan adamlar:
— A how, ýigit, seniň oljaň oňan ýaly-la. Nämä garaşýaň? Bu ýerden garaňy saýlamaga derek näme irkilip otyrsyň — diýip, ýaňsyly habar gatypdyrlar.
Ol ogry bolsa gözünden boýur-boýur ýaş döküp hünübirýan aglaberenmiş.
Adamlar geň galyp, sebäbini soranlarynda:
— Ýaňky adamyň maňa bildiren ynamynyň nähili hoş ýakandygyny bir bilsediňiz. Ynam meniň erk-ygtyýarymy şeýle bir baglady welin, özüme düýbünden başgaça garap başladym — diýip, jogap berenmiş.
Özüne bildirilen ynama depesi gök dirän ogry, dana kişi gelenden soň zatlaryny gowşuryp, onuň yzyna düşüp gaýdyberipdir. Ogry tä ömrüniň ahyryna çenli dana kişiniň hyzmatynda galanmyş.
Taýýarlan
Şatlyk JEPBAROW.








