Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän halkymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň gülläp ösmeginiň hatyrasyna tutanýerli zähmet çekýär. Geçen — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylan uly üstünlikler üstümizdäki — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylda has ýokary netijeleriň gazanylmagyna badalga bolar.
Döwlet Baştutanymyzyň kabul eden Maksatnamalary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge gönükdirilip, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde netijeli işleriň bady artýar. Bu babatda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da jogapkärli wezipeler öňde durýar. Adam hakdaky aladada zähmet adamlarynyň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şu wajyp meseläniň oňyn çözgüdi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileriň gazanylmagyna bähbitli täsirini ýetirýär. Garaşsyz döwletimiziň ykdysady ösüşinde ýetilýän belent sepgitler bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ili “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýylymyzyň ilkinji günlerinden döredijilikli zähmet çekýär. Parahat durmuş bolsa, tutanýerli zähmetiň joş urmagynyň kepili bolup hyzmat edýär.
Orazgeldi ÇALYÝEW.








