Ygtybarly üpjünçilik gazanylýar
weather mary 14° C Mary
weather mary 14° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Ygtybarly üpjünçilik gazanylýar

36 09.10.2026

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudagy bolan gaz senagatyny ösdürmekde tutumly işleriň bady artýar. Täze gaz ýataklary senagat taýdan özleşdirilip, gymmatly energiýa serişdesi bolan tebigy gazyň akymy ýylsaýyn ýokarlanýar.

Gaz senagatynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär. Müdirligimiziň gazçylarynyň paýyna senagat taýdan gaýtadan işlenilip, kemsiz arassalanan tebigy gazyň sarp edijilere ýetirilmeginiň möhüm wezipesi düşýär. Gazçylarymyz dürli basyşly gaz geçirijileriň, olaryň ugrundaky tebigy gazy paýlaýjy, onuň akymyny sazlaýjy desgalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler. Elbetde, bu wezipäniň jogapkärçiligem, ýadawsyz aladasam ýetik. Müdirligimiziň degişli gulluklarynyň gazçylary öz öňlerinde durýan wajyp wezipelere abraý bilen hötde gelýärler. Şeýle yhlas-tagallanyň netijesinde mawy ýangyjy sarp edijileriň bu eşret çeşmesi bilen ygtybarly üpjünçiligi gazanylýar.

Tebigy gazyň akymy bilen iş salyşmak hemişe ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Şonuň üçinem tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegine uly üns berilýär. Bu meselede kärdeşler arkalaşygy guramamyz degişli gulluklarymyzyň hünärmenleri bilen degerli işleri geçirýärler. Şeýle hem gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda yzygiderli alada edýäris. Bu bolsa işlerimiziň ilerlemegine ýardam edýär.

Alty BAÝSÄHEDOW.

33
33 09.10.2026
Yhlasa — myrat

Altyn güýzüň gelmegi bilen daýhanlaryň iş aladalary has-da artýar. Gallaçylar bugdaý ekişini geçirseler, pagtaçy kärendeçiler gowaça hasylyny ýygnamaga ykjam taýýarlykly geldiler. Her bir kärendeçi bellenilen meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen tutanýerli zähmet çekýär. Ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň esasylarynyň biri hem birkemsiz idegi ýetirilip, ýetişdirilen pagtany ýygnamak we Watan harmanyna tabşyrmak bolup durýar. Sebäbi bu iş pagtaçy daýhanlaryň bütin ýylyň dowamynda çeken zähmetiniň miwesini görkezýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda welaýatymyz boýunça 162 müň gektar ýerde pagtanyň bereketli hasyly ýetişdirildi. Ekin meýdanlarynyň gyralary arassalanylyp, pagta ýygýan maşynlara päsgelçilik döretmez ýaly çil ýerler tekizlenildi. Mundan başga-da, ýetişdirilen pagtany wagtynda ýygnamak üçin tehnikanyň güýjüne daýanylýar. Şu günki günlerde pagta ýygym möwsümine tehnikalar doly girişdiler. Şeýle-de, welaýatymyzda bar bolan pagta kabul ediş harmanhanalar, pagta arassalaýjy kärhanalar ýygylan hasyly bökdençsiz kabul edýärler. Umuman, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýunyň uludan bellenilen ýylynda pagta ýygym möwsümini üstünlikli geçirmäge ähli mümkinçilikler bar. Munuň üçin welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar. Pagta ýygymyna gatnaşýan zähmet ussatlary özleri hakynda edilýän aladalara jogap edip, yhlaslaryny gaýgyrman tutanýerlilik görkezýärler. Durdynabat BAÝRAMOWA.

35
35 09.10.2026
Ygtybarly üpjünçilik gazanylýar

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudagy bolan gaz senagatyny ösdürmekde tutumly işleriň bady artýar. Täze gaz ýataklary senagat taýdan özleşdirilip, gymmatly energiýa serişdesi bolan tebigy gazyň akymy ýylsaýyn ýokarlanýar. Gaz senagatynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär. Müdirligimiziň gazçylarynyň paýyna senagat taýdan gaýtadan işlenilip, kemsiz arassalanan tebigy gazyň sarp edijilere ýetirilmeginiň möhüm wezipesi düşýär. Gazçylarymyz dürli basyşly gaz geçirijileriň, olaryň ugrundaky tebigy gazy paýlaýjy, onuň akymyny sazlaýjy desgalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler. Elbetde, bu wezipäniň jogapkärçiligem, ýadawsyz aladasam ýetik. Müdirligimiziň degişli gulluklarynyň gazçylary öz öňlerinde durýan wajyp wezipelere abraý bilen hötde gelýärler. Şeýle yhlas-tagallanyň netijesinde mawy ýangyjy sarp edijileriň bu eşret çeşmesi bilen ygtybarly üpjünçiligi gazanylýar. Tebigy gazyň akymy bilen iş salyşmak hemişe ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Şonuň üçinem tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegine uly üns berilýär. Bu meselede kärdeşler arkalaşygy guramamyz degişli gulluklarymyzyň hünärmenleri bilen degerli işleri geçirýärler. Şeýle hem gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda yzygiderli alada edýäris. Bu bolsa işlerimiziň ilerlemegine ýardam edýär. Alty BAÝSÄHEDOW.

18
18 09.10.2026
Öýjükli telefon hakda

Adamzat özüniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny özüniň durmuşyna ornaşdyrýar. Şeýlelikde, özüne amatly şertleri döredip, ýaşaýşyny ýeňilleşdirýär. Bu aýdýanymyza näçe mysal getirsek getirip oturmaly. Şolaryň birem öýjükli el telefonydyr. Aragatnaşygyň bu görnüşiniň eşret keminiň ýokdugyny nygtamakçy däl. Ol hemmämize äşgär hakykat. Sebäbi örän alyslardaky tanşyňa zerur habary ýetireniňden soň telefony öçürip, öz-özüňe: “Beh, şeýle ýagdaýda öňki adamlar näme etdilerkä?” diýen sowaly bereniňi duýman galýarsyň. Dogrusy, biz indi öýjükli el telefonsyz durmuşy göz öňüne getirmegem kyn görýäris. Ýöne, meniň pikirimçe, taýagyň iki ujynyň bolşy ýaly, gürrüňi edilýän eşreti zerurlygyndan artyk ulanmagam peýdamyza däl bolaýmasa. Şäherlerde, obalarda ýa-da ulaglarda üns berip görseňiz köpleriň telefonly elleri gulaklaryndadyr. Aýratynam, zenan maşgalalaryň telefon arkaly gürrüňdeşligi juda uzaga çekýändir. Emma işläp duran telefonyňy uzak wagtlap gulagyňa tutup dursaň, saglygyňa peýda däldigi barada oýlanmaýarys. Ýöne bu barada oýlanylaýsa-da zyýan-a bolmazdy. Sebäbi şu setirleriň awtoryna öýjükli telefondan zerurlyksyz uzak wagtlap ulanmagyň ýaramaz täsiri barada bilermenleriň pikirini okamak miýesser edipdi. Şol täsirleriň birem öýjükli telefony ýygy-ýygydan uzak wagtlap ulanmagyň adamyň ýatkeşligine ýaramaz täsirini ýetirýänligidir. Öýjükli telefony ulanmagyň ynsan saglygyna ýene bir ýaramaz tarapynyň şaýady bolanymam ýatlaýyn. Tanyşlarymdan 40 — 45 ýaşlaryndaky ikisi möçberi kiçiräk el telefonynda oýunlary yzygiderli örän köp oýnadylar. Men olara şu netijesiz oýny oýnamagyň göze zyýan ýetirip, gymmatly wagtyňy bimany sarp etdirýändigini köp ýatlatdym. Diňlemediler, indi ikisem ýaşdyklaryna garamazdan 2-lik ölçegli äýnek dakynmaly boldular. Öýjükli telefony zerurlygyndan artyk peýdalanmagyň ýaramaz täsirine synçy bolsaň göz ýetirip bolýar. Öýjükli telefony çökder köp ulanýan adamlar şu günki gürrüň beren wakasyny şol durşuna ertirem gürrüň berip oturandyr. Meniň pikirimçe, öýjükli telefonyň işdäki we durmuşdaky aladalarymyzy ýeňilleşdirýändiginiň ähmiýetini nygtap oturmagyň zerurlygy ýok bolsa gerek. Alyslardaky dogan-garyndaşyňy, tanyş-bilişleriňi gaşyňa gelip oturan ýaly etmäge mümkinçilikli öýjükli telefonyň amatlylygyny hiç kimiň inkär edip bilmejekdigi şübhesizdir. Emma, gürrüňi edilýän meseläniň çagalar bilen bagly tarapynam ünsden düşürmeli däldiris. Bu babatda biz özümize çagalara, juda bolmanda, ýokary synplara çenli çagalara öýjükli telefon hökmanmy diýen sowaly bermelidiris. Elbetde, çagasynyň nirededigini, ýagdaýyny bilmek ene-ata üçin ynjalykly ýagdaý. Bu örän gowy zat. Emma, gynansak-da, şu setirleriň awtoryna 10 — 12 ýaşly çagalaryň ellerine agram salýan uly möçberli öýjükli telefonlarynda dünýäni unudyp bir zatlara güýmenip oturanlaryna duş gelmek miýesser etdi. Ünsli bolsaňyz, bu ýagdaýa göz ýetirmek kyn däl. Eger-de, şol telefona güýmenip oturan çagalar telefonyň kömegi bilen ylym-bilimden, edep-terbiýeden paýlaryny alýan bolsalar örän gowy zat. Ýöne şahsy durmuşymda duş gelen ahwalat eli öýjükli telefonly çagalaryň ylym-bilim alýandyklaryna ýa-da edep-terbiýä ýykgyn edýändiklerine şübhe döretdi. Toý aladasy bolup, öýe myhmançylyga gelen gyzym indi mekdebe gitmeli oglunam alyp geldi. Ejesiniň telefonyny alan agtygym toýuň goh-galmagalyny unudyp, kölegede bar ünsüni telefona berip otyr. Bildirmän baryp synladym welin, atyşykly oýun oýnap otyr. Entek beýnisi bekemedik çaganyň şolar ýaly oýunlaryň kömegi bilen terbiýelenmegi öňi alynmaly ýagdaýdyr. Biz şular ýaly ýagdaýda uly ähmiýet bermesegem bu meseläniň aňyrsynda örän uly jogapkärçiligimiz ýatyr. Men gyzyma bu ýagdaýa ýol bermezligini tabşyrdym. Emma gürrüňi edilýän meselede hemmämiziň çynlakaý we irginsiz yhlasymyz zerurdyr. Çünki, ertirimiziň mynasyp nesliniň terbiýesi şu günden başlanýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan ähli babatda netijeli peýdalanmaly. Bu durmuşyň talaby. Ýöne olardan akylly-başly, ýerlikli we netijeli peýdalanmalydyrys. Bu bolsa hemmämizden we her birimizden yzygiderli, irginsiz aladany talap edýär. Baýram AMANOW.

17
17 09.10.2026
Atyň naly ýarym aýa meňzeýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewlerimiziň ykbalynyň has-da rowaçlanýan, şan-şöhratynyň dünýä ýaýylýan zamany boldy. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy-da bedew atlarymyza bolan çäksiz söýgüden, sarpadan nyşandyr. Bedew atlary “Uçar ganatym!” diýip, söýüp, söýgülän pederlerimiz olary dürli esbaplar, şaý-sepler bilen bezemegi hem başarypdyrlar. Şeýle esbaplaryň biri-de naldyr. Nal at toýnagynyň aşagyna kakylýan demir halkajykdyr. Ol atyň toýnagyna laýyklykda bir santimetr çemesi galyňlykda ýasalýar. Onuň iki ujy iki tarapyna egreldilip, kakylýan çüýleriň kellesi ýerleşer ýaly ortasy oýulýar. Uly nallara sekiz, ortaça nallara alty nal çüýi urulýar. Juda agyr bolmazlygy üçin nalyň aýlawynyň iç tarapy ýukaldylýar. At nallanmazyndan öňürti, onuň toýnagy “simtaraş” diýlip atlandyrylýan aňňal orak pisint agaç saply berk, ýiti enjam arkaly gyrlyp arassalanylýar. Nal kakmak üçin ulanylýan çüýe bolsa nalmyh diýilýär. Nalmyh nalçy ussalar tarapyndan ýörite ýasalyp, ol kese kelleli, uç tarapyna inçelip gidýän dört-bäş santimetr uzynlykda bolýar. Bir atyň aýaklaryny nallamak üçin ýigrimi dört nalmyh gerek bolýar. Türkmen öýleriniň bosagasyna “At — maksat, at — myrat” diýen ýagşy niýet bilen, atyň naly agzyny daş tarapa edip, kakylyp goýulýar. Ir döwürde ata-babalarymyz işigi bedewli adamy, maşgalany döwletli adam, döwletli maşgala hasap edipdirler. Nalyň bela-beterden, göz-dilden goramagy bilen birlikde döwletlilik, gowulyk getiriji güýjüne hem ynanypdyrlar. Türki halklarynyň aglabasynda nalyň edil älemgoşar ýaly, Asman bilen Zeminiň baglanşygyny aňladýandygy baradaky ynam hem bar. Munuň özi halkymyzdaky “Behişdi bedewler”, “asman atlar” diýen düşünje bilen doly gabat gelýär. Hawa, ýylymyzyň şygary — köňüllerimize çyrag bolup, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny täze üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyz hem şanly wakalara, senelere baý, toý-baýramlaryň ýyly bolar. Biz sözümizi zehinli şahyr Gurbannazar Ezizowyň şu ajaýyp setirleri bilen jemlemegi makul bildik: Zemin sarsýar bedewleriň gurbundan, Atyň naly ýarym aýa meňzeýär. Annamyrat BERDIMYRADOW.

29
29 09.10.2026
Netije başarnyga bagly

Ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň wajyp ýörelgesi gözbaşyny ir döwürlerden alyp gaýdyp, gadymy halkymyz bu meselä hemişe uly üns beripdir. Sebäbi ata-babalarymyz ylymly-bilimli, edep-terbiýeli nesli abadan ertiriniň ygtybarly kepili hasaplapdyrlar. Dana pederlerimiziň şu ýörelgesinden ugur alýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde giň möçberli işlere badalga berýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Aslynda, ýaş nesil hakynda edilýän şu günki yhlas-tagallalarymyz bagtly ertirimiziň jogapkärli aladasydyr. Munuň özi her bir bilim işgärine bildirilýän ýokary talaby aňladýar. Mekdebimiziň mugallymlary şeýle talapdan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesle durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde yhlasly zähmet çekýärler. Üstümizdäki — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýärler. Okuwçylara matematika dersinden sapak geçenimde olaryň temalary düýpli özleşdirmeklerini gazanmaga çalyşýaryn. Öňdebaryjy iş tejribelerinden, okuw-görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanmagam işiň netijeliligine getirýär. Yzygiderli guralýan açyk sapaklaryňam ähmiýeti uly. Olarda kärdeşlerimiz bilen özara pikir alşylmagam ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Ajap eýýamymyzyň talaby ýokarlanyp, has möhüm meseleleri öňe çykarýar. Biz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny üstünliklere besläp, öňümizde durýan meseleleriň oňyn çözgüdini gazanmalydyrys. Gadam ANNAGURBANOW.

31
31 08.10.2026
Ösüşiň esasy binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda, bilim ulgamynda hem uly üstünliklere ýetilýär. Ýaş nesilleriň bilimli, sowatly, edepli-ekramly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Çünki, bilim ösüşiň esasy binýady bolup durýar. Şol maksat bilen hemmetaraplaýyn ukyply, bilimli, zehinli nesilleri kemala getirmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde geçen umumy okuw sapagynda: “Biz ylym-bilim ulgamynda toplan baý tejribämiz esasynda ajaýyp geljegimizi gurýarys” diýip bellemegem ýokarda agzanlarymyzy dolulygyna tassyklaýar. Hakykatdan-da, ýurdumyzda bilimli ýaşlaryň kemala gelmegi, olaryň ajaýyp ösüşlerimize şahsy goşantlaryny goşmagy ugrunda ençeme işler ýola goýulýar. Täze Konsepsiýalar işlenilip taýýarlanylýar. Döwrebap, özünde ähli mümkinçilikleri bolan, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi biz — bilim işgärleriniň yhlasly zähmet çekmegi, ýaşlarymyzyň oňat bilim almagy üçin gönükdirilen beýik başlangyçlardyr. Biz hem öz gezegimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamyny ödäp, ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, bilim ulgamynyň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegi ugrunda janaýaman zähmet çekeris. Çary ÝALKANOW.

28
28 08.10.2026
Ýaşlar — röwşen geljegimiziň eýeleri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň has-da gülläp ösmeginiň, durmuşymyzyň gözelleşmeginiň bilimli, ylymly, zehinli, ukyp-başarnykly ýaş nesillere baglydygy göz öňünde tutulyp, bilim ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bilim edaralarynyň sanyny köpeltmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwletli işler durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ylym-bilim özgertmeleriniň rowaçlanýandygyny, bilim işgärlerine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, ýaş nesilleriň uly aladalar bilen gurşalýandygyny aýdyň görmek bolýar. Muňa mysal edip, şu ýylyň 2-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyny görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyz bu umumy okuw sapagynda taryhy çykyş edip, ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda, milli däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenmelidigini ündedi we gymmatly maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly gymmatly eserinde ylym-bilimiň we perzent terbiýesiniň umumylygyny şeýle beýan edýär: «Ylym — köňül çyragy. Ol çyraglary öz köňlüňizde hem-de perzentleriňiziň kalbynda başardygyňyzça köp ýakjak boluň! Şonda ykbal ýollaryňyz aýdyň bolar». Diýmek, köňülleri ýagtyltjak çyrag röwşen geljegimizi has-da nurlandyrar. Ogulgül GAÝGYSYZOWA.

15
15 08.10.2026
Jümleler näme diýýär?!

Wawwaly ýaly — ýuwaşlyk bilen, örän eserdeňlik bilen, emaý bilen, seresap. Wag bermek — gykylyk, galmagal etmek, gopgun turmak, ses-üýn alşar ýaly bolmazlyk, köp bolup bir ýere üýşmek. Wagty hoş bolmak — göwni bitmek, hoşal, razy bolmak. Wagtyňy hoşlamak (çaglamak) — göwnüňi açmak, lezzet almak, hezil etmek. Wadaňy ýuwutmak (ýere salmak) — beren sözünde tapylmazlyk, ähtinden dänmek. Waz ýasamak — gyssanmaç gitmek, tiz gitmek. Warsaky urmak — biderek ýaňramak, bolgusyz, boş gürrüň etmek. Weji gaçmak — kuwwatdan düşmek, ugry bolmazlyk, sussy peselmek, halys ýadamak. Weli bolmasa Welije — ol bolmasa başga biri, ol bolmasa beýlekisi. Welilik satmak — öňünden bilen bolmak, köpbilmişlik etmek, öňünden görüjilik eden bolmak. Welisi bar — emmasy bar, anyk, açyk däl, gümürtik. Gabal basmak — howsala düşmek, gabanmak. Gazan gulagy gyzmak — nahar bişirilmek, nahar-şam taýýarlanmak. “Türkmen diliniň  frazeologik sözlügi” kitabyndan.

15
15 08.10.2026
Aýjemal (Aýdym)

Agalar, men aşyk, tapmadym çäre, Her zaman ýanyma gelsin Aýjemal. Aşyklyk derdinden ýüregim para, Her zaman ýanyma gelsin Aýjemal. Meniň Aýjemalym gymmat bahaly, Tylladandyr köwüşiniň nahaly, Indi ýakyn geldi gitjek mahaly, Şaňňyrdap ýanyma gelsin Aýjemal. Kararym ýok Aýjemalym görmesem, Durarym ýok dünýe malyn bermesem, Seniň bilen zowky-sapa sürmesem, Her zaman ýanyma gelsin Aýjemal. Gul Dowan diýr indi mende karar ýok, Jesetden aýrylsa tende mydar ýok, Sensiz indi bu ýerlerde durar ýok, Meniň hassa halym sorsun Aýjemal. DOWAN şahyr.

107
107 06.10.2026
Halk gahrymanlarynyň hatyrasy ebedidir

      Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni giňden bellenilip geçilýär. Hatyra gününde Watanymyzyň azatlygy, erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolan ildeşlerimizi hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan merhumlary hatyralamaklyga bagyşlanan çäreler geçirilýär. Şu gün Mary welaýatynda-da Hatyra çäreleri geçirildi. Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň Mary Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenji guraldy. Muzeý işgärleri talyp ýaşlary 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň Watanymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançylygyny hem-de mertligini aňladýan muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdylar. Bu muzeý gymmatlyklarynyň ýaş neslimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki, halkymyzyň milli däp – dessurlaryna, ýol – ýörelgelerine hormat goýmakdaky ähmiýeti dogrusynda beren çuň mazmunly gürrüňleri talyp ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy. Gezelenç wagtynda muzeý işgärleri 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan ildeşlerimizi hatyralap, olary ýagşylykda ýatladylar. Sapardurdy Ýaýlyýew.

105
105 02.10.2026
Garaşsyz Watanymyz batly ösüşler ýolunda

     Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilmegi şu toý dabaralara beslenen günlerde Köpetdagyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylmagy mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Her bir güni şanly dabaralara, toý baýramlara beslenýän ýylymyzda geçirlen bu hoşallyk maslahaty “Garaşsyz Türkmenistan bedew batly ösüşler ýolunda” – diýlip atlandyryldy. Ýokary ruhubelentlige beslenen bu hoşallyk maslahatyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň we edara – kärhanalaryň ýolbaşçylary, ussat atşynaslar hem-de bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatyndaky çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyz nurana geljege, ýagty ertirlere tarap batly gadamlar bilen öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejeleri yzygiderli ýokarlanyp, jemgyýetçilik syýasy durmuşymyzda täze sahypalar açylýar. Ata – Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde uly işler durmuşa geçirilýär – diýlip buýsançly sözler beýan edildi. Şu şanly taryhy döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde kabul edilen il – ýurt bähbitli çözgütler, giň gerimde bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň dabaralary, toý baýramly günlerde Köpetdagyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan 1200 orunlyk ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy bu şanly ýylymyzy täze many – mazmun bilen baýlaşdyryp, halkymyzyň buýsançly başlaryny hasam belende göterdi – diýlip, hoşallyk maslahatyndaky çykyşlarda nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi keremli toprakda kemala gelen, owadanlygy, ýyndamlygy bilen ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerimiziň şan – şöhratyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan döwlet bähbitli işleriniň aýdyň nyşany boldy. Bu dabara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy, bu ýerde ussat halypa çapyksuwarlaryň arasynda toý ýaryşynyň geçirilmegi hem diýseň täsirli bolup, halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz täze toplumda halypa hem ussat çapyksuwarlaryň  arasynda geçirilen ýaryşda öz agtygy Kerimgulynyň seýislän “Daghan” atly atyna atlanyp, ýaryşa goşulmagy özüniň at çapmakda ýokary ussatlygy görkezip, pellehana ilkinji bolup gelmegi hem-de baş baýraga mynasyp bolmagy bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy – diýlip hoşallyk maslahatynda aýratyn nygtalyp geçildi. Mälim bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, olaryň şan – şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Täze taryhy döwürde ady rowaýata öwrülen behişti bedewleriň arasynda halkara atly sport we gözellik bäsleşikleriniň, festiwallaryň, maslahatlaryň geçirilmegi, ýurdumyzyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary döwletlerde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaňy – ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi-de munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Behişti bedewlerimiz taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmen seýisleri müňýyllyklaryň dowamynda gözellikde deňi – taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir we söýgi bilen ösdürip ýetişdiripdirler hem-de kemala getiripdirler – diýlip hoşallyk maslahatynda buýsançly sözleri beýan edildi. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda ahalteke bedewlerini ösdürmekde, baş sanyny artdyrmakda, olaryň şan – şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Hoşallyk maslahatyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň zehinli ýaşlarynyň aýdym – sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym – sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il – ýurt bähbitli rowaç işleri, ahalteke bedewlerimize goýýan belent hormat sarpalary, behişti bedewlerimiziň gözelligi, atşynaslaryň çekýän päk zähmetleri joşgunly wasp edildi. Hoşallyk maslahatynda welaýatyň ähli ilatynyň we maslahata gatnaşanlaryň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Ýüzlenme kabul edildi. Soňra welaýatyň gözel künjegindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binasynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky Mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk toýunyň giň gerimde bellenilmegi hem-de Köpetdagyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Toý – sadakasynda okalan töwirde il agzybirligi, ýurt abadançylygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak, amala aşyrýan döwletli işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi. Çarymuhammet Saparow.

113
113 01.10.2026
Ýaşuly nesle goýulýan hormat-sarpa

        Halkara ýaşulular güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda welaýatyň Baýramaly şäheriniň medeniýet öýünde baýramçylyk dabarasy geçirildi.Hormatly myhmanlary çagalar sungat mekdebiniň ýaş sazandalary özleriniň çalýan şirin mukamlary bilen garşy aldylar.Bu ýerde ýaş suratkeşleriň döreden ýokary çeperçilikli surat eserleriniň giň sergileri ýaýbaňlandyryldy.Dabarada hormatly Prezidentimiz,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Halkara ýaşulular güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşulularyna,mährem enelerimize iberen mähirli gutlagynyň okalmagy hemmelerde ýokary ruhubelentligi döretdi.Baýramçylykda edilen çykyşlarda ömri nusgalyk mekdebe öwrülen ýaşuly nesliň wekillerine gutlag sözleri aýdyldy. Dabarada çykyş eden ýaşulular,kümüş saçly mährem eneler özleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak,saglygyny pugtalandyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän bimöçber aladalar üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp,Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,il-halk, döwlet bähbitli belent tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.Baýramçylykda hormatly myhmanlara welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň,syýasy partiýalaryň adyndan ýadygärlik sowgatlaryny,bagtyýar körpeler tarapyndan ter gül desseleriniň gowşurylmagy şu günki çäräniň iň dabaraly pursatlary boldy. Bu ýerde welaýat medeniýet müdirliginiň bagşy sazandalarynyň,meşhur estrada aýdymçylarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlary hemmelere ruhy lezzet berdi.Asuda,parahat Watanymyzy,türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan rowaç işlerini,halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerini,bagtyýar garrylygy wasp edýän aýdymlar belent heňlerde ýerne ýetirildi.Ýaşuly nesliň wekilleri Mary welaýat kitaphanasynda gezelençde bolup,medeniýet ojagynyň okalga zallarynda döredilen şertler,täze neşir edilen kitaplar bilen tanyşdylar,Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiziň zehin ylhamyndan dörän gymmatly eserleriniň baý sergilerini höwes bilen synladylar.Kitaphanadaky asman jisimlerini öwrenýän obserwatoriýa hem myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.Garaşsyz,baky Bitarap Diýarymyzda ýaşuly nesle goýulýan belent hormat-sarpanyň aýdyň alamaty bolan şu günki baýramçylykda toý mekanynda-da aýdym-sazly dabara geçirildi.Dabaranyň dowamynda hormatly myhmanlara baýramçylyk duz-tagamlary hödür edildi.  Sapardurdy Ýaýlymow.

74
74 27.09.2026
Uludan bellenen mukaddes baýramçylyk

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygy Mary welaýatynda-da mynasyp belent toý tutumlary bilen bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabaralary welaýatyň ähli etrap, şäher merkezlerinde, obalarynda toý şatlygy bilen utgaşyp, şowhunly çärelere giň gerim berildi. Baýramçylyk gününde welaýat merkezindäki Baş Baýdak meýdançasynyň töweregi ir säherden hasam köp adamly boldy. Mary welaýat, Mary şäher häkimlikleriniň, Demokratik, Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Zenanlar bölüminiň, welaýatyň Bilim, Saglygy goraýyş we Medeniýet bölümleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen bu baýramçylyk dabarasy egsilmejek toý şatlyklaryna beslendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň dabarasy baş Baýdak meýdançasynda döwlet Senamyzyň ýerine ýetirilmeginde, mukaddes döwlet Baýdagymyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy. Welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat Halk maslahatynyň agzalarynyň, welaýatyň ýaşuly nesliniň, kümüş saçly mährem eneleriň, welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatyň bagtyýar raýatlarynyň,bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu dabarada baýramçylyk mynasybeli gutlag sözleri aýdyldy. Bu ýerdäki baýramçylyk çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk beýik başlangyçlary barada buýsançly sözler beýan edildi. Baýramçylyk dabarasynda parahatçylygyň we asudalygyň nyşany bolan ak kepderileriň we dürli gornüşli şarlaryň asmana uçurylmagy toý şatlygyny hasam artdyrdy. Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr artistleriniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň aýdymdyr sazlary, tanslary, edebi sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandy. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan aýdym – sazlaryň owazy uzaklara ýaň saldy. Ýerine ýetirilen göwün göteriji çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň il-halk, umumyadamzat bähbitli rowaç işleriniň hem-de uly toý – dabaralara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň waspy belentden ýetirildi. Baýramçylyk öwüşgininde bezelen baş Baýdak meýdançasynda şirinden – şirin mukamlaryň ýaňlanmagynda ýerine ýetirilen hoş owazly aýdymlar, joşgunly tanslar bu ýere ýygnanan bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny artdyryp, göwün guşuny ganatlandyrdy. Döwletiiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ýurdumyzy batly gadamlaryň ösüşli ýollary bilen öňe alyp barýan we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrýan belent maksatly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Çarymuhammet Saparow

170
170 14.09.2026
Ak ýollar — bagtly geljegimiz

Golaýda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlanylyp, “Ak ýollar — bagtly geljegimiz” ady bilen TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrabyň polisiýa we bilim bölümleriniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda atlary agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary, bilim ulgamynyň, polisiýa bölüminiň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda etrap bilim bölüminiň hünärmeni Çarynazar Ataýew, etrapdaky 8-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Baýmyrat Agaýew, etrabyň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi, polisiýanyň maýory Kuwwat Allamyradow, polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň uly seržanty Muhammet Hanow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Akjemal Rejebowa çykyş etdiler. Çykyşlarda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegi, köçe-ýollarymyzyň asuda bolmagyny gazanmak, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Şeker KAKAJANOWA.

166
166 12.09.2026
Maşgala mäkämligi - bagtyýarlygyň gözbaşy

Etrap prokuraturasy etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrap häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygyny gurady. Bu çäre maşgala mäkämligini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine bagyşlanyldy. Oňa atlary agzalan guramalaryň, edaralaryň, etrapdaky edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda etrap prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist Andreý Öwezdurdyýew, etrap häkiminiň orunbasary Bahar Hojamgulyýewa, şu häkimligiň bölüm müdiri Didar Amanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda jemgyýetimiziň özenini maşgalalaryň düzýändigini, her bir maşgalanyň agzybirliginiň tutuş jemgyýetimiziň mäkämligini, jebisligini kepillendirýändigi barada anyk mysallar arkaly gürrüň etdiler. Agzybir maşgalanyň bagtly durmuşyň gözbaşy bolup, şeýle abadan durmuşyň ikitaraplaýyn özara ylalaşykly, birek-birege geçirimli ýaşaýşyň derwaýysdygy dogrusynda durup geçdiler. Kakageldi MELÄÝEW.

161
161 12.09.2026
Möhüm meselelere garaldy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde giň möçberli işleriň bady artýar. Şu maksatnamanyň çäklerinde halkyň saglygyny goramakda uly işler bitirilýär. Etrap prokuraturasynyň etrap hassahanasy bilen şu hassahananyň mejlisler zalynda guran wagyz-nesihat çäresem ýokarda ýatlanan meselä bagyşlanyldy. Oňa atlary agzalan edaralaryň, etrabyň saglyk ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Polat Çörliýew, etrap hassahanasynyň baş lukmany Nury Hommakow, baş lukmanyň orunbasary Kerim Geldiýew çykyş etdiler. Olar döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen halkyň saglygyny goramakda alnyp barylýan işler, şu ulgamyň kanunçylygynyň berjaý edilmegine bildirilýän talaplar barada gürrüň etdiler. Zähmet düzgün-tertibiniň berk berjaý edilip, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleriň üstünde durup geçdiler. Durdymyrat KERIMOW.

156
156 11.09.2026
Şanly Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Ýakynda şeýle at bilen institutymyzyň mejlisler zalynda beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýramyna bagyşlanylyp döredijilik duşuşygy geçirildi. TDP-niň welaýat komitetiniň hem-de TDEI-niň bilelikde guramagynda geçirilen bu duşuşyga aýdym-saz sungatynyň ussatlary, ýazyjy-şahyrlar, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygyny institutymyzyň mugallymy Ýazgeldi Ýakubow alyp bardy. Ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanylan döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi Çaryýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýusup Garýagdyýew, şahyr zenanlar — Murgap etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Aýnäzik Esenowa we «Maru — şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy Bahargül Mejidowa baýramçylyk gutlaglary bilen buýsançly çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri, Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagynyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle hem ussat halypalaryň ýerine ýetiren şirin aýdymlary, şahyr zenanlaryň okan joşgunly şygyrlary duşuşyga gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda institutymyzyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyplarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edip aýdan alkyşnama aýdymy şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylanyldy. Azat ATAMYRADOW.

154
154 11.09.2026
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna we Halk maslahatynyň mejlisine bagyşlandy

Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynsasybetli Murgap etrabynyň döwrebap medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirildi.Murgap etrap häkimliginiň,demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň,zenanla,bilim we medeniýet bölümleriniň,kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň,ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirlen baýramçylyk dabarasy ýokary ruhybelentlige beslendi.”Türkmenistan beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen” diýen at bilen geçirlen bu dabarada aýdym-sazly çykyşlara uly orun berildi.Türkmenistanyň Garaşsylygynyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde geçirlen baýramçylyk dabarasy täsirli çykyşlar bilen uly many-mazmuna eýe boldy.Dabaradaky medeniýet işgärleriň çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan dünýä nusgalyk döwletli işleriniň,halkymyzyň agzybirlikde belleýän toý baýramçylyklarynyň,garaşsyzlygyň eçilen baky bagtyýarlygyň waspy ýetirildi. Çarymuhammet Saparow.

2218
2218 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

2041
2041 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2286
2286 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2228
2228 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2137
2137 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2596
2596 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

2013
2013 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2379
2379 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.