Hormatly Prezidentimiziň döwrebap ýyladyşhanalary gurmak we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýan aýdyň wezipelerini durmuşa geçirmekde gujurly zähmet çekýän ýurdumyzyň işewür telekeçileri halkymyzy ter gök önümler bilen üpjün etmekde uly işler amala aşyrýarlar.Şeýle asylly başlangyçlary özlerine ýol – ýörelge edinip işleýän Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çägindäki “Ýedi hazynaly” daýhan hojalygynyň işçileri hem şu günler döwrebap ýyladyşhanada ýetişdirýän bol pomidor hasyllaryny ýygnamak bilen ony ilatymyza ýetirmekde mynasyp işleri alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary etrabynyň çägindäki “Ýedi hazynaly” daýhan daýhan hojalygynyň işçileriniň esasy maksady ýyladyşhana şertlerinde pomidoryň ýokary hasyl berýän tohumyny ekip, halkymyzyň gök önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Umumy tutýan meýdany sekiz ýarym gektara barabar bolan bu ýyladyşhana tutuşlaýyn Gollandiýa, Türkiýe döwletleriniň dünýä belli iň ösen tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrlypdyr.Göni hatarlarda oturdylan pomidor şitilleriniň kadaly boý almagy üçin zerur bolan howa alyş- çalşygy, sowuklyk, ýylylyk derejeleriniň kada laýyk saklanmagy, dökünler bilen iýmitlendirilmegi, damjalaýyn suw bermek işleri awtomatik usulynda amala aşyrylýar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe bu ýyladyşhanada ylymyň gazanan tejribeleriniň, täzeçe usullarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde pomidoryň bol we bitginli hasylyny ýetişdirmekde nusga alarlyk işler amala aşyrylýar. “Ýedi hazynaly” daýhan daýhan hojalygynyň işewür telekeçileriniň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirýän pomidor hassyllary ekologiýa taýdan arassa önüm hasaplanýar. Ýyladyşhanada düzüm-düzüm bolup, kemsiz gyzaryp ýetişen pomidor hasyllary gözüňi dokundyryp, hususyýetçileriň çekýän asylly zähmetleriniň ýerine düşýändigine güwä geçýär. Ýyladyşhanada işçileriň ýüzlerçesi zähmet çekmek bilen olar pomidoryň her bir düýbüne yhlas bilen ideg edýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň wekilleriniň işçileriň arasyna gelip, berýän maslahatlary we geçirýän wagyz-nesihat çäreleri işleriň öňe ilerlemegine öz täsirlerini ýetirýär.Ýyladyşhananyň işçileri şu ýygym möwsüminiň dowamynda her gektardan ortaça 300-350 tonna golaý pomidor hasylyny alyp boljakdygyny uly ynam bilen aýdýarlar.Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny ter gök önümler bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklaryna mynasyp işler bilen jogap berýän işewürler şu günler ýetişen pomidor hasyllaryny tapgyrlaýyn ýygmak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Ýygnalýan pomidor hasyllary “Täze aý” haryt nyşany bilen belgili ýörite gaplara gaplanýar. Işewür telekeçiler ilkinji nobatda ekologiýa taýdan arassa önüm hasaplanýan pomidor bilen içerki bazarlarymyzy üpjün edýärler.Ýetişdirilýän pomidorlaryň belli bir bölegini bolsa gazanylan ylalaşyklar esasynda Gazagystan, Özbegistan,Täjigistan ýaly döwletlere we Russiýa Federasiýasyna eksport edýärler. Hojalygyň zähmetsöýer işçileri döredijilikli zähmet çekmäge hem –de hususy ulgamyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga berýän kömekdir goldawlary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem- de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.
Çarymuhammet Saparow.








