Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatyny, giň gerimli Maksatnamalaryny wagyz-nesihat etmek, şeýle-de, ösüp gelýän nesillerimizi milli däplerimize, adatlarymyza laýyklykda terbiýelemek, maşgala mukaddesligini berkitmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy ýokarda ady agzalan meselä bagyşlanyldy. TZB-niň şäher bölüminiň, welaýat saglygy goraýyş we baş bilim müdirlikleriniň, welaýatymyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guran bu wagyz-nesihat duşuşygyna şäherdäki 1-3-nji orta mekdepleriň hem-de 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymlary, okuwçylary we ene-atalar gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynda Mary şäher häkiminiň orunbasary, şäher zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Torumowanyň, şäher zenanlar bölüminiň işjeň agzasy, mährem ene Orazbibi Bäşimowanyň, welaýat enäniň we çaganyň saglygy goraýyş merkeziniň lukmany Maýa Nurberdiýewanyň, şäheriň polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Güljan Allyýewanyň çykyşlary uly üns bilen diňlenildi. Çykyş edenler Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwletli işlerini wagyz etmek, ýaşlary milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemek, olara Watany, mukaddes ojagy, zähmeti söýmegiň gymmatyny düşündirmek ýaly meseleler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.
Şeýle duşuşyk Mary şäherindäki 7-nji we 10-njy orta mekdeplerde hem guramaçylykly geçirildi. Bu wagyz-nesihat duşuşyklary ýaşlaryň geljekde ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly ähmiýete eýedir.
Bahargül MEJIDOWA.








