Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary welaýatnda hem Hemişelik bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli dabaralara we maslahatlara giň gerim berilýär. Mary myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň gurnamaklarynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli maslahat geçirildi. ,,Ýaşasyn parahat durmuş” atly bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk maslahatlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglar aýdylyp, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan hoşniýetli we ynsanperwer daşary syýasatlary, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, halkara guramalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar, döwletimiziň halkara derejesidäki abraýy barada durlup geçildi. Şeýle-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň saýasynda ýurdumyzda gazanylýan ykdysady ösüşler we ýetilýän belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler edildi. Şanly sene mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Toýmyrat Gurbanow.








