Türkmen telewideniýesinde 1989-1996-njy ýyllarda taýýarlan «Ýedigen» atly edebi-sazly gepleşigimizde biz öz öňümizde galapyn zehini bilen özüni halk köpçüligine ykrar etdiren-de bolsa, dürli sebäplere görä ünsden düşürilen adamlary ýaýlyma bermegi maksat edinýärdik. Bu ugurda birnäçe işleriň edilmegi netijesinde bize sagbolsunly hatlardyr telefon jaňlary gelýärdi. Kä halatlarda bolsa tomaşaçylardan geljekde göz öňünde tutmagymyzy sargyt edýän teklipler edilýärdi. Şeýle günleriň birinde biz Mary etrabynyň Ak altyn geňeşliginde ýaşaýan şahyr Aman Annamyradow hakynda gepleşik taýýarlamagy meýilleşdirdik.
Nesibeli gün şahyrlara diýip gidip barşymyza, ýolboýy oýlandym: «Zehinli şahyr 37 ýyl düşekde ýatan adam. Onuň «Seni küýsedim», «Ýadyňda sakla», «Dilden ogrynça», «Sen otursaň ýanymda», «Bilbil menden, gül senden», «Mekanym» ýaly, onlarça goşgulary aýdym edilip, dillerden düşmän gelýär. Şeýle halda onuň ilhalar goşgulary döretmegi üçin nähili ruhy güýç gerek bolduka?! Megerem, ol bar güýjüni-ukybyny döredijilige berendir. Rus ýazyjysy Nikolaý Ostrowskiniň ýatlamalarynda: «Meni ýagty jahan bilen hoşlaşdyrmadyk döredijilikdi» diýşi ýaly, Aman aga-da döredijiligi ýaşaýşa goltgy berendir...»
Aman aga bizi köneje demir krowatynda ýatan ýerinden garşy aldy. Onuň her sözi saýhallydy. Inçe sesi bilen okan goşgulary ýatda galyjydy.
Ýazgymyzy tamamladyk edenimizde ol bize haýyş bilen ýüzlendi:
— Ona golaý kitabym çap edilendigine garamazdan, goşgularym hemişe ýaşlaryň şygyrlarynyň arasynda çap edilýär. Siz meniň «Ýaşajyk şahyr men, ýaşajyk şahyr» diýen goşgymy halka ýetirseňiz gowy bolardy...
Biz şahyryň döredijilige bagyş eden durmuşy hakdaky gürrüňleri bilen birlikde, haýyş edip okan goşgusyny ýaýlyma berdik.
Aman aganyň çykyşy teletomaşaçylarda uly seslenme döretdi. Ol şol çykyşdan birnäçe aý soňra — 1989-njy ýylyň noýabr aýynyň 13-ine Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy bolandygyny buşlap, ýörite jaň etdi.
Atamyrat ŞAGULYÝEW.








