Ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrmagy asylly däbe öwrülip, ol halkymyzyň bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyza bolan mukaddes söýgüsini hasam belende göterýär. 2026-njy ýylyň hem ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň ähli raýatlary bilen bir hatarda Mary welaýatynyň bagtyýar ilatynda-da çuňňur begenç, buýsanç hemem ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Şu mynasybetli Mary welaýat we Mary şäher häkimlikleriniň bilelikde guramaklarynda Mary welaýat kitaphanasynda maslahat geçirildi. Maslahata il içinde hormatlanýan ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglyk, medeniýet we sport ulgamlarynyň işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler 2026-njy ýylyň ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” – diýlip atlandyrylmagynyň uly many-mazmuna eýedigini, dünýä ýüzüni haýrana goýýan ahal-teke bedewlerimize ýurdumyzda goýulýan hormatyň belentdigini aýratyn bellediler. Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ähli halkymyzy täze, 2026-njy ýylyň başlanmagy we bu ýylyň şygarynyň ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” – diýlip atlandyrylmagy mynasybetli gutladylar. Geçen 2025-nji ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hem ýurdumyzyň ähli pudaklarynda mynasyp ösüşleriň gazanylandygy, belent sepgitlere ýetilendigi, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň has-da ýokarlanandygy barada maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda buýsançly gürrüňler edildi. Maslahatda, ynamly badalga alynan ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda hem öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli işler barada nygtalyp geçildi. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gamyşgulak we ýelden ýüwrük atlarymyzyň ösdürilip ýetişdirilmegindäki edýän uly aladalary, owadanlykda we ýyndamlykda, eýesine wepalylykda, syzgyrlylykda taýy bolmadyk türkmen bedewleri dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Maslahatda mundan beýläkde ýurdumyzyň ähli ugurlarynyň pajarlap ösjekdigine, asuda we erkana Watanymyzyň her bir gününiň uly ösüşlere eýe boljakdygyna, Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitlerine gönükdirilen dünýä nusgalyk işleriniň barha rowaçlyklara beslenjekdigine uly ynam bildirdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Toýmyrat Gurbanow.








