“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda geçiriljek halk maslahatynyň ähmiýeti we nobatdaky Halk maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmekde öňde durýan wezipelere bagyşlanyp Mary şäher häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda maslahat duşuşygy geçirilip, ol çuň many-mazmuna eýe boldy. Mary şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen bu maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de bilim, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda Türkmenistanyň halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem bu ýerde “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda giňden toýlanjak Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny zähmet üstünliklerine beslemek bilen baglanyşykly işler barada hem aýratyn nygtalyp geçildi. Maslahatda çykyş edenler Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde il-ýurt bähbitli meselelere garaljaklygy dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy beýik geljege sary ynamly ädimler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Dursun Ilbegiýewa








