Parahat, asuda durmuş dünýäniň halklarynyň hemişelik isleg-arzuwy. Çünki, bagtyýar, abadan durmuş gözbaşyny parahatçylykdan alýar. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty parahatçylyksöýüjiligi, ynanyşmagy we birek-birege hormat goýmagy ileri tutýan syýasatdygy bilen bütin dünýäde uly goldaw tapýar. Bu aýdýanymyza üstümizdäki ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly şygary hem güwä geçýär.
Bilşimiz ýaly, geçen ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Umumadamzat we sebit bähbitli ýörelgeleri nazarlaýan bu beýik başlangyçlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynda bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyryp, ählumumy howpsuzlygy berkitmekde möhüm orny eýeleýändigini äşgär edýär. Şeýle hem şol başlangyçlarda döwletleriň we halklaryň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Eziz NURMUHAMMEDOW.








