Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine itergi berýän pudaklaryň biri hem elektroenergetika pudagy bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda we ähli meýilleşdirilen çäreleri ýerine ýetirmekde toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň öňdebaryjy tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, innowasiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagy ýokary görkezijileriň gazanylmagyna ýardam edýär. Şeýle tutumly işleriň elektroenergetika pudagynda giň gerime eýe bolmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde uly ähmiýete eýe bolýar.
Energetika kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Ýokarda ýatlanan meseleleriň oňyn çözgüdi belli bir derejede institutymyzda bilim alýan, hünär öwrenýän talyplaryň hünär taýýarlyklaryna baglydyr. Munuň üçin ýokary okuw mekdebimizde ähli mümkinçilikler bar. Şu amatly şertlerden netijeli peýdalanýarys.
Çynar BÄŞIMOWA.








