Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde geçirilen bu duşuşyga Mary welaýat Halk Maslahatynyň agzalary, bilim işgärleri gatnaşdylar. Bu duşuşykda çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda her ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýändigini, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän Konstitusiýamyzyň mukaddesligi, beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgeleriniň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Ýokary işjeňlik derejesinde geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygy oňa gatnaşanlarda uly täsirleri galdyrdy. Bu täsirli duşuşyga gatnaşanlar ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde we onuň halkara abraýyny has-da ýokary götermekde alyp barýan rowaç işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








