,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Mary welaýatynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerem çuň many-mazmuna beslenýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda wagyz-nesihat çäresi geçirilip, oňa hususy kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmekde, hususy ulgamy ösdürmekde, türkmen telekeçilerini goldamakda döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Döwletimizde sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly we zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda amala aşyrylýan işler dogrusyda hem bu ýerdäki çykyşlarda aýratyn bellenildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler bu ýere ýygnan ýaş telekeçilere halal zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny öwran-öwran nygtadylar.
Merjen Çaryýarowa.








