“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, hem-de Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramaklarynda ,,Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy ” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa Polisiýa müdirliginiň wekilleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, şäher we etrap birleşmeleriniň, işjeň agzalary gatnaşdylar. Çuň many-mazmunly çykyşlara baý bolan bu wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, seri dumanlandyryjy maddalaryň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanşygyna garşy göreşmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, zyýanly, ýaramaz endikleriň garşysyna göreş alyp barmak dogrusynda derwaýys söhbetler edildi. Şeýlede bu ýerde çykyş edenler wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ýaramaz endiklerden daşda durup, halal zähmet çekip Watanymyzyň ösmegine öz mynasyp goşantlary goşmaklaryny ündediler hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maýa Annameredow








