Wagt ynsan üçin bahasyz gymmatlyklaryň biridir. Bir barjamly, il arasynda abraý-hormatdan ýüki ýetik, döwletli, dana kişiden ýaşynyň soňunda şeýle bagta berekede, derejelere ýetmeginiň syryny soranlarynda, ol şeýle jogap beripdir:
— Wagtyň gadyryny biliň! Men şunça ýaşymyň içinde, durmuş tejribämde wagtyň bagtdygyna göz ýetirdim. Şu bagta, derejelere wagtdan ýerlikli peýdalanyp, ony peýdaly işlere sarp edip, galyberse-de, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, kärime, hünärime halallyk bilen hyzmat edip ýetdim. “Bagtly bolmagyň açary wagtdan ýerlikli peýdalanmakdyr!” diýsem, megerem, hakykatdan daş düşmesem gerek. Şonuň üçin-de wagtyň gadyryny biliň!
Wagt bilen baglanyşykly peder pentleri, dana sözler, maglumatlar bilen tanşan her bir adam hem dana kişiniň aýdanlarynyň hakykatdan üzňe däldigine has-da oňat göz ýetirse gerek.
Wagtdan alanyň özüňki.
Wagt gitdi — nagt gitdi.
Wagt altyndan gymmatlydyr.
Wagtda jylaw bolmaz.
Wagt sarç bedewdir.
Wagtyň gymmatyny duýmaýan, gadyryny bilmeýän adam bagta-da, şan-şöhrata-da ýetip bilmez.
Wagt ýitirmek özüňi we ömrüňi ýitirmekdir.
Wagt öwezi dolunmagy, yzyna gaýtarylmagy, täzelenmegi, satyn alynmagy mümkin bolmadyk baýlykdyr.
Her bir täze minudyň üsti bilen biziň täze durmuşymyz başlanýar.
Wagt köne ýaralary bitirýär.
Hemme zadyň: gürrüňdeşligiňem, dynç almagyňam öz wagty bardyr.
Annamyrat BERDIMYRADOW.