Gadym döwürlerde Lukman Hekime şäherlileriň biri: «Hormatly Lukmanymyz, eger rugsat berseňiz, bir soragym bar!» diýen. Daşy nepislik bilen örtülip, arap hatlary bilen sünnälenip, haşamlanyp, ýazylan küti kitaby okap, pikir derýasyna çümüp oturan Lukman baş üstüne diýen manyda baş atypdyr.
Şäherli:
— Ölümiň öňüni almak mümkinmidir? — diýen.
— Bu sowala jogap bermek mümkindir — diýip, Lukman şuny aýdan:
— Ölümiň dermanyny näçe ýyllar gözlesem-de tapyp bilemok, ýöne ömri uzaltmagyň ýollaryny-ha öwrendim — diýýär.
Onda şäherli: «Maňa-da öwretsene» diýip, Lukmana ýalbarýar.
Lukman Hekim: «Bolýar, merhemetli kişi, öwredäýerin, ýörüň, ilki sizi öz ýetişdiren bagyma aýlaýyn» diýen. Olar bilelikde Lukman Hekimiň bagyna aýlanýarlar. Şonda Lukman Hekim eline çynar hem armyt nahalyny alyp, şäherlä:
— Şu çynar nahalyny ösdürip, ýagşy seredip, şahalaryndan özüňe jaý salarsyň, armyt nahalyny ýetişdiribem, şägirtlerim bilen birlikde miwe bilen hezzetlemäge çagyrarsyň, şeýdibem menden ömür dermanyny alarsyň — diýipdir.
Şäherli Lukman Hekimiň sargytlaryny berjaý etjek bolup, her gün açyk howada gam-gussasyz zähmet çekipdir, ýaşy bolsa ýüzi arkalapdyr.
Şeýdip Lukman Hekimden pany dünýäniň umytlarynyň myradyňa ýetirýändigini, agtyk, çowluk görmäge maý berýändigini öwrenipdir.
Taýýarlan
Kakajan GAÝYBOW.








