Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny hem agzybirlikde, ýokary ruhubelentlikde, päk arzuwlar bilen şatlykly garşylady. Eziz Watanymyzyň ýeten täze sepgitleriniň özboluşly dowamy bolan 2026-njy ýylyň şygary geljek üçin möhüm maksatlary özünde jemleýär. Dünýä belli ýüwrük ahalteke bedewleri ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze üstünliklerine tarap batly gadamlarynyň, halkymyzyň ýadawsyz zähmetiniň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygynyň ähli pudagynda durmuşa geçirilýän özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Her bir ýyly zähmet üstünliklerine besleýän türkmen daýhany öwgä mynasyp ösüşlere eýe bolup ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna öz goşandyny goşýar.
Ekin meýdanlarynda gyş paslynyň häzirki günlerinde şu ýylyň hasyly bolan ak ekiniň idegi guramaçylykly alnyp barylýar. Ak ekinler mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Bugdaýa mineral dökünleri bermek işlerinde oba hojalyk tehnikalary we ýörite iş gurallary doly güýjünde ulanylýar. Şeýle hem welaýatymyzyň şugundyr ýetişdirýän hasyl ussatlary 17900 gektar ýerde ýetişdirilen gant şugundyryny ýygnamak işlerini gyzgalaňly dowam etdirýärler.
Gowaçadan we beýleki ekinlerden boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek we ilatymyzy özümizde öndürilen ýeralma hem dürli görnüşli gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek üçin ýaz ekişine taýýarlyk işleri ýokary depginlerde dowam etdirilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny we abzallaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri talabalaýyk geçirilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we oba milli Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatymyzda üstümizdäki ýylda göz öňünde tutulan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz hakyndaky aladalary mähriban Watanymyzyň abadançylygyny, adamlaryň bagtyýar durmuşyny has-da ösdürmäge gönükdirilendir. Goý, halkynyň abadan, asuda ýaşaýşy üçin aladalanýan hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, adamzat bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Sähet HOJAGELDIÝEW.








