Jöwenli gürrüň
Ümür Esen bir gezek murgaply mirasgär hem-de bagban Kössek Aşyr bilen obamyza geldi. Kössek aga Murgapda jöwen ösdürip görmek üçin tohum idegläp gelen ekeni. Men olary jöwen ösdürip ýetişdirmekde baý tejribesi bolan ussat daýhanlaryň biriniň ýanyna eltdim. Olar bu ekini ösdürip ýetişdirmegiň usullary dogrusynda uzak gürleşdiler. Şonda daýhan ýaşuly jöweniň ekilişi dogrusynda gürrüň edip:
— Jöweni ekeniňde kadaly sepseň, gowy däne getirýär, gür sepseň, myrga jöwen bolýar — diýip aýtdy.
— Myrga diýdiňmi? — diýip, Ümür aga depderine bellik edip oturşyna aýtdy. Soňam maňa ýüzlenip:
— Siziň obaňyza gelip, ozal eşitmedik iki sany sözümi öwrendim — diýdi.
— Myrga-ha düşnükli welin beýleki eşiden sözüň haýsy? — diýip soradym.
—Mykrazdyr müçenek bilen sakal-murtuň timarlanylyşyna perdozlamak diýilýän ekeni — diýip, Ümür aga aýtdy.
Men ozal eşidip ýöremsoň, bu sözleriň ikisinem bilýärdim.Ýöne üns bermeýän ekenim.
Jöwen ekilende iki maksat bilen ekilýär. Däne almak maksady bilen ekilen jöwen seýrek bolup, onuň palajy ýogyn hem-de gaty gelýär. Eger ol mala ot toplamak maksady bilen ekilse, gür sepilýär. Şonda onuň palajy inçe hem-de ýumşak bolýar. Şeýle jöwene myrga jöwen ýa-da gowuş diýilýär, palajyna bolsa myrga ot diýilýär.
Indi perdozlamak sözi hakynda. Irkiräk döwürde ýaşuly adamlar mykraz (barmak ýaly kiçijik gaýçy) hem-de müçenek (sakaly, murty ütmek üçin ussalar tarapyndan ýörite ýasalýan gural) bilen sakal-murtlaryna timar beripdirler. Şoňa hem sakal-murty perdozlamak diýlerdi. Eşidip otursam, bu söz, aslynda, pars sözi bolup, onuň owadanlamak diýen manysy bar ekeni...
Ümür halypa şol gezekki saparynda başga-da köp maglumatlary toplady. Garadäli Gökleňiň ýurt ýerine, Zelili sapak beripdir diýilýän Gökleň medresesine aýlanyp gördi. Ýöne onuň şol öwrendim diýýän iki sany sözi aýratyn ýadymda galypdyr.
Taýýarlan
Şöhrat Abdyýew.








