Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkyny, watandaşlarymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ilatyň ýokary hilli agyz suwy bilen üpjünçiligi il-günümiziň saglygyny goramakda-da iňňän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem şu möhüm meseläniň bähbitli çözgüdine gönükdirilen işleriň gerimi ýylsaýyn giňäp, degerli işler geçirilýär.
Il-gün bähbitli şeýle işlere birleşigimizde amala aşyrylýan işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Suw arassalaýjy desgalaryň we suw geçirijileriň bökdençsiz işini gazanmak derwaýys wezipe bolup durýar. Bu babatda köp alada edilýär. Şonuň üçinem sarp edijileriň suwdan tygşytly peýdalanmaklary derwaýysdyr. Sebäbi, ähli zatda bolşy ýaly, suwy tygşytly sarp etmegem bolçulygyň kepilidir. Barlaghanamyzyň işgärlerem sarp edijilere berilýän suwuň hiliniň bellenilen talaba laýyklygyny üpjün etmekde ähli tagallalary edýärler. Bu ýerde döredilen mümkinçilikler bolsa, meseläniň oňyn çözgüdine ýardam edýär.
Bolçulygyň özümize baglydygyndan ugur alyp, köp harajaty talap edýän arassa agyz suwundan rejeli peýdalanmak her birimiziň borjumyza öwrülmelidir. Bu ýörelge suw damjasyny altyn dänesine deňän dana ata-babalarymyzyň ýörelgesidir.
Rejepmyrat HOJAMYRADOW.








