Geçmişde ata-babalarymyzyň suwuň her bir damjasyny altyn dänesine deňändikleri tötänden däldir. Çünki, ýurdumyzyň gurak we yssy howa şertleri suwdan tygşytly peýdalanmagyň zerurlygyny öňe çykarýar. Bu mesele arassa agyz suwy bilen üpjünçilikde bolşy ýaly, ekerançylykda-da suw serişdelerini rejeli peýdalanmak wajyp wezipe bolup durýar. Ýaz-meýdan işleriniň has-da işjeňleşmegi, howanyň gyzmagy bilen gürrüňi edilýän meseläniň ähmiýeti ýokarlanýar.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda önümçilik dolanyşygymyzyň işgärleri etrabymyzyň çägindäki ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini ýola goýmakda yzygiderli aladalanýarlar. Şunda suw serişdelerinden netijeli peýdalanylmagyna uly üns berýäris. Şeýle hem ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak bilen bagly meseleleriň çözgüdini hem üns merkezinde saklaýarys. Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Dolanyşygymyzyň işgärleriniň şu yhlas-tagallalary bolsa, oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasylyň alynmagyna ýardam edýär.
Enara HOMMAÝEWA.








