Tüýdükçi ýigit (Rowaýat)
weather mary 34° C Mary
weather mary 34° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Tüýdükçi ýigit (Rowaýat)

37 13.06.2025

Gadym döwürlerde bir ýaş ýigit ýaşapdyr. Ata-enesi oňa ýaşlykdan tüýdük çalmagy öwredipdir. Oba adamlary: “Mundanam kär bolarmy, ussaçylyk öwrenen bolsa, has gowy bolmazmydy” diýip, geň görüpdirler.

Ýaş ýigit obanyň geçilerini bakýar eken. Bir gün ol geçilerini bakyp ýörkä, irkilipdir, düýşünde owadan köşk görüpdir. Köşgüň ortasynda görmegeý gyz otyr diýýär. Ýaş ýigit tisginip oýanýar, görse düýşi. Ol tukat bolup sürüsini alyp öýlerine gaýdýar. Ata-enesi onuň tukatlygyny görüp: 

— Oglum, näme boldy? — diýip sorapdyrlar. Oglan düýşüni gürrüň berýär we ata-enesine şol köşgüň gözlegine gitjekdigini aýdýar. Ata-enesi:

— Ýeri, gitseň sag gidip, aman gel, oglum! — diýşip, ak pata berýärler.

Ýaş ýigit kerwene goşulyp, uzak ýola rowana bolýar. Bular az ýöräp, köp ýöräp barýarkalar çölüň içinde ýigidiň owadan köşge gözi düşýär. Ol kerwenbaşydan rugsat sorap, kerwenden galýar. Çünki, bu köşk düýşünde gören köşgüdi. Ýigit köşge tarap ugraýar. Ol köşge girýär, hakykatdan-da, köşgüň ortasynda owadan gyz iki sany kenizi bilen otyr ekeni. Ýigit olaryň ýanlaryna baryp, salam berýär. Emma şa gyzyndan ses çykmaýar. Kenizleriniň biri gyzyň gepläp bilmeýändigini, Kap dagynyň depesinde ösýän bir gülüň dänesini gaýnadyp içirseň geplejekdigini aýdýar. Ýaş ýigit ony alyp gelmäge gitjekdigini aýdanda kenizleriň biri: 

— Wah, ol iş kyndyr, ol güli bir aždarha gorap saklaýar. Senden ozalam ony getirmäge synanyşyp janyny gurban eden ýigitler köp, gury gideniň bolar — diýýär. Ýigit şonda-da özüniň synanyşyp görjekdigini aýdyp, ýola düşýär.

Ýigit diýilýän ýere barýar, görse äpet aždarha güli goraglap ýatyr ekeni. Ýigit ilki näme etjegini bilmän durýar. Birdenem, tüýdügi ýadyna düşüp, ony eline alýar-da şirin sazlardan çalyp başlaýar. Ýigidiň sazyna aždarha maýyl bolup, ýanyna gelýär. Aždarha:

— Eý, ýaş ýigit, sen tüýdügi juda ökde çalýar ekeniň. Men henize çenli şeýle mylaýym owazly heň diňlemändim — diýip, ýigidi magtapdyr. Onsoň ol ýigitden näme üçin gelendigini soraýar. Ýigit başyndan geçirenlerini gürrüň berýär. Aždarha:

— Eger, meniň ogluma-da, saz çalmagy öwretseň, şol güli bererin — diýýär. Ýigit razy bolýar we aždarhanyň ogluna saz çalmagy öwredýär, aždarha ýigide dermanlyk ösümligi, ýany bilenem heniz görülmedik altyn-kümüş berýär. 

Ýigit aždarha bilen hoşlaşyp yzyna, şa gyzynyň ýanyna gelýär, dermanlyk ösümligiň dänelerini gaýnadyp gyza içirýär. Şa gyzy uka gidýär. Ukudan oýananyndan soňra, ol gepläp başlaýar. Muňa köşkdäkiler, diýseň, begenýärler. Dermanlyk ota üzärlik diýip at goýýarlar. 

Şa gyzynyň kakasynyň bolsa, öň söz edenem bolsa, gyzyny pukara ýigide beresi gelmeýär. “Ýigide salgyt salsam güýji ýetmän yzyna gider” diýip, öz ýanyndan pikir edýär. Onsoň nökerlerine ýigidi getirmegi buýurýar. Nökerler ýigidi şanyň huzuryna getirýärler. Şa: 

— Eý, ýigit, sen maňa uly ýagşylyk etdiň, ýöne şonda-da gyzymyň süýt hakyny bermeli bolarsyň — diýýär.

— Bolýar, şahym! Näme getir diýseňiz getirip bererin. 

— Sen gyzyma süýt haky hökmünde pylança altyndyr kümüş getirseň bolýar — diýýär. Içindenem: “Oglanjyk, ümsüm öýüňe gidersiň” diýip gülümsiräp seredýär.

Ýigit şanyň ýanyndan gaýdyp, hälki aždarhanyň altyn-kümüşlerinden geregini alyp, ýene-de köşge dolanýar-da:

— Ine, şahym, siziň diýen zatlaryňyz — diýen.

Şa gyzyny ýigide bialaç bermeli bolýar.

Ýigit şa gyzyny alyp yzyna — ata-enesiniň ýanyna dolanyp gelýär. Ata-enesi muňa örän şat bolup, uludan toý tutup, ulus-il bilen şatlyklaryny paýlaşýarlar. 

Taýýarlan 

Şatlyk JEPBAROW.

6
6 30.07.2025
Gelmediň (Aýdym)

Bägül ekdim, gunça açdy, Gül ýolmaga gelmediň. Baglarymda iýmiş bişdi, Näzli ýarym, bilmediň. Läläm, seni altyn Aýyň, Ýalkymyndan gözleýän. Joşly derýaň şelpe kakýan, Tolkunyndan gözleýän. Däli köňlüň aýdymyna, Diň salmaga gelmediň. Aýnaňyzdan ogryn bakdym, Birje nazar salmadyň. Baýra çykdym, dünýä bakdym, Köňlüm karar tapmady. Näzli ýarym, kän garaşdym, Mende köňlüň ýokmudy?! Nury BAÝRAMOW. Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

7
7 30.07.2025
Çaga — eziz, edebi  ondanam  eziz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ilerlemeginiň esasy sütünleriniň biri bolan bilim ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak, ýaşlara dünýä derejesinde bilim we terbiýe bermek her bir terbiýeçiniň, mugallymyň esasy borjudyr. Çünki, ajap eýýamymyzyň ertirki gününiň abadan bolmagynyň aladasy şu günden başlanýar. Bu derwaýys alada ajaýyp döwrümiziň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr.  Ýaş nesli sazlaşykly ösen ruhda ýetişdirmegiň esasy ugurlarynyň biri zähmet terbiýesidir. Zähmet terbiýesi, agzybir, asuda hem jebis türkmen halkynyň röwşen geljegi üçin ukyply, ruhubelent hem sagdyn, gaýratly hem başarjaň şahslary kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Ata Watanyň,          il-günüň bähbidi, ýaşaýyş-durmuşyň eşreti, her bir ynsanyň bol-telki ýaşamagy üçin işe ukyply bolmagyň zerurdygy baradaky düşünjeleri ýaşlaryň aňyna guýmak, şeýle ýörelgeleri ýaşlaryň islegine hem endigine öwürmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Terbiýeçilik işiniň bu ugry öz gözbaşyny maşgala ojagyndan alyp gaýdýar. Ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmekde esasy orun maşgala degişlidir. Çaganyň ilkinji mekdebi maşgala, ilkinji terbiýeçisi hem          ata-enedir. Çaganyň akylly-başly, ýokary ahlakly, sagdyn, gözellik dünýäsine düşünýän, zähmete ukyply adam bolup ýetişmeginde maşgalanyň orny biçak uludyr. Diýmek, maşgalada çaga terbiýesi möhüm bolup, esasy jogapkärçilik ene-atanyň egnine düşýär. Ogul perzent atadan görelde alsa, gyz çaga eneden görelde alýar. Bu barada ata-babalarymyzdan galan nakylda şeýle diýilýär: “Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar. Eneden nesihat alan gyz keýwany bolar”. Gyz çaga terbiýe bermek, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlary, edep kadalaryny, öý işlerini, el işlerini öwretmek her bir enäniň mukaddes borjudyr.  Perzendi akylly-başly terbiýelemek ata-enäniň baş maksady bolup durýar. Bu bolsa ata-eneleriň üstüne uly borçlary, şol sanda çagalarda zähmete söýgini terbiýelemek wezipesini hem ýükleýär. Maşgalada berilýän zähmet terbiýesiniň görnüşleri dürli-dürlüdir. Öz-özüňe hyzmat ediş, öý-hojalyk, öndürijilikli zähmet... bularyň hemmesi maşgalada amala aşyrylýan zähmet terbiýesiniň esasy görnüşleridir. Şu ýerde, ata-babalarymyzyň aýdyp geçen ýene bir nakylyny ýatlamakçy: “Gyz öýüň torbasy, ene onuň urbasy”. Ata-enä, ýaşuly adamlara hyzmat etmek, kiçiler hakda aladalanmak,    biş-düş arassaçylyk işlerine gatnaşmak, ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik ýaly pişeler bilen meşgullanmak maşgalada durmuşa geçirilýän zähmet terbiýesiniň süňňüne ornaşyp gitdi. Çagalaryna iň irki ýaşdan başlap zähmet endiklerini öwredýän ata-eneler hakykatdan-da mukaddes iş edýärler. Döwrümiziň ösen talaplaryna laýyklykda ýurdumyzyň geljegi bolan her bir çaganyň maşgalada ata-ene tarapyndan dogry we doly terbiýelenilmegi üçin düýpli alada etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Mekdep, mugallymlar bolsa, şol terbiýäniň dowamydyr. Gahryman Arkadagymyzyň,   Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! Aýgözel TÄŞLIÝEWA.

16
16 30.07.2025
Mähir-yhlasdan dörän  sungat

Türkmen halky gelin-gyzlara uly sarpa goýup, olaryň egin-eşikleriniň, bezeg şaý-sepleriniň aýratynlygyna üns beripdir. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden başlap, gymmatbaha daşlardan, altyn-kümüşlerden ýasalan şaý-sepler bilen öz käbelerini, uýalaryny, gelin-gyzlaryny bezäpdirler. Biri-birinden ajaýyp kümüş şaý-sepler, köz ýaly lowurdap duran gyrmyzy keteni köýnekler, keşdelenip gaýalan kürtedir çabytlar, nepis tahýalar gelin-gyzlaryň gözelligine gözellik goşup, olary edepli we owadan görkezipdir. Ine, şeýle gözellige bolsa milli geýinmek medeniýeti diýilýär.  Milli geýinmek medeniýeti, aslynda, aňyrdan gelýän däp-dessur hökmünde häzirki döwrümizde-de giňden ýaýrap, dowam edip gelýär. Millilik — bu türkmeniň ganyna siňen iň uly miras. Türkmen gelin-gyzlaryny bezeýän milli lybaslarymyzyň gözelligi diňe bir halkymyzda däl, eýsem, dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma döredýär. Iň esasy bellemeli zadymyz bolsa, şol milli   egin-eşiklerimiz biziň gyz-gelinlerimiziň on barmagyndan kemala gelendir. Hut şonuň üçin hem milli geýinmek medeniýeti türkmen zenanlarynyň mähir-yhlasyndan dörän ajaýyp sungatdyr.  Gunça GAÝYPOWA. 

12
12 30.07.2025
Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr

Döwlet Baştutanymyz ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek bilen bagly meseläni hemişe üns merkezinde saklap, bu wajyp meseläniň çözgüdine gönükdirilen wezipeleri öňde goýýar. Şu wezipeleriň durmuşa geçirilmegi zerur harajatlary we ýadawsyz aladalary talap edýär. Sebäbi, arassa agyz suwy bellenilen kada laýyk getirilip, sarp edijilere ýetirilýänçä köp çykdajy edilip, irginsiz zähmet çekilýär. Bu ýagdaýy nygtamak bilen, biz arassa agyz suwundan tygşytly peýdalanmagy nygtamakçy bolýarys. Müdirligimiziň zähmetsöýer adamlary welaýat merkezimiziň ilatyny we edara-kärhanalaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Bu wezipäniň jogapkärçiligi hemişe ýokary bolmagynda galýar. Sebäbi, suw gündelik sarp edilip, bu babatda bökdençlik kanuny nägileligi öňe çykarýar. Şonuň üçinem müdirligimiziň işçileri suw arassalaýjy desgalaryň, olardaky enjamlaryň we suw geçirijileriň üznüksiz işlemegini gazanmakda ýadawsyz aladalanýarlar. Şol bir wagtda biz sarp edijilere arassa agyz suwundan tygşytly peýdalanmaklaryny düşündirmeklige-de uly üns berýäris. Çary ABDYRAHMANOW.

14
14 30.07.2025
Daýhan yhlasy

Mary etrabynyň  «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň kärendeçileri her ýyly oňat görkezijiler bilen jemleýärler. Olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylyny zähmet üstünlikleri bilen jemlemek ugrunda  yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halal zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, bugdaýdyr gowaçanyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök ekinleriň bereketli hasylyny öndürmäge çalyşýarlar. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, çekýän zähmetiniň rehnetini hem görýärler, olar bagtyň zähmetdedigine örän oňat düşünýärler. Ýeňişliler hemişe özlerine ýeňşiň ýar bolmagy ugrunda yzygiderli aladalanýarlar. Hojalygyň agzybir pagtaçy kärendeçileri 1770 gektar ýerde gowaçanyň idegini ýetirmek bilen meşgul bolýarlar. Olar möwsümleýin işleri agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirmek bilen gowaçadan bereketli hasyl almaga çalyşýarlar. Daýhan birleşiginde kärendeçiler Täçmyrat Durdybabaýew, Maýagözel Patdykowa, Jeren Allaşowa tapawutlanyp zähmet çekmek bilen kärdeşlerine görelde bolýarlar. Kärendeçiler daýhan birleşiginiň başlygy Myrat Allaşowyň, pagta agronomy Muhammetserdar Annagurbanowyň we beýleki oba hojalyk hünärmenleriniň gerekli maslahatlaryny, degerli kömeklerini berýändiklerini gürrüň berýärler. Häzirki wagtda mehanizatorlar Ilaman Patdykow, Gurtmyrat Gurdow hatarara bejergi, iýmitlendiriş işlerini geçirmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Rysgyny ene toprakdan gözleýän daýhanyň bol hasyl almak üçin siňdirýän yhlasyny synlanyňda olaryň zähmetiniň ýerine düşjekdigine ynanýarsyň.  Nesip bolsa, daýhan zähmeti bilen günsaýyn boý alýan gowaçalar bereketli hasyl toplap, daýhan buýsanjyna öwrüler.  Durdynabat BAÝRAMOWA.

12
12 30.07.2025
Şanly ýylyň möhüm wakasy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu waka mynasybetli Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymlary özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösüş-özgerişli menzilleri rowaç alýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrýan döwletimiziň halkara at-abraýy hem täze belentliklere çykýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasatynyň netijesidir. Türkmenistan BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar. Muňa Türkmenistanymyzyň halkara maslahatlarynyň, forumlarynyň geçirilýän  ýurduna öwrülendigem şaýatlyk edýär.  Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama kabul edildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 4—8-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu maslahat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy bolar. Gahryman Arkadagymyzyň  gürrüňi edilýän halkara maslahatyna  taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatda eden çykyşynda  belleýşy ýaly, dünýäniň döwletleriniň 32-siniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda bu halkara forumynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzda geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Watanymyzyň halkara abraýynyň has belent derejelere çykmagyna ýardam edýändigini görkezýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu maslahatyň maksady Milletler Bileleşigine agza Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny kämilleşdirmek, sebitara we yklymara söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, şeýle hem şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyna ýardam bermek bolup durýar.  Merdan ORAZMEREDOW.

16
16 29.07.2025
“Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynda

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän, bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri hut öz ýurdumyzda öndürip, şonuň hasabyna içki bazarda haryt bolçulygyny döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça öňde goýýan gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmeklige ýurdumyzyň kiçi hem orta telekeçilik ulgamynyň işjeň telekeçileri öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynyň telekeçilerem ykdysady bähbitli şu asylly maksada işjeň goşulyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda täzeçe gözlegler bilen döredijilikli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçiligi goldamak, ösdürmek baradaky öňdengörüjilikli syýasaty esasynda “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasy döwletimiz tarapyndan berilýän uzak möhletleýin, ýeňillikli bank karz serişdeleriň hasabyna gurlan döwrebap önümçilik binasynyň dünýäniň aýakgap önümçiligindäki iň kämil tehnologiýaly tikin maşynlary hem-de beýleki enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny aýtmak gerek. Kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň hemmesi dünýäniň ösen döwletleri bolan Italiýa, Germaniýa döwletlerinde iň täze öndürilen, ýokary tehnologiýaly önümlerdir. Şol enjamlar kärhanada öndürilýän aýakgaplaryň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmaga, önümiň hilini düýpli gowulandyrmaga ýardam berdi. Bu ýerde häzir ýaşlaryň iki ýüzden köprägi zähmet çekýär. Kärhanada zähmet çekýän hünärmenleriňdir işçileriň täze enjamlary dolandyrmagy ussatlyk bilen ele almaklary önümçiligi täzeçe gurnamaga şert döretdi. Şonuň netijesinde indi kärhanada öndürilýän aýakgaplaryň önümçiliginiň möçberi ozalkydan üç esse artdy. “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynda aýakgap önümçiligi üçin gerekli çig malyň ekologiýa taýdan arassa we beýleki tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ýokary hilli gönüň öz paýdary bolan “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilmegi alyjylara hödürlenilýän aýakgaplaryň bahalarynyň daşary döwletlerden getirilýän aýakgaplardan arzan bolmagyny şertlendirýär. “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynda ýokary hilli, arassa gönden tikilýän, geýmek üçin rahat, ýakymly, bäsleşige ukyply aýakgaplara bu gün diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary bazarda-da  barha köp isleg bildirilýär. Kärhananyň telekeçileriniň öndürýän önümleri häzir Russiýa Federasiýasynyň şäherlerine, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan Respublikalaryna eksport edilýär. Bu telekeçilik kärhanasynyň öndürýän aýakgaplary onuň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezlerinde hem-de beýleki şäherlerindedir etraplarda açylan ýöriteleşdirilen dükanlary arkaly alyjylara ýetirilýär. Kärhananyň işgärleri kiçi hem orta telekeçilik ulgamynda önüm öndürmäge döredilýän giň şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

17
17 29.07.2025
Pagta meýdanynda

Obasenagat toplumyny ösdürmek, ony ykdysadyýetiň iň bir düşewüntli pudagyna öwürmek şu günüň möhüm talaplarynyň biri. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu pudaga aýratyn üns berlip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň oba hojalyk pudagynda möhüm möwsümleriň biri bolan pagta ýygymy golaýlaýar. Şundan ugur alnyp, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň edermen, zähmetsöýer kärendeçileri hem öz ekerançylyk ýerlerinde göwnejaý işleri alyp barýarlar. Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak altynyň bol hasylyny ýetişdirip, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi maksat edinýärler. Gowaça meýdanlarynda agrotehnika çärelerini dogry we düzgün geçirmekde, arassaçylyk we abadançylyk işlerini döwrüň talabyna laýyk alyp barmakda, hatararalaryny ýumşadyp, goşmaça iýmitlendirmek işlerini uly ussatlyk bilen ýerine ýetirýän kärendeçilere Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Garagum etrap komitetiniň ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy olary has-da yhlasly we tutanýerli işlemeklerine ruhlandyrýar.

14
14 29.07.2025
Bag – tebigatyň baky gözelligi

Bag – tebigatyň baky gözelligi. Ähli döwürlerde hem bagy-bossanlyga, dürli görnüşli baglary, owadan gülleri ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilendigini taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär.  Bu gün eziz Watanymyz owadan bagy-bossanlygy, hoştap ysly güllere baýlygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz diňe bir şäherlerimizi we olaryň daş-töweregini däl, eýsem adamlaryň mydama gelim-gidimli ýerlerini hem gür baglyga öwürmegiň zerurdygyny nygtaýar. Röwşen geljege tarap ynamly öňe barýan eziz ýurdumyzda , obalarda şäherlerde bezeg üçin ulanylýan pürli agaçlary, miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasatyndan ugur alnyp, welaýatlarda, şäherdir etraplarda, hususy hojalyklarda ýetişdirilýän miweli we saýaly baglaryň, bezeg agaçlarynyň, üzümçiligiň meýdanlary giňeldilýär. Halkymyzyň süýji durmuşy bilen sazlaşýan datly ir-iýmişlere, jana tenekar miwelere, behişdi nygmatlara türkmen topragynyň sahawaty hiç haçan egsilenok. Bu günki günde edermen babadaýhanlaryň, kärendeçileriň, bagbanlaryň irginsiz zähmeti, yhlasy bilen ir-iýmişleriň, miweleriň, gök-bakja ekinleriň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Miweli baglara aýratyn ideg edilip, ak bazarlarymyzda ýylyň islendik pasylynda miwe bolçulygyny, azyk bolçulygyny döretmekde bagbanlar, babadaýhanlar joşgunly zähmet çekýärler. Eziz Diýarymyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýerden bereket tapýan Garagum etrabynyň zähmetsöýer bagbanlary baglaryň bol hasyl getirmegi üçin agrotehniki çäreleri yzygiderli geçirýärler, baglara gow ideg edip, zyýankeşlere garşy göreşip, önjeýli zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň zähmetsöýer bagbanlaryna döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ýadawsyz zähmet çekýän öz işlerini döwrüň talabyna laýyk  guraýan Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy, tejribeli bagban, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Garagum etrap komitetiniň işjeň agzasy Merdan Hojajykow hem öz maşgala agzalary bilen baglardan miweleriň bol hasylyny ýetişdirmekde alyp barýan işleri  hasda guwandyryjy. Zähmetsöýer bagban  öz maşgala agzalary bilen  miweleriň bol hasylyny ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çekip, ak bazarlarymyzda bereket bolçulygyny döretmekde öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Zähmetsöýer pederlerimiziň “Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň” ýa bolmasa “Zähmetiň soňy rehnet” diýen parasatly sözünde görnüşi ýaly ýaly hatara uzap gidýän ýaşyl öwsüp oturan baglary, olaryň bereketli bol hasylyny synlanyňda bagbanyň we maşgala agzalarynyň  çeken zähmetiniň ýerine düşendigini görmek bolýar. Bu bagçylyk meýdana bagbanyň çekýän yhlasly zähmeti bilen ýakyndan tanyş bolmana we tejribe alyşmaga Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Garagum etrap komitetiniň hünärmenleri we işjeň agzalary yzygiderli gelýärler. Miweli baglary ýetişdirmekde, bereketli bol hasylyny ýygnamakda we agrotehniki çärelerini dogry we düzgün geçirmekde edilýän işleri ýakyndan gyzyklanyp bagbanyň degerli maslahatlaryny diňleýärler, tejribe alyşýarlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglaýarlar.  

12
12 30.07.2025
Şanly ýylyň möhüm wakasy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu waka mynasybetli Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymlary özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösüş-özgerişli menzilleri rowaç alýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrýan döwletimiziň halkara at-abraýy hem täze belentliklere çykýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasatynyň netijesidir. Türkmenistan BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar. Muňa Türkmenistanymyzyň halkara maslahatlarynyň, forumlarynyň geçirilýän  ýurduna öwrülendigem şaýatlyk edýär.  Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama kabul edildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 4—8-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu maslahat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy bolar. Gahryman Arkadagymyzyň  gürrüňi edilýän halkara maslahatyna  taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatda eden çykyşynda  belleýşy ýaly, dünýäniň döwletleriniň 32-siniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda bu halkara forumynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzda geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Watanymyzyň halkara abraýynyň has belent derejelere çykmagyna ýardam edýändigini görkezýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu maslahatyň maksady Milletler Bileleşigine agza Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny kämilleşdirmek, sebitara we yklymara söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, şeýle hem şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyna ýardam bermek bolup durýar.  Merdan ORAZMEREDOW.

41
41 28.07.2025
TÜRKMENISTAN - DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň, şäher halk maslahatynyň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy «Ata Watan dost-doganlyk mekany» diýlip atlandyryldy. 2025-nji ýylyň 4 – 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän belent işleri ýaşlar köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk Mary şäher Iç keselleri hassahanasynda boldy. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri, şäher halk maslahatynyň agzalary, welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçylary, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň işgärleri, şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň ykdysatçysy Wepa Hojaýew, welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor Enebaý Italmazowa, şäheriň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Maral Gulowa hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljekdigi we onuň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ençeme işleriň alnyp barylýandygy hakynda gürrüň etdiler.  Şeýle-de, Watanymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüş-özgerişler dogrusynda buýsançly nygtadylar.                                                              Resul BAÝRAMOW

38
38 28.07.2025
Parahatçylyk ýoly adamzadyň gymmatlygydyr

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk ýoly adamzadyň häzirki we geljekki nesilleri üçin ählumumy gymmatlykdyr” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew açdy we alyp bardy. Onda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Daşary ýurt bölümi bolan Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň agzasy Şirmuhammet Ýeňiş, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, TDEI-niň mugallymy Merdan Orazmeredow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Mähri Seýtiýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hünärmeni Şirin Seýidowa çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellediler. Şeýle hem ýurdumyz boýunça şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýola goýulýan işler dogrusynda durup geçdiler. Şol sanda maslahatda üstümizdäki ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi barada nygtadylar. Dabaraly  maslahatyň dowamynda  aýdym-sazly çykyşlara-da  giň orun  berildi. Ýaňlanan ajaýyp owazlar  oňa  gatnaşyjylara  ruhy lezzet  paýlady. Amandurdy ŞADYÝEW.

17
17 28.07.2025
Diýar Bitaraplyk toýuna barýar

Golaýda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Diýar Bitaraplyk toýuna barýar” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, etrabyň ýaşaýjysy Jumamyrat Muhammedow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Muhammetnazar Täşliýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilendigi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi barada buýsançly gürrüň etdiler.  Sülgün AKMYRADOWA.

47
47 28.07.2025
Halkara maslahatyna bagyşlanyldy

Şu günler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu möhüm waka mynasybetli duşuşyklar we maslahatlar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Golaýda TSTP-niň welaýat komitetiniň mejlisler zalynda “Awaza forumy: Watanymyzyň parahatçylyk taglymaty” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşygy TSTP-niň welaýat komiteti gurap, oňa komitetiň işgärleri, işjeň agzalary we telekeçiler gatnaşdylar. Maslahatda TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, “Ak çeşme” haryt nyşanly önümçilik kärhanasynyň hünärmeni Myrat Möwliýew, telekeçi Maýsa Anzarowa çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler. Baýram AMANOW.

36
36 24.07.2025
Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna

Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri mynasybetli TMÝG-niň Baýramaly etrap, şäher hem-de Garagum etrap geňeşleriniň bilelikde guramagynda Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.  Maslahatda TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň başlygy Hojamyrat Akmyradow, Garagum etrap geňeşiniň başlygy Sülgün Agajanowa, Baýramaly şäher geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Aýsona Gelmyradowa çykyş etdiler. Çykyşlarda 2025-nji ýylyň bütin dünýäde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigi barada durlup geçildi. Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmeginiň bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary ähmiýetli taryhy wakasy bolandygy barada guwançly gürrüň edildi. Giň mazmuna beslenen maslahat medeniýet işgärleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza adamzadyň parahat ýaşaýşy üçin edýän taýsyz tagallalaryna alkyşlaryny we hoşallyklaryny beýan edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýazmyrat ANNAGURBANOW.

33
33 24.07.2025
Ykdysady ösüşiň kepili

Ýakynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahat hormatly Prezidentimiziň awgust aýynyň 4 —  8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekmegi mynasybetli geçirildi. Maslahata ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, bilim ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar.  Maslahatda TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Zylyha Bakyýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Akgözel Serdarowa çykyş etdiler. Çykyş edenler bu halkara forumynyň geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygy, ýurtlaryň arasyndaky dostlukly we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da rowaçlanmagyna ýardam etjekdigi dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.  Sülgün ATAÝEWA.

34
34 24.07.2025
Taryhy waka bagyşlanylan maslahat

Ýakynda Türkmengala etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda awgust aýynyň 4 — 8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata etrap halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Maslahatda TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Myratly Amannaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Jemal Hezretowa, etrapdaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy Sona Gurdowa çykyş etdiler. Çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýetlidigi, bu halkara forumynyň geçirilmeginiň     ýurtlaryň ykdysady, ulag we logistika ugurlarynyň ösmegine täsir etjekdigi hakynda täsirli gürrüň etdiler.  Myrat ÇARYÝEW.

67
67 23.07.2025
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ýardam eder

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty barha dabaralanýar. BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik  Bitaraplyk derejesine eýe bolanymyza  30 ýyl dolýan ýylymyzda bagtyýar halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp, şanly senä ruhubelentlikde taýýarlyk görýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem bellenilişi ýaly, içerki önümleriň öndürilişiniň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy.  Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar baradaky maglumatlara ýüzlenenimizde, soňky ýyllarda olaryň ählumumy ykdysady ösüşdäki ornunyň artýandygyny görmek bolýar. Şeýle döwletleriň sany dünýäde 30-dan gowrakdyr. Olar ähli yklymlarda ýerleşýär. Bu döwletleriň arasynda ýangyç-energiýa serişdelerini, gazylyp alynýan magdanlary, oba hojalyk önümlerini we köp dürli taýýar önümleri daşarky bazarlara çykarmaga uly mümkinçiligi bolan ýurtlar hem bar.  Häzirki wagtda hormatly  Prezidentimiz daşary syýasatda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen parahatçylyksöýüji, birek-birege ynanyşmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny üstünlikli alyp barýar. Munuň aýdyň mysalyna bolsa, ýurdumyzda geçirilýän iri halkara maslahatlar we forumlar şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde  “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Kararnama laýyklykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi. Munuň özi Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.  Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna iş saparyny amala aşyryp, bu möhüm maslahata görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Şeýle hem bu halkara maslahaty geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň maslahatyny geçirdi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz halkara maslahaty ýokary derejede geçirmegi üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigi barada özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi.  Kakageldi GURBANOW.

562
562 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

482
482 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

699
699 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

551
551 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

539
539 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

647
647 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

453
453 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

480
480 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.