Türkmen ili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ýeňişlere beslemek bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan syýasy özgertmeler ykdysady ösüş-özgerişler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gadymy däpler Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wajyp wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz mejlisde eden çykyşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini wagyz etmek, halkara guramalarynyň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly işleri alyp barýandygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň taryhy ähmiýetine ünsi çekip, halkara derejesinde uludan tutuljak şanly sene bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakasy boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda wajyp waka bolup, onda öňde durýan taryhy wakalar bilen bagly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda, ilki bilen, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýramyna taýýarlyk görülýändigini belledi. Bu senäniň taryhy ähmiýetini, onuň il-günümizi belent maksatlara galkyndyrýandygyny nygtady. Şeýle hem mejlisde Milli Liderimiz baýramçylyk günleriniň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly guramaçylyk meseleleriniň üstünde durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşli menzilleri, bolup geçen syýasy wakalar barada aýdyp, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi. Şeýle hem mejlisde degişli Kararlar kabul edildi. Şu wezipeleriň oňyn çözgüdi bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu taryhy waka taýýarlyk bilen bagly tagallalar işjeň häsiýete eýe bolýar.
Toýlary toýlara ulaşýan türkmen ili uly toýuna barýar. Möhüm taryhy wakanyň yz ýanynda toýy uludan tutuljak Beýik Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygy halkymyzy belent sepgitlere ruhlandyrýar.
“Maru — şahu jahan”.