Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Türkmenistan döwletimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüş-özgerişli ýol bilen ynamly öňe barýar. Garaşsyz, Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde gazanylýan üstünlikler raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýokary ruhubelentlikde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy boldy. Şeýle wakanyň gözli şaýady bolmak bolsa, bagtyýarlykdan nyşandyr. Ählihalk forumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden taryhy çykyşlary mejlise gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitleriň üstünde jikme-jik durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň dürli ugurlarda iş alyp barmak bilen, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklaryny belläp geçdi. Şeýle hem bäsleşige ukyply, eksporta niýetlenen ýokary tehnologik önümleri öndürýän önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekde türkmen telekeçilerine uly ornuň degişlidigini nygtady. Aýratynam, ýurt Baştutanymyzyň geljekde-de kiçi, orta we iri telekeçiligiň ösdürilmeginiň dowam etdiriljekdigini belläp geçmegi telekeçilerimizi uly üstünliklere, has netijeli işlere ruhlandyrdy.
Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň hususyýetçileriniň il-gün bähbitli tutumly işlerine berlen ýokary bahadyr. Şol bir wagtda bu ýokary baha telekeçilerimize bildirilýän uly ynam bolup durýar. Şeýle ynamdan ugur alýan telekeçiler ilatyň islegli harytlaryny we önümlerini öndürmekde, hyzmatlary we işleri edip bermekde uly işleri bitirýärler. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, iri möçberli gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmekde, oba hojalyk önümlerini öndürmekde welaýatymyzyň telekeçilerem ýokary netijeleri gazanýarlar. Şeýle ýeňişli menziller bolsa, döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, mähriban Watanymyzyň ösüşine saldamly goşant bolýar.
Häzirki wagtda umumymilli forumda kabul edilen kararlary, çözgütleri telekeçilerimize düşündirmekde partiýamyzyň welaýat komiteti tarapyndan wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Olaryň maksady bolsa, telekeçilerimizi öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge jemlemekden ybaratdyr. Şu maksada eýermek bilen welaýat komitetimizde ýokarda agzalan mesele bilen bagly ýörite meýilnama düzülip, welaýatymyzyň telekeçileriniň arasynda degerli işleri geçirýäris. Şol çärelerde biz telekeçilerimiziň ünsüni hormatly Prezidentimiziň hususyýetçiligi ösdürmeklige uly üns berip, bu babatda tutumly işlere badalga berýändigini nygtaýarys. Şanly wakalary bilen şöhratlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýeňişli sepgitleri has-da abadan ertirimize tarap ynamly gadamlarymyza kuwwatly itergi berýär.
Täzegül JUMADURDYÝEWA.